Türkmenistanda hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri peselýän raýatlaryň barha köpelýändigini synlasa bolýar. Muňa dynç günlerinde bazarlarda, restoranlarda ýa-da hususy hojalyklarda zähmet çekýän mekdep okuwçylarynyň köpelýändigi hem şaýatlyk edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji oktýabrda Aşgabatdan maglumat berdi.
“Ýekşenbe günlerinde ýetginjek mekdep okuwçylarynyň käbiri restoranlarda ofisiant, günlükçi bolup zähmet çekse, käbirleri bazarlarda araba bilen ýük daşap, azrak bolsa hem gazanç etmäge çalyşýarlar. Gyz çagaly hojalyklar hepde-de bir ýa-da iki sapar gurply hojalyklaryň öýlerine gidip, olaryň tämizlik işlerini etmeli bolýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Käbir hojalyklaryň ýokary synplarda okaýan gyzlary bazarlarda ýa-da ýerasty geçelgeleriň basgançaklarynda oturyp, hojalyklarynda elde örüp taýýarlan alajalaryny we joraplaryny, şeýle-de, suwa gaýnadylan mekgejöwenleri satýarlar.
“Ýöne sowuk betonuň üstünde goýlan karton kagyzda oturyp, goşmaça gazanç etmäge çalyşýan bu gyzlaryň söwdasy-da wagtal-wagtal çäklendirilýär. Şäherde polisiýanyň gözegçiliginiň güýçlendirilen wagtynda olar saklanyp, ellerinden önümleri alynýar we olara jerime salynýar” diýip, habarçymyz belledi.
Ol mundan ozal söwdanyň bu görnüşi bilen diňe uly ýaşly zenanlaryň meşgullanandygyny aýdyp, hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha peselýän raýatlaryň “agyr, ajy durmuş şertlerinden çykalga gözläp, çar tarapa urunýandygyny” hem sözüne goşdy.
“Oba ýerlerinde ýokary synp okuwçy gyzlar gurply hojalyklaryň sygyrlaryny sagyp, howlusyny süpürmek, nahar bişirmek ýaly işleri ýerine ýetirip, goşmaça gazanjyň gözlegine çykmaga mejbur bolýarlar” diýip, habarçymyz belledi.
Indi alty ýyl çemesi wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu faktorlaryň arasynda, güzeran eklenji barha agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şeýle-de dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelendigini synlasa bolýar.
Mundan başga-da, soňky ýyllarda, hususan-da, tomus aýlarynda gazanç etmäge, dürli işlerde işlemäge, plastik gaplary ýygnamaga ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalar hem köpelýär.
Habarçylarymyz munuň sebäbini ene-atalaryň köpüsinde çagalaryny mekdebe taýýarlamak üçin maddy serişdeleriň ýokdugy bilen baglanyşdyrýarlar. Çagalaryň özleri zerur okuw esbaplaryny satyn almak üçin gazanç etmäge mejbur bolýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary ençeme gezek maglumat berdiler.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, hususan-da, çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar. Häkimiýetler ýurtdaky işsizlik derejesi we kömege mätäç pes girdejili maşgalalaryň sany barada resmi maglumat çap etmeýärler.
Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media ýurt raýatlarynyň, şol sanda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny” her gün öňe sürüp, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum