Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda suwdan peýdalanmak meselesine garaldy


Paýtagt Aşgabady kesip geçýän emeli derýa, 2009-nji ýyl.
Paýtagt Aşgabady kesip geçýän emeli derýa, 2009-nji ýyl.
2-3-nji aprelde Türkmenistanda suwdan we ýerden netijeli peýdalanmak we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly temadan halkara ylmy konferensiýa geçirildi. Gün tertibinde şor topragy dikeltmek we suwdan tygşytly peýdalanmak meselesine garaldy.

Şol günlerde Türkmenistanyň milli suw syýasaty we suw ätiýaçlyklaryndan sazlaşykly peýdalanmak meseleleri boýunça koordinasion geňeşiniň birinji maslahaty hem geçirildi. Türkmenistan 2-nji aprelde “Suw damjasy-Altyn dänesi” baýramyny hem belläp geçdi.

Suwdan we ýerden netijeli peýdalanmak meselesiniň Türkmenistan üçin uly ähmiýeti bar. Türkmenistanda agyz suwunyň ýetmezçiligi, suwdan ekerançylyk üçin peýdalanmakdaky kemçilikler we topragyň şorlamagy esasy problemalar bolup galýar.

Suwdan peýdalanyş


Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýýär: “Agyz suwuny tygşytly ulanmak we halky arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine ýeterlik üns berlenok. Garagum kanaly barada aýdylanda-da suw juda bisarpa tutulýar. Ýurduň paýtagty ýa beýleki iri şäherleri bolsun, ýa ekin ýerlerine berilýän suw bolsun, şunuň ölçegi ýok”.

Suw we ýer resurslaryndan netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti resmi derejede hem nygtalýar. Bu meselelere 2-3-nji aprelde Aşgabatda geçirilen halkara ylmy konferensiýada we Türkmenistanyň milli suw syýasaty we suw ätiýaçlyklaryndan sazlaşykly peýdalanmak meseleleri boýunça koordinasion geňeşiň birinji maslahatynda garaldy.

Türkmen resmileri häzirki wagtda ýurtda suwy tygşytly we netijeli ulanmak üçin tagalla edilýänligini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ädimleriň yzygiderli ädilýänligini bellediler. Edilen işleriň arasynda, hususan-da Türkmenistanyň ähli ýaşaýyş ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş programmasynyň kabul edilenligi, “Altyn Asyr” kölüniň gurlanlygy, Balkan welaýatynda goşmaça suwaryş kanalynyň gurlanlygy aýdyldy. Emma kynçylyklar we kemçilikler agzalmady.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda ekin meýdanlarynyň üçden bir böleginiň şorlandygyny we oba hojalygy üçin ýaramsyzdygyny Türkmenistanyň Suw-hojalyk ministrliginiň “Türkmensuwylymtaslama” institutyna salgylanyp, Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýa täzelikler gullugy habar berdi.

Çöldäki problemalar

Türkmenistanda barha güýçlenýän problemalaryň ýene biri – çölüň ekologiýasyna degişli. Bugaýewiň pikirine görä, häzirki wagtda ýurtda infrastruktura obýektleriniň, şol sanda gara we demirýollaryň gurluşygynda çölüň tebigatyna ýetirilýän täsire ýeterlik üns berilmeýär.

“Altyn Asyr” kölüniň gurluşygy
“Ýollaryň gurluşygy Garagum çölüniň çölleşmegine özüniň erbet täsirini ýetirdi. Ikinjiden, Garagum çölünde häzir nebit gözlenýär, gaz gözlenýär. Çem gelen ýerde burawlar dikilýär. Üstesine, aw awlanýar. Üstesine-de tebigy gazyň ýanyp duran ýerleri kän. Garagum çölüniň çölleşmegine täsir ýetirýän ýene bir zat: “Altyn Asyr” türkmen köli” diýip, A.Bugaýew aýdýar.

Onuň pikirine görä, Türkmenistanda tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak we töwerek-daşy goramak meselesini ylmy taýdan düýpli öwrenmek we muňa ählitaraplaýyn çemeleşmek ýaly ädimler kemçilik edýär. Bu “Altyn Asyr” kölüniň gurluşygyna hem degişli.

Alymlar Garagumyň merkezinde zeý suwlary ýygnaýan kölüň gurluşygynyň milli we halkara derejesinde ylmy taýdan ýeterlik derejede öwrenilmezden amala aşyrylanlygyny belleýärler.

Resmi maglumatlarda bolsa “Altyn Asyr” köli garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda gurulan iň iri gidrosistemalaryň biri diýlip atlandyrylýar we suwdan tygşytly peýdalanmakda, topragyň şorlamagynyň öňüni almakda, hasyly gowulandyrmakda we Garagum çölüniň haýwanat dünýäsiniň baýamagynda onuň strategik ähmiýeti nygtalýar.

Halkara derejesinde berlen baha

Türkmenistanyň ekologik ýagdaýyna beýleki ýurtlara garanda halkara derejesinde pes baha berilýär. ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň ýakynda ýaýradan hasabatynda 163 ýurdy öz içine alýan sanawda Türkmenistan 157-nji orunda ýerleşdirilip, iň erbet görkezijili ýurtlaryň arasynda agzaldy.

Hasabatyň awtorlarynyň biri Kolumbiýa Uniwersitetiniň ýanyndaky Ýer institutynyň alymy Mark Lewi munuň sebäbini düşündirip, hususan-da şeýle diýdi: “Türkmenistan öz ygtyýaryndaky akar suwlardan gereginden has artyk suw harçlaýar. Beýleki bir mesele: ýurtdaky ähli senagat pudagynda alnyp barylýan işlerde howa goýberilýän kömürturşy gazyň umumy derejesiniň ýokarydygyny aýdyp bolar. Regiondaky beýleki döwletler we girdejisi Türkmenistan bilen deň derejedäki dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanyňda kömürturşy gazynyň howa goýberilişi juda ýokary. Ilatyň arassa agyz suwuny erkin ulanyş derejesi hem kabul edilen halkara normalardan juda pes”.

Hasabatda ýurtlara berlen baha howanyň hapalanmagy, topragy zäherleýji serişdeleriň ulanylşynyň düzgünleşdirilmegi, suwuň elýeterliligi we arassalanmagy, suwuň oba hojalygynda ulanylyşy, senagat gazlarynynyň howa goýberilmegi we deňziň goragy bilen bagly faktorlara esaslanyp kesgitlendi.

Ýel uniwersitetiniň hasabaty Birleşen Milletler Guramasy, Azyk we oba-hojalyk guramasy, Bütindünýä Banky ýaly ençeme halkara guramalaryň maglumatlaryna esaslanyp taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG