Balkan welaýatynda din wekilleri ilat arasynda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işerini güýçlendirýärler. Bu waka, Lebapda döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbiniň çäklendirilýändigi, ozal oturdylan täze ýyl arçalarynyň sökülip aýrylýandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
“Şu günler metjitlerde Türkmenistanyň 32 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda edilmedik wagyzlar güýçlenýär. Metjitleriň ymamlary Täze ýyl baýramçylygynyň şowhun bilen bellenilmegine, täze ýyl arçalaryna dürli görnüşli bezegleriň, jäjekleriň asylmagyna, salýut atmaga garşy çykyş edýärler. Olar bularyň yslam dinine gabat gelmeýändigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.
Balkanabat şäheriniň iki metjidiniň ymamlary bolsa, geçen anna güni, ýagny 8-nji dekabrda juma namazyna baran raýatlara ýüzlenip, ilatyň bu baýramçylykda uly isrip edýändigini we ýurduň býujetine zyýan ýetirýändigini hem bellediler.
“31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gijede halkymyz dinimize gabat gelmeýän haram doňuz etini iýip, spirtli içgileri hem içýär we giden naharlary bişirip, uly isrip edýär” diýip, balkanabatly bir ýaşaýjy anonim şertde ymamyň aýdan sözlerini sitirledi.
Ymamlar musulmanlaryň Gurban baýramy ýaly mukaddes baýramlaryny ilatyň diňe 5 göteriminiň belleýändigini, galan 95 göteriminiň 600 manatlyk goýun-geçi alyp, hudaýoly bermäge puluny dözmeýändigini hem aýtdylar.
“Adamlar Täze ýyl baýramynda ýarym litr konýak üçin 1000 manat sarp edýärler. Halkymyzyň azyndan 95 göterimi tutuş ýylyň dowamynda gazanan puluny sowup, Täze ýyl baýramyny belleýär. Häzir Isa pygamberiň doglan gününi 7 ýaşly çaga hem bilýär. Ýöne Muhammet pygamberiň doglan gününi 70 ýaşly garrylar hem bilmeýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy ymamyň sözlerini sitirledi.
Balkanlylaryň köpüsi sebit ymamlarynyň baş müftiniň görkezmesi bolmazdan beýle wagyz-nesihatlary halka ýetirip bilmejekdigini aýdýar we munuň “ýokardan berlen görkezmedigine” ynanýar.
Azatlyk bu barada Balkanabadyň metjitlerinden we din işleri boýunça edarasyndan kommentariý alyp bilmedi. Şeýle-de, bu wagyz işleriniň Aşgabatdan berlen görkezmä esaslanýandygyny ýa-da esaslanmaýandygyny hem anyklap bolmady.
Ýöne bu waka, Lebapda döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbiniň çäklendirilýändigi, ozal oturdylan täze ýyl arçalarynyň sökülip aýrylýandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Dekabryň başlarynda Türkmenabadyň şäher häkimligi 10-njy dekabra çenli ähli edara-kärhanalaryň öňünde baýramçylyk arçalarynyň bezelmelidigi barada tabşyryk beripdi. Ýöne 7-nji dekabrdan soň, häkimiýetler bu talaplaryny ýatyrdylar we tutuş welaýat boýunça bäş sany esasy arça agajynyň bezelmegini tabşyrdylar, galan arçalar we olaryň bezegleri sökülip aýryldy. Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini düşündirmeýärler.
Täze ýyl baýramy Türkmenistanda maşgala baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýär. Köp maşgala öýlerinde täze ýyl arçalaryny bezeýär. Käbir hojalyklar dogan-garyndaşlaryny, dostlaryny öýlerine çagyryp, oturyşyk edýärler.
Ýöne soňky iki ýyl bäri Türkmenistanda din wekilleriniň ilat arasynda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işeri batlanýar. Geçen ýylyň dekabrynda habarçylarymyz Balkan we Mary welaýatlarynda metjitleriň ymamlarynyň Täze ýyl baýramçylygynyň şowhun bilen bellenilmegine, täze ýyl arçalaryna dürli görnüşli bezegleriň asylmagyna garşy wagyz-nesihat işlerini güýçlendirýändiklerini habar berdiler.
Ýagdaýlara syn edýän balkanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň bu çäreleriniň Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda prezidentlige girişmegi bilen başlandygyna ünsi çekip, munuň döwlet baştutanynyň “dini garaýyşlary bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny” çaklaýar.
Bu aralykda, resmi habarlarda şu ýyl Arkadag şäherinde hem iri Täze ýyl baýramçylyk çäresini guramagyň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda we dowamynda ýurt boýunça howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirilýär. Köçelerde howpsuzlyk işgärleriniň sany artdyrylýar. Ýangyn howpsuzlygyna garşy hüşgärlik güýçlendirilýär. Ilata pirotehnikalardan peýdalanmak, edara-kärhanalarda işgärleriň täze ýyl agşamynda oturylyşyk çärelerini gurnamagy gadagan edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum