Russiýa ukrain we ABŞ gepleşikçileri tarapyndan yglan edilen ýaraşyk ylalaşygy teklibine ätiýaçly reaksiýa bildirýär we öňümizdäki günlerde prezidentler Wladimir Putin bilen Donald Trampyň arasynda boljak telefon söhbetdeşliginiň mümkindigini aýdýarlar.
Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow ylalaşygyň yglan edilmeginden bir gün soňra, 12-nji martda eden çykyşynda bu mesele boýunça teswir bermezden ozal, rus resmileriniň ABŞ wekillerinden has köp jikme-jikliklere garaşýandygyny aýtdy.
11-nji martda Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde barlan ylalaşyk Kiýew bilen Moskwanyň arasynda 30 gün möhlet bilen atyşygyň bes edilmegine ýöriteläp çagyrýar, ýöne munuň Russiýanyň razyçylygyna bagly boljakdygy bellenýär. Şeýle-de, ylalaşyk Waşingtonyň ukrainaly planlaýjylar bilen arada aňtaw maglumatlaryny alyşmak boýunça, şeýle-de ýaraglaryň we enjamlaryň iberilmegini dowam etdirmek babatynda ylalaşandygyny aýdýar.
28-nji fewralda Ak tamda bolup geçen hem-de Tramp bilen wise-prezident JD Wansyň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini jemgýetçiligiň öňünde tankyt eden dartgynly ýygnagynyň yz ýany, ABŞ ýarag ýardamlaryny hem-de aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes edipdi.
“Biz bu teklibi indi ruslara ýetireris we biz olar ‘hawa’ diýer, olar parahatçylyga ‘hawa’ diýerler diýip, umyt edýäris” diýip, döwlet sekretary Marko Rubio Jiddede žurnalistlere aýtdy. “Pökgi indi olaryň meýdançasynda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak tamyň howpsuzlyk maslahatçysy Maýk Waltzyň şu hepde rus kärdeşi bilen duşuşygy meýilleşdirilipdi, şeýle-de Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň hem, megerem Putin bilen duşuşmak üçin, Moskwa sapar etmegi planlaşdyrylypdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi teswir bermedi, ýöne metbugat sekretar öňümizdäki günlerde ABŞ wekilleri bilen gepleşikleriň mümkindigini aýtdy.
Bu aralykda, Kreml bilen ilteşikli kommentatorlar ylalaşygy Russiýa üçin oňyn netije hökmünde şöhlelendirýärler. Russiýanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň kanun çykaryjysy Konstantin Kosaçew gepleşiklerden çykan netijeleriň arassa amerikan netijeleri bolandygyny, hem-de olaryň Zelenskiniň ejizligini görkezýändigini öňe sürdi.
“Russiýa ilerleýär, şonuň üçin bu Russiýa bilen başgaça bolar” diýip, ol Telegram postunda aýtdy.
“Islendik ylalaşyk (oňuşmak zerurlygyna doly düşünmek bilen) biziň şertlerimize bagly bolar, amerikanlaryňka däl” diýip, ol aýtdy. “Bu öwünmek bolmaýar, ýöne hakyky ylalaşyk heniz hem frontda ýazylýar, muňa Waşington hem düşünmeli bolar” diýip, ol belledi.
“Iň esasy zat – üçünji taraplaryň teswirleri bilen rus-amerikan gepleşiklerine gatyşmaly däl. Goý, gepleşikçiler işlesin!” diýip, ol aýtdy. “Ýeňiş biziňki bolar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Kremliň öňki maslahatçysy Sergeý Markow rus resmileriniň Birleşen Ştatlaryň hem-de ähli ýewropaly ýaranlaryň 30 gün möhlet bilen Kiýewe Günbatar ýaraglaryny ibermegi bes etmegini garşylyk teklip hökmünde hödürläp biljekdigini aýtdy.
“Ýewropa Ukrainada ýaraşygy söz bilen däl, iş bilen goldamaly – çaknyşyk zolagyna ýarag iberilmegine ambargo girizilmegi diplomatiýanyň iň gowy bilinýän formulasydyr” diýip, ol Telegram postunda aýtdy.
Waşington Ukrainany ýarag bilen üpjün edýän iň iri üpjünçi bolsa-da, ýewropaly ýaranlar hem köpçülikleýin şonça ýarag we beýleki enjamlar bilen üpjün edýär.
ABŞ-nyň harby ýardamlary Polşa-Ukraina serhedinden geçip başlady
Bu aralykda, ABŞ we ukraina resmileriniň arasynda Saud Arabystanynda gazanylan ylalaşygyň yz ýany, ABŞ-nyň Ukraina iberýan harby ýardamlary Polşa serhedinden geçip başlaşlady diýip, Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorski aýtdy.
Sikorski özüniň ukrain kärdeşi Andriý Sybiha 12-nji martda Jiddede geçirilen gepleşiklerden dolanansoň, onuň bilen bilelikde Warşawada žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.
“Men Ýasionka arkaly geçirilýän ýarag ibermeleriniň ozalky derejelerine baryp ýetendigini tassyklap bilerin” diýip, Sikorski günorta-gündogar Polşadaky logisitika geçelgesine salgylandy.
Sybiha Warşawada öz ýurdunyň 30 günlük ýaraşyga ygrarlydygyny gaýtalady.
Rus resmileri Jidde teklipleri boýunça bada-bat teswir bermedi.
“Biziň öňümizdäki günlerde amerikanlar bilen meýilleşdirýän duşuşyklarymyz bar, bu duşuşyklarda biz doly maglumat almaga bil baglaýarys” diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 12-nji martda aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum