Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary ÝB-Türkmenistan dialogynyň öň ýany üns berilmeli meseleleri bellediler


Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň baýdaklary
Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň baýdaklary

Aşgabatda geçmeli Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň öň ýanynda, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk we Adam hukuklary boýunça türkmen inisatiwasy toparlary maglumat dokumentini çap edip, onda gepleşikleriň dowamynda üns berilmeli meseleleri nygtadylar.

Hukuk toparlary Ýewropa Bileleşigine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň şerti hökmünde, ýurduň adam hukuklary babatynda hakyky ösüşi gazanmalydygyny bellemäge çagyrdylar.

Üns berilmeli meseleleriň arasynda:

  • Söz azatlygynyň berk çäklendirilmegi we köpçülikleýin internet-senzura;
  • Aktiwistleriň, žurnalistleriň we blogerleriň, şol sanda transmilli repressiýalaryň üsti bilen hem yzarlanmagy;
  • Raýat jemgyýetiniň berk çäklendirilmegi we halkara gözegçilere mümkinçilikleriň berilmezligi;
  • Gender stereotipleriniň, diskriminasiýanyň we zorluklaryň giň ýaýramagy;
  • Daşary ýurtlardaky raýatlaryň degişli türkmen wekilhanalarynda pasportlarynyň möhletini uzlaldyp bilmezligi ýaly ýagdaýlar hem sanalyp geçilýär.
XS
SM
MD
LG