Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Arkadag” medaly döredildi


"Arkadag" medaly
"Arkadag" medaly

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy sentýabrdaky kararyna laýyklykda, ýurtda “Arkadag” medaly döredildi, şeýle-de medal hakynda Düzgünnama we onuň Ýazgysy tassyklanyldy. Bellesek, bu at bilen ýurduň ozalky prezidenti, Halk Maslahatynyň häzirki başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet derejesinde ýüzlenilýär.

Kanunda “Arkadag” medalynyň, Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi bellenilýär.

Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Synçylar ýurtda Berdimuhamedowlaryň “şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklarynyň” ýaýbaňlanýandygyna ünsi çekýärler. Muňa delil hökmünde, ozalky prezidentiň “Arkadag” lakamy bilen täze şäheriň gurulmagy, täze tele-kanalyň açylmagy, hat-da futbol klubunyň hem esaslandyrylmagy mysal getirilýär.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gözçykgynç depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG