Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta mekdebi tamamlaýan okuwçy ýaşlar eýýäm harby gulluga çagyryş hatlaryny kabul edip başlady


Harby wekilliklerde cagyryş boýunça harby gulluga degişli raýatlar saglyk barlagyndan geçirilýär. Arhiw suraty. Döwlet mediasyndan alyndy.
Harby wekilliklerde cagyryş boýunça harby gulluga degişli raýatlar saglyk barlagyndan geçirilýär. Arhiw suraty. Döwlet mediasyndan alyndy.

Lebap welaýatynyň çetki etraplarynda orta mekdeplerden uçurym bolýan okuwçy ýaşlar heniz jemleýji döwlet synaglary tamamlanmanka, harby gulluga çagyryş hatlaryny kabul edip başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitiň Köýtendag we Halaç etraplarynda mekdebi tamamlaýan erkek raýatlaryň harby wekillikler tarapyndan gulluga çagyrylmagy bilen bagly wakalar barada habar berýärler.

“18 ýaşy dolan ýa-da iýun aýynyň 30-nji çenli 18 ýaşy dolmaly synpdaşlaryma çagyryş hatlary gowşurylyp başlandy. Biz heniz synaglar doly gutarmanka, gulluga gitmeli” diýip, Köýtendag etrabynyň orta mekdepleriniň biriniň 11-nji synp okuwçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, harby gulluga çagyrylýan okuwçy ýaşlara ugradyş talony atlandyrylýan bir hat gowşurylýar. Şeýle talonlaryň bir nusgasynyň suraty Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy. Bu hatlarda raýatyň ady we familiýasy görkezilmeýär. Hatyň mazmuny ugradyş senesinden, wagtyndan we tertip belgisinden ybarat bolup durýar.

Köýtendagda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mekdep okuwçysyna gowşurylan talonda ugradyş senesi 16-njy iýun hökmünde görkezilýär.

Köýtendagda bir mekdep okuwçysyna gowşurylan Ugradyş talony.
Köýtendagda bir mekdep okuwçysyna gowşurylan Ugradyş talony.

Ýurduň orta mekdeplerinde jemleýji döwlet synaglary, adatça, iýunyň ahyrlaryna çenli dowam edýär. Talonda görkezilen ugradyş senesi, 16-njy iýun, bu sebitde okuwçylaryň gutardyş synaglary tamamlanmazdan ozal harby gulluga çagyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Halaç etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýokary synp okuwçysy bu sebitde hem mekdeplerden uçurym bolýan ýaş ýigitleriň eýýäm harby gulluga çagyrylyp başlanandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda mart aýynda nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsümine badalga berildi. Harby wekillikler aprel-iýun aralygynda ýazky çagyryş möwsümini guramalaşdyrýarlar.

Mundan ozal, 2022-nji ýylyň noýabrynda ýokary okuw jaýlaryna girmäge isleg bildirýän okuwçy ýaşlaryň harby gulluga çagyryş möhletini bir ýyl möhlet bilen yza süýşürmäge rugsat berildi. Degişli üýtgetmeler we goşmaçalar harby borçlulyk hakynda Türkmenistanyň kanunyna hem girizildi.

Bu kanunçylyk “umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenleriň” harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge rugsat berýär.

Lebap welaýatynyň harby wekilliginiň bir serkerdesi mekdebi tamamlaýan okuwçy ýaşlary harby gulluga çagyrmak işleriniň, esasan, çetki etraplarda alnyp barylýandygyny, sebit merkezinde bu tejribelere ýol berilmeýändigini gürrüň berdi.

“Esger sany ýetenok. Çet sebitleriň orta mekdeplerinde bilim alýan oglanlaryň gutardyş synaglaryna gatnaşmaklarynyň hajaty ýok diýen ýaly syýasat alyp barylýar” diýip, harby serkerde anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ilat sanynyň azalmagy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, biraz öň, maýyň başlarynda ýurduň harby ýolbaşçylary raýatlaryň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegini talap edýän ýagdaýlary gaýtadan kesgitledi.

Täze talaplara görä, ozal raýatyň harby gulluga ýaramsyz kabul edilmegini talap edýän keselleriň sanawy gysgaldyldy.

“Harby wekilliklerde döredilýän lukmançylyk toparlary gipertoniýa (ýokary gan basyşy), gepatit, epilepsiýa we diabet ýaly kesellerden ejir çekýän, hatda ýasy daban bolan, ýa-da gijeki enurez (peşewi saklap bilmezlik) ýaly kesellere duçar bolan ýaşlar boýunça hem harby gulluga ýaramly diýip netije çykaryp başlady” diýip, 3-nji maýda Azatlyk Radiosynyň harby pudaklardaky çeşmeleri maglumat berdi.

Türkmenistanda okuwçy ýaşlaryň mekdep partasyndan harby gulluga alnyp gidilmegi bilen bagly ýagdaýlar soňky ýyllarda yzygiderli gaýtalanýar.

Türkmenistanda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak, ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar hökmany gulluga çagyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG