Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada


Aşgabat
Aşgabat

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany daşary ýurtly syýahatçylaryň Türkmenistandaky tejribelerinden söhbet açýar.

Onlarça ýyl bäri iş ýüzünde üzňelik syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylar üçin dünýäde barmasy iň kyn bolan ýurtlaryň hatarynda galýar. Muňa garamazdan, soňky aýlarda Internet ulgamyndaky syýahatçylyk bloglarynda, galyberse-de, YouTube ulgamyndaky syýahatçylyk kanallarynda Türkmenistana baryp gören daşary ýurtly syýahatçylaryň wideo maglumatlary yzly-yzyna peýda bolýar.

Eýsem, daşary ýurtly syýahatçylar öz wideolarynda Türkmenistany nähili şöhlelendirýär? Olar bu ýurtda özleriniň başdan geçiren tejribeleri, şaýat bolan wakalary barada özleriniň auditoriýalaryna nämeleri gürrüň berýärler? Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany daşary ýurtly syýahatçylaryň Türkmenistandaky tejribelerinden söhbet açýar.

DT: Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Gepleşigiň awtory şeýle temany näme üçin saýlap aldy? Sebäbi Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Şeýle ýurda baryp görmegi başaran daşary ýurtly syýahatçylaryň tejribeleri biziň diňleýjilerimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek! Üstesine, YouTube ýaly wideo portallar petik astynda galýan ýurtda şeýle temany gün tertibine getirip, daşary ýurtly syýahatçylaryň Türkmenistandaky tejribelerini radio diňleýjilerimize eşitdirmek köpler üçin gyzykly bolar diýip, gepleşigiň awtory umyt bildirýär.

Ýapyk Türkmenistanyň her bir daşary ýurtly syýahatçyda galdyrýan täsiri, wideo maglumatlardan çen tutulsa, birmeňzeşligi özünde jemleýär. Meselem, olaryň ählisi bu ýurda syýahat wizasyny almagyň kynçylyklary, ýurduň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň tas ählisiniň ak we açyk reňkde bolmagy, Aşgabatda syýahatçylaryň baryp gören sebitlerinde adamlaryň bolmazlygy, ýa-da seýrek bolmagy, ýerli ýaşaýjylaryň syýahatçylar bilen aragatnaşyga geçmäge göwünsiz bolmagy ýaly ýagdaýlar barada gürrüň berýärler. Şeýle-de, ak mermerli Aşgabat olaryň köpüsini haýran galdyrýar.

Syýahatçylaryň tas ählisi Türkmenistanyň döwlet mediasynda “Garagumyň ýalkymy” atlandyrylýan “Dowzah derwezesiniň” özlerinde galdyran täsirlerini hem paýlaşýarlar.

Programmamyzyň dowamynda birnäçe syýahatçynyň wideo materiallary hakynda giňişleýin gürrüň ederis!

Nemes syýahatçysy

Germaniýanyň ikinji iň iri hususy telekanaly bolan “ProSieben” (Pro7) kanalynda efire berilýän “Galileo X-Plorer” syýahatçylyk gepleşiginiň žurnalistleri ýaňy-ýakynda syýahatçy keşbine girip, Türkmenistana sapar edipdirler. Gepleşigiň YouTube kanaly 7-nji iýulda Türkmenistanda düşürilen syýahatçylyk dokumental filmini çap etdi.

Bu gepleşigiň anyk haçan düşürilendigi, žurnalistleriň syýahatçy keşbinde Türkmenistana anyk haçan syýahat edendigi aýdylmaýar, ýöne bu maglumatlaryň ýaňy-ýakynda efire berilmegi materialyň heniz ter bolandygyny aňladýar.

Üç germaniýaly syýahatçy Özbegistanyň Ürgenç şäherinden tigirde ýola düşüp, 65 km çemesi demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Şabat gözegçilik-geçiriş nokadyndan Türkmenistanyň çägine girýärler. Olar serhet geçelgesinde migrasiýa barlagyndan geçýärler, şol ýerde bäş sagat töweregi ýolbelede garaşýarlar.

Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylara diňe ýerli ýolbeletleriň ýoldaşlyk etmeginde ýurda syýahat etmäge rugsat berýär. Ýol belet talaby Türkmenistana syýahatçylyk wizasyny almagyň iň möhüm talaplarynyň hatarynda galýar. Ýerli syýahatçylyk agentlikleri ýolbeletler bilen üpjün edip bilýär.

Germaniýaly syýahatçylar serhetden aşyp, Türkmenistanyň çäginde tigirli syýahaty bes etmeli bolýarlar. Sebäbi, ýerli ýolbelet olaryň gapdalynda tigirli syýahat etmäge razylyk bermändir. Olar tigirlerini awtoulaga ýükläp, serhetden 260 km çemesi günortada ýerleşýän Derweze gaz kraterine baryp görýärler. Üç nemes gijäniň garaňkysynda, “Dowzah derwezesiniň” alkymynda üç sany russiýaly syýahatça duş gelýär.

Olar Derwezeden soňra, paýtagt Aşgabada, şeýle-de Nohur obasyna, Köwata gowagyna, Aşgabadyň eteginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hem-de bir atçylyk fermasyna baryp görýärler.

Garagum çölündäki "Dowzah derwezesi"
Garagum çölündäki "Dowzah derwezesi"

Syýahatçylar Türkmenistanda özleriniň hemme ýerde prezidentiň portretlerine duş gelendiklerini aýdýarlar.

Olar Aşgabadyň seýilgählerinde ýa-da beýleki möhüm syýahatçylyk ýerlerinde adam ýok diýýärler, adamlar nirede diýip soraýarlar, adamsyz ýerlere geň galýarlar.

Belent-belent binalar, kaşaň-kaşaň monumentler bar, ýöne adam ýok diýip, syýahatçylar aýdýarlar.

Filmiň bir ýerinde germaniýaly syýahatçy ýol belede ýüzlenip, “Türkmenistan howpsuz ýurtmy?” diýip soraýar. Elbetde, ýol belet: “Türkmenistan howpsuz” diýip, jogap berýär.

Dokumental filmiň şu ýerinde adam azatlyklarynyň hem edil onuň howpsuzlygy ýaly ähmiýetlidigi nygtalýar.

Hiç ýerde adam ýok diýip, syýahatçylar Aşgabadyň serlip ýatan “aýna ýaly arassa” giň parklarynda aňka-taňk bolýarlar. Adamlar nirede, diýip olar soraýarlar. Adamlar nirä gitdiler diýip, olar gaýta-gaýta geň galýarlar.

Dokumental filmiň şu ýerinde Türkmenistandaky çäklendirmelere ünsi çekilýär, daşary ýurt mediasynyň ýurtda “tabu” kabul edilýändigi nygtalýar.

“Türkmenistana gelenimize iki gün boldy, ýöne henizem adamlar bilen görşüp bilmedik” diýip, germaniýaly syýahatçylar nalaýar. Olar syýahatyň ikinji gününde ahyrsoňy bir bazara baryp, ýerli halk bilen didarlaşýarlar.

Syýahatçylar ýerli ilatyň daşary ýurtly turistlerden gaça durýandygyny, olar bilen gepleşmezlige çalyşýandygyny aýdýarlar.

“Özbegistanyň bazarlarynda adamlar biziň bilen gepleşmek isleýärdi, ýöne bu ýerde adamlar bizden gaçýar” diýip, syýahatçylar aýdýar.

Soňra syýahatçylar bazarda sowgatlyk harytlar satylýan bir dükana barýarlar. Olar terjimeçiniň üsti bilen satyjy erkek adamdan sowgatlyk harytlaryň esasan kimlere niýetlenendigini soraýarlar. Satyjy bu harytlaryň esasan daşary ýurtly turistlere satylýandygyny aýdýar. Onda germaniýaly syýahatçylar ýurtda özlerinden başga turiste gabat gelmändiklerini aýdyp, söwdanyň düşewüntli bolup-bolmaýandygy bilen gyzyklanýarlar.

Olar supermarketlerde “Snickers” şokaladlaryny, hem-de “Coca-Cola” içimliklerini görüp, geň galýarlar. Ýurt her näçe üzňe-de bolsa, bu ýerde “Snickers” şokoladlarynyň we “Coca-Cola” suwlarynyň sarp edilýändigine haýran galýarlar.

Olar Aşgabatdaky bir söwda we dynç alyş merkezinde ýaşlaryň özleri bilen gyzyklanmakdan çekinmändiklerini aýdýar. “Sebäbi, ýaşlar üzňelikden we repressiýadan ýadaýar” diýip, syýahatçylar belleýär.

Gepleşik Aşgabadyň etegindäki “Halk hakydasy” toplumynda tamamlanýar. Syýahatçylar bu ýerde hem hiç hili adamyň ýokdugyna geň galmagy dowam etdirýärler. Ýöne, iň soňunda bu ýerde olara talyplar bilen gürleşmek miýesser edýär.

“Galileo” YouTube kanalynyň 3 million 250 müň çemesi yzarlaýjysy bar.

Britan/rus syýahatçylary

6-njy iýulda YouTube platformasynyň iri syýahat kanallarynyň birinde başga-da bir Türkmenistan wideosy peýda boldy. Matt we Julia atly britaniýaly we russiýaly jübütiň alyp barýan we 215 müň çemesi yzarlaýjysy bolan syýahat kanaly Türkmenistan wideosyny çap etdi.

Olar Aşgabadyň öňki otelleriniň birinde, Ak altyn otelinde bolupdyrlar. Biz Türkmenistana gelmezden ozal, bu ýurt barada köp zat eşitdik, köçede, hiç ýerde adam ýok diýilýär, ýöne biziň ýaşaýan ýerimizde adamlar bar, diýip britaniýaly syýahatçylar gepleşigiň başynda aýdýarlar.

Ýöne Aşgabadyň beýleki künjeklerine aýlanyp başlanlaryndan soňra, olar hem türkmen paýtagtynyň esasy syýahatçylyk ýerlerinde, parklarda we ýadygärlikleriň ýanlarynda adamlaryň ýokdugyny aýdyp geň galyp başlaýarlar.

Matt bilen Julia hem Aşgabadyň köçelerinde diňe ak reňkli awtoulaglaryň bolandygyny aýdýarlar. Biz gara reňkli awtoulag gördük, ýöne olar hökümet edaralaryna ýa-da ilçihanalara degişli ulaglar ekeni diýip, britaniýaly syýahatçylar aýdýar.

Bu syýahatçylar Türkmenistanda käbir harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary barada hem maglumat berýärler. Meselem, wideonyň başlarynda olara bellenen ýol belet Türkmenistanda durmuşyň nähili amatlydygy, harytlaryň we hyzmatlaryň arzançylygy barada gürrüň berýär.

Köwata galasy
Köwata galasy

Bu wideo ýol belet bilen syýahatçylaryň arasynda şeýleräk bir dialog bolup geçýär:

- Bilýäňizmi, men toga ýylda näçe töleýärin?

- Ýok, näçe töleýärsiňiz?

- 10 dollar

- Bir ýylynamy?

- Bir ýylyna.

- Gaz üçin men 3 dollar töleýärin. Suwa-da bir ýylyna 10 dollar töleg töleýärin.

- Siziň aýlyklaryňyz boljakmy?

- Aýlyklarymyz köp diýip biljek däl, ýöne harytlaryň bahalary göz öňünde tutulanda, erbet däl, boljak

Elbetde, bu dialog syýahatçylar bilen olaryň ýol beletleriniň arasynda bolup geçen söhbetdeşlik. Bu maglumatlaryň hakykata gabat gelip gelmeýändigini garaşsyz tassykladyp bolmaýar.

Syýahatçylar wideo maglumatyň beýleki bir ýerinde Aşgabadyň kafeleriniň birinde özleriniň edinen günortanlyk nahalarynyň bahasy barada maglumat berýärler.

"Biz ýaňy kiçeňräk bir günortanlyk edindik. Biz söwda we dynç alyş merkezinde bir kafe tapdyk. Men size pul barada aýdasym gelýär. Türkmenistanda töleg üçin bank kartlaryny ulanyp bolýar, eger-de biz bank kartynyň üsti bilen tölän bolsadyk, 70 dollar tölärdik, 70 dollar. Ýöne biz nagt töledik – takmynan 10 dollar. Walýutanyň alyş-çalyş bahasy onçakly gowy däl" diýip, syýahatçy aýdýar.

Olar Aşgabadyň käbir künjeklerinde pyýada gezelenç edýärler. Başdan geçirmeleriniň başragynda, biziň bolýan ýerimizde adamlary görse bolýar, diýip gürrüňe başlan britaniýaly we russiýaly syýahatçylar hem täze Aşgabatdaky parklara baryp, ol ýerlde adamlaryň ýokdugyny aýdyp başlaýarlar. Ýöne olar läheň-läheň binalara haýran galýarlar.

"Bu ýeriň ölçegi düýbünden akyla sygjak zat däl. Diňe bir ýadygärlikler däl, eýsem, seýilgähiň özi, aýak uçdaky binalar... Parkyň aýak ujunda ullakan bir köşk bar. Bu ýerde nämeler bolup geçýär? Bular örän läňeň, gaty grandioz! Bu örän haýran galdyryjy" diýip, britaniýaly syýahatçy gel galýar.

Olar, görnüşinden, Garaşsyzlyk seýilgähinde bir topar pişiklere-de duşýarlar.

"Bu biziň Türkmenistanda şu wagta çenli görýän iň geň zadymyz. Ol ýerde pişikleriň armiýasy bar. Olar, hamala, söweşmekçi ýaly görünýärler. Olar gaty dartgynly garaýarlar" diýip, syýahatçy degişýär.

Amerikaly syýahatçylar

16-njy martda 165 müň töweregi yzarlaýjysy bolan “Counting Countries” syýahatçylyk YouTube kanalynyň eýesi amerikaly Jordan Egbert Aşgabatda düşüren syýahat ýazgylaryny paýlaşdy. Şu wagta çenli takmynan 360 müň gezek tomaşa edilen bu syýahatçylyk wideosy hem, teswirlerden çen tutulsa, Jordanyň YouTube auditoriýasynda gyzyklanma döretdi.

Ol hem bu ýurtda iş ýüzünde hereket edýän käbir düzgünlere haýran galyp, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Meselem, Türkmenistanda gara reňkli awtoulaglara garşy girizilen gadaganlyklar we ýurtda öz güýjünde galýan Internet aragatnaşygy bilen bagly çäklendirmeler syýahatçyny geň galdyrypdyr.

Ol hem beýleki köp sanly syýahatçylar ýaly, kaşaň myhmanhanada galýar, läheň-läheň binalara baryp görýär, adamsyz seýilgählere we ýadygärliklere haýran galýar. Amerikaly syýahatçy hem germaniýaly syýahatçylar ýaly Aşgabatdan soňra Nohur obasyna baryp görüpdir. Ol hem beýlekiler ýaly bazarlara baryp görýär, türkmen telpegini we tahýasyny deňäp görýär. Jordan öz ýolbeledini Tim diýip tanyşdyrýar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda syýahatçylar ýolbeletsiz hereket edip bilmeýärler. Jordanyň ýolbeledi biraz wäşiräk ekeni, ol bazarlaryň birinde türkmen tahýasyny synap gören Jordany, degşip, Aladdiniň jynyna meňzedýär.

Meşhur syýahatçylar özleriniň Türkmenistanda wideolarynda türkmen tagamlary barada, ýa-da türkmen medeniýeti, taryhy barada kän bir maglumat bermeýärler. Olar esasan şäherň köçelerinde we seýilgählerinde adamlaryň bolmazlygy, ýerli halkyň daşary ýurtly syýahatçylardan gaça durmak häsiýeti, ýa-da köçelerdäki awtolulaglaryň diňe ak reňkde bolmagy ýaly ýagdaýlara gyzyklanma bildirýärler. Galyberse-de, türkmen hökümetiniň ýakyn wagtda söndürmekçi bolýan “Dowzah derwezesi” hem daşary ýurtly syýahatçylaryň Türkmenistan barada iň gyzykly hasaplaýan ýerleriniň biri bolup durýar.

Şeýle-de, daşary ýurtly myhmanlaryň tas ählisi bu ýurduň tebigy baýlyklaryny agzap geçýärler.

Soňky aýlarda Türkmenistan barada YouTube ulgamynda çap edilen iň meşhur wideolaryň biri ýedi aý töweregi mundan ozal “Yes Theory” meşhur syýahatçylyk kanalynda çap edilen wideo boldy. Ol häzire çenli 4 milliondan gowrak gezek görüldi. Bu wideonyň amerikaly awtorlary türkmen halkynyň arasyna has ýakyn aralaşdy. Olar bir türkmen toýuna-da myhman hökmünde çagyryldylar.

Beýleki dillerde, şol sanda rus we türk dillerinde alnyp barylýan YouTube kanallarynda hem soňky aýlarda Türkmenistan barada düşürilen syýahat wideolary öňki döwürler bilen deňeşdirilende has ýygjamlaşan ýaly.

Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýapyk ýurt bolmagynda galýar, şol bir wagtda türkmenistanly raýatlar daşary ýurt döwletine rahat syýahat edip bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG