Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde ÝB - Merkezi Azia duşuşygy geçirildi


Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ÝB-niň häzirki başlygy Wengriýanyň daşary işler ministri Ýanoş Martoni, ÝB-niň ösüş meseleleri boýunça komissary Andris Pibalgs we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Morel gatnaşdy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden alnan maglumata görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň delegasiýalaryna Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Elýor Ganyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýew, Täjigistanyn daşary işler ministri Hamrohon Zarifi, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Konstantin Žigalow ýolbaşçylyk edýär.

Bu duşuşyklar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy bilen bagly meseleleri maslahatlaşylýan meýdana öwrüldi. 2007-nji ýyldan bäri gurnalýan şeýle duşuşyklarda Germaniýanyň bileleşige ýolbaşçylyk eden döwründe işläp düzülen strategiýany durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler geňeşilýär.

Duşuşygyň geçişine syn eden özbegistanly syýasaty öwreniji Farhod Tolipow duşuşygyň dowamynda Ýewrobileleşik bilen Merkezi Aziýa respublikalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, energetika we daş-töweregi goramak, suw üpjünçiligi ýaly meseleleriň gün tertibinde goýlandygyny aýtdy.

“Iň sonky gezek beýle duşuşyk 2009-njy ýylda bolupdy. Bu örän gyzykly duşuşyk. Problemalaryň kändigine we çözülmeýändigine garamazdan, biz Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa respublikalaryna uly gyzyklanma bildirýändigini, möhümi-de – Merkezi Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlyk etmegine kömek bermäge çalyşýandygyny görýäris. Esasanda regional howpsuzlyk meselesini, bäş respublikanyň bilelikde maslahatlaşyp çözmegine, kömek bermek isleýändigini görýäris” diýip, Tolipow aýtdy.

Möhüm meseleler

Syýasaty öwreniji Tolipowyň sözlerine görä, häzir region üçin energetika, daşky gurşawy goramak, suw resurslaryndan peýdalanmak, serhet we neşe gaçakçylygy meseleleri, umuman aýdanyňda, regionyň howpsuzlygy meselesi möhüm bolup durýar. Bu meseleler garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri hemmäniň üns merkezinde we diňe regional hyzmatdaşlygyň netijesinde çözülmegi mümkin.

Käbir synçylar Daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklar däl, eýse prezident derejesindäki duşuşyklardan soň hem käbir problemalaryň çözülmeýändigini aýdýarlar. Emma Tolipow 2009-njy ýylda bolan duşuşykdan soň hyzmatdaşlygyň haýsydyr bir pudaklarynda belli bir derejede özgerişlikleriň bolandygyny aýtdy: “Şu nukdaýnazardan bu duşuşuk hem käbir problemalary çözmäge itergi bolar. Emma duşuşykdan soň ähli problemalar çözüler diýip hiç kim aýdyp bilmez. Sebäbi agzalýan meseleler çözülmegi kyn meseleler, olaryň çözgüdi köp wagty talap edýär”.

Tolipow soňra sözüni şeýle dowam etdirdi: “Ýewropa Bileleşigi abraýly gurama. Ýewropa döwletleri hem Merkezi Aziýa döwletleri ýaly, özbaşdak ýaşap, soňra birleşdiler. Soňabaka bu bileleşik syýasy bileleşige öwrüldi. Bu bileleşigiň Merkezi Aziýa döwletleri üçin görelde bolmagy mümkin. Birligiň tejribesi hem Merkezi Aziýa üçin möhüm”.

Düýnki duşuşykda tebigy resurslara baý regionyň döwletleri bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem-de Owganystandaky NATO operasiýasy bilen bagly meselere hem garaldy.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Merkezi Aziýa döwletlerindäki adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak, agzalan strategiýanyň esasy bölüminiň biridigini aýdyp gelýärler. Emma ýerli we halkara guramalar demokratiýa we adam hukuklary gymmatlyklaryny strategik bähbitlere gurban etmek däbi başlaly bäri, esasanda Özbegistan bilen Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG