Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbalyna ünsi çekýän gepleşikler tapgyrynyň nobatdaky sany dowam edýär.

Biz geçen gepleşigimizde bu meseläniň Türkmenistandaky taryhyny, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast edişlik diýilýän wakany we munuň yz ýany ýurtda bat berlen köpçülikleýin tussag etmeleri seljerdik.

Şeýle-de, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Ştatlara amala aşyran saparynda Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde intelligensiýa wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň käbir pidalarynyň diri bolandygyna özüniň ynanýandygyny ýatladyk.

Birinji bölümde aşgabatly synçy Serdar Aýtakowyň bu mesele boýunça beren synyny, Türkmenistanda dereksiz ýiten adamlaryň ykbalyny anyklamaga we aýdyňlaşdyrmaga gönükdirilen "Olary diri görkeziň!" kampaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy bolan Crude Accountability guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Wattersiň türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlar barada beren beýanatlaryny eşitdirdik.

Şol bir wagtda, gepleşigiň dowamynda zorlukly ýitirim edilmäniň pidasy, öňki diplomat Batyr Berdiýewiň 2003-nji ýylda Türkmenistandan gaçyrylyp çykarylan käbir şygyr setirlerini eşitdirdik.

Gepleşigiň birinji bölümini heniz diňlemedik bolsaňyz, ýa-da ikinji gezek diňlemek isleseňiz, ony Azatlyk Radiosynyň web saýtynda ýa-da YouTube we Facebook sahypalarynda diňläp bilersiňiz!

Makalanyň doly mazmunyny şu çelgiden okap bilersiňiz!

Bu gepleşikde "Ähli adamlary zorlukly ýitirim etmelerden goramak boýunça halkara konwensiýasynyň" kabul edilmegi, Türkmenistanyň bu konwensiýa goşulmazlygy, halkara jemgyýetçiliginiň bu ugurda türkmen hökümetine beren teklipnamalary dogrusyndaky maglumatlary, şeýle-de zorlukly ýitirim edilmeleriň pidasy hökmünde ykrar edilen Batyr Berdiýewiň ömri we zähmet ýoly baradaky maglumatlary, galyberse-de Crude Accountability guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Wattersiň Türkmenistandaky zorlukly ýitirim etmeler bilen bagly syn-seljermelerini diňläp bilersiňiz!

DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG