Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilçi: Adam daşary ýurt dillerini öwrenip, täze dünýäleri açýar


Aşgabatda geçirilen bir kitap sergisinde düşürilen surat. Arhiwden alyndy.
Aşgabatda geçirilen bir kitap sergisinde düşürilen surat. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň geçen sanlary Türkmenistanda rus diliniň häzirki ýagdaýyna gönükdirildi. Biz bu tema boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyryny türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşlik bilen jemleýäris.

Biz tapgyr üç gepleşigiň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýurt içinden toplan maglumatlarynyň esasynda, şeýle-de, sosial ulgamlarda peýda bolýan çykyşlaryň fonunda, galyberse-de media arhiwleriniň kömegi bilen, rus diliniň Türkmenistandaky öňki ahwalyna we soňky ýagdaýyna nazar aýlamaga synanyşdyk.

19-njy asyryň soňky çärýeginde rus häkimiýetiniň Merkezi Aziýa sebitine ýaýramagy, bu hökmürowanlygyň mirasdüşeri hökmünde 20-nji asyryň başlarynda sebit ýurtlarynyň sosialist respublikalar soýuzyna goşulmagy, asyryň aýagynda bolsa, Moskwadan kök alýan Bileleşigiň dargap, 15 respublikanyň garaşsyzlyk yglan etmegi, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem rus dilini çylşyrymly synaga saldy.

Geliň, häzir bu tema boýunça türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen taýýarlanan gepleşigi diňläliň!

Dilçi: Adam daşary ýurt dillerini öwrenip, täze dünýäleri açýar - DT
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG