Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky energiýa infrastrukturasyna zarba urandygyny aýtdy. Bu, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putinyň Ukrainadaky söweşde ok atyşygyň bes edilmeginiň "uzak ýoly" barada duýduryş we şeýle hüjümleri amala aşyrmagy togtatmak barada wada bereninden birnäçe sagat soň boldy.
Zelenskiý 19-njy martda Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb bilen bolan duşuşykdan soň Helsinkide geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda günüň dowamynda Tramp bilen gürleşjekdigini aýtdy. Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gepleşiklerde gelnen 30 günlük ýaraşyk baradaky ylalaşyk maksadyna ýetip bilmedi.
Kremliň gepleşikleriň netijesi baradaky beýanatynda, ylalaşygyň çäginde diňe energiýa infrastrukturasyna edilýän zarbalar bilen çäklenilendigi aýdylýar. Ak Tamyň beýanaty biraz tapawutlanyp, "energiýa infrastrukturasyny oka tutumagy bes etmek" bilen Gara deňizde ok atyşygy bes etmek ýaly has giň parahatçylyk şertnamasyna tarap ädim ätmek barada aýdyldy.
Ýöne iş ýüzünde iki tarapyň hem bir gijäniň dowamynda howa zarbalaryny amala aşyryp, uly üýtgeşik göze ilmedi.
"Putin Tramp bilen geçirilen gepleşiklerde energiýa gurluşlarymyza edilýän zarbalary togtatmak barada çykyş edeninden soň, Russiýanyň 150 drony sebitlerimizi nyşana aldy we energiýa infrastrukturasyna zarba urdy" - diýip, Zelenskiý aýtdy.
"Putiniň sözleri barlanylmaly. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu gözegçilige ýolbaşçylyk edip biler .... Rus pilotsyz uçarlary we raketalary bilen urlan binalaryň we desgalaryň sanawyny düzeris. Ruslar binalarymyzy nyşana almagy bes etseler, rus sebitlerine hüjümlerimizi bes ederis" - diýip Zelenskiý belledi, emma 19-njy martda Tramp bilen geçirjek gepleşikleriniň mazmuny barada maglumat bermekden saklandy.
Ukrainanyň prezidenti "Ilki bilen ok atyşlygy bes etmek üçin, soň bolsa uzak möhletli parahatçylyk üçin uzak ýol bar" diýdi.
Zelenskiý Tramp bilen Putiniň gepleşiklerinden soň Russiýanyň zarbasyna sezewar edilen belli bir energiýa infrastrukturasynyň adyny tutmady, ýöne döwlet eýeçiligindäki Ukrainanyň demir ýollary 19-njy martdaky hüjümlerde Dnipropetrowsk sebitindäki demirýol ulgamyna degişli energiýa infrastrukturasyna zarba urlandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Russiýanyň birnäçe howa zarbasy raýat infrastrukturasyna degdi, şol sanda Sumy şäheriniň keselhanasyna we Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitindäki şäherlere pilotsyz uçar tarapyndan hüjüm edildi. Rus pilotsyz uçarlarynyň Kiýewde we başga-da birnäçe sebitde hüjüm edendigi habar berildi.
"Ine, size energetika infrastrukturasyna zarba urulmagyndaky 'arakesme' ýa-da duşman tarapyndan 'energiýany oka tutmagy' togtatmak" diýlip, "Ukrain demir ýollarynyň" resmi Telegram kanalynda aýdyldy, emma adam pidalarynyň bolmandygy habar berildi.
Uruş döwründe Russiýa gyşyň sowuk wagtynda elektrik energiýasyndan we ýylylykdan mahrum edip, ýurduň raýatlaryny ruhdan düşürmek üçin Ukrainanyň elektrik infrastrukturasyny weýran etdi.
Bu aralykda, ukrain pilotsyz uçarlary Russiýanyň Krasnodar sebitindäki nebit saklanýan desga gije hüjüm edip, ýangyna sebäp boldular we desgalary birleşdirýän turbageçirijisine zeper ýetirdiler. Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmileri ölenleriň ýokdugyny aýtdylar.
Kremliň Tramp-Putin gepleşikleri barada eden beýanatynda Putiniň Trampyň şeýle infrastruktura hüjümlerde 30 günlük arakesme etmek baradaky inisiatiwasyna "oňyn jogap berendigi" we dessine rus goşunyna degişli buýruk edendigi aýdyldy.
Tramp Putin bilen gepleşigini "örän oňat we özgerişlikli" diýip häsiýetlendirse-de, Zelenskiý 18-nji martyň ahyrynda sosial mediada ýazan ýazgysynda netijä lapykeçlik bildirdi we Putiniň parahatçylyga gyzyklanmasynyň ýokdugyny we "urşy yza çekmek" niýetini görkezendigini belledi.
Tramp Russiýa-Ukraina urşunyň gysga wagtda bes edilmegini isledi, ýöne prezident saýlaw kampaniýasy wagtynda söweşi 24 sagadyň dowamynda bes etjekdigini wada berende, "birneme gülkünç" bolandygyny şu aýda boýun aldy.
ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoff 18-nji martda "Fox News"-a beren interwýusynda Russiýa bilen Ukraina arasyndaky söweş barada täze gepleşikleriň 23-nji martda Jiddede geçiriljekdigini aýtdy.
"Şeýtan jikme-jik zatlarda gizlenýär. Saud Arabystanyna milli howpsuzlyk geňeşçimiziň we döwlet sekretarymyzyň ýolbaşçylygyndaky bir toparymyz barar we meniň pikirimçe, bu jikme-jiklikleri anyklamaly bolýarys"- diýip, Witkoff aýtdy.
Zelenskiý, Ukrainanyň mundan beýläk ýaraşyk ylalaşyklary boýunça ABŞ bilen gepleşik üçin topar ibermäge taýýardygyny, şol bir wagtyň özünde-de Kiýewiň Russiýanyň Ukrainada basyp alan ýerlerine ygtyýarlygyny ykrar etmejekdigini aýtdy. Putin birnäçe gezek munuň parahatçylyk şertnamasynyň şertidigini aýdypdy.
Kiýew sebitiniň Buça etrabynda harby dolandyryş gullugynyň başlygy Mykola Kalaşnygyň sözlerine görä, 60 ýaşly bir adam iki aýagyndan ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdir.
Bu hüjüm üç şäherçedäki dokuz jaýy zaýalady ýa-da bölekleýin weýran etdi, üç şäher jaýynda ýangyn bolup, halas ediji işgärler tarapyndan söndürildi.
Paýtagtyň Obuhiw, Fastiw we Boryspil etraplarynda ýangyn döräp, azyndan bir öýe zyýan ýetendigini habar berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.