Maslahatda prezident ýurtda bu pudaklarda soňky ýyllarda gazanylan tejribeleri, ýaşlaryň ylymly-bilimli, hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin ulanmagy tabşyrdy. Şeýle-de prezident her bir okuwçynyň hökman üç dili bilmelidigini, hökmany suratda sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşi bilen meşgullanmalydygyny aýtdy.
Häzir Türkmenistanda sport desgalaryny gurmak üçin 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde pul goýberilýär. Berdimuhamedow fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2011-nji ýylda gurluşyk işlerine 7 milliard amerikan dollarynyň harçlanjakdygyny aýtdy. Öz wagtynda ýurduň öňki prezidenti-de 10 ýylyň dowamynda gurluşyga 22 milliard dollaryň goýberilendigini mälim edipdi.
Gözellik we ykdysadyýet
“Häkimiýetleriň maksady paýtagt Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherine öwürmek bolsa, bu çykdajylar ykdysady nukdaýnazardan dogry däl” diýip, aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew aýdýar: “Sebäbi gymmatbahaly gurluşyklar ýurduň ykdysadyýetini ösdürmegiň deregine ony yza tesdirýär. Gurulýan uly-uly myhmanhanalar we beýleki obýektler 5-10 ýylyň dowamynda hem özüni ödemez”.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow Berdimuhamedowyň ýaşlaryň bilim derejesini ösdürmek, ýaşlary ruhy bedeni taýdan sagdyn ýetişdirmek ugrunda edýän aladasy gowudygyny aýdýar, emma bu ýerde pudaklara goýberilýän puluň maksada laýyk ulanylmagy möhümdigini nygtaýar.
“Býujet düzülende halkara düzgün boýunça düzülse, pul maksada laýyk harç edilse, bu ýagdaýda her bir pudaga goýberilen pul peýda getirýär we halk üçin bähbitli bolýar. Emma býujetiň häzirki harç edilişinden halka peýda bolar diýip, men aýdyp biljek däl” diýip, Orazow belleýär.
Orazow ilki bilen ýurtda kiçi we orta biznese ýol açyp, hususy kärhanalara kömek etmelidigini, ikinjiden sosial sfera üns bermelidigini aýdýar: “Bilim we saglyk, medeniýet sistemalaryny hökümet düzgüni boýunça ýola salmaly, galdyrmaly. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi-de möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Halky arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge býujetden pul goýberilse, maksada laýyk bolardy”.
Merkezi Aziýa
Astanadaky Halkara uniwersitetiň mugallymy, ykdysatçy Saparbaý Jubaýew eýeleýän meýdany we halky Turkmenistanyňkydan 2-3 esse uly bolan gonşy Gazagystanda sporty ösdürmek üçin umumy býujetiň diňe 3%-niň harçlanýandygyny aýdýar.
Jubaýewiň pikirine görä, Türkmenistan birnäçe uly stadionlary ýa-da sport komplekslerini gurýan bolsa, beýle uly pul harajatlarynyň harçlanmagy mümkin. Emma Žubaýew 5 milliard pul sarp edilip guruljak sport obýektleriniň türkmen halky uçin bähbitli boljakdygyna ynanmaýar.
“Sebabi Merkezi Aziýa halklary sportuň diňe käbir görnüşlerine gyzyklanýarlar. Beýleki sport görnüşleri üçin milliardlap pul sarp edip, stadionlar gurlany bilen bizden çempionlaryň çykmagy kyn. Meselem, Daşkentde hokkeý oýny üçin gymmatbahaly uly köşk guruldy. Emma şol gurluşyk özüni ödemedi. Almatada hem edil şonuň ýaly” diýip, Jubaýew aýdýar.
Ykdysatçy Jubaýew Merkezi Aziýa halklary üçin sportuň özlerine mahsus göreş, at çapyşyk, boks, futbol we beýleki görnüşleri üçin pul harçlamalydygyny, ýöne sportuň bu görnüşleri üçin gurluşyga köp puluň harç edilmejekdigini sözünin üstüne goşdy.