Türkmenistan ýurtda köpelen tot-tozanly harasatlary tassyklap, Eýran bilen soňky ýyllarda, howanyň üýtgemegi sebäpli ýygjamlaşan ýel-tupanlara we çägeli harasda garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmekçi bolýar.
“Newscentralasia” neşiri bu habary “Iran Press” neşirine salgylanyp habar berýär.
Metbugat maglumatyna görä, Eýranyň daşky gurşaw ministriniň daşky gurşawy goramak boýunça orunbasary Iraj Heşmati ikinji gün Türkmenistanyň daşky gurşaw ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen onlaýn maslahatyny geçirip, howa özgermesiniň sebite ýetirýän täsiri, hususan-da tot-tozanly ýelleriň we çäge sowurýan harasatlaryň ýygjamlaşmagy barada pikir alyşdy.
Taraplar tejribe alyşmagyň we iki ýurduň arasyndaky tozan merkezlerine meýdan saparlaryny guramagyň möhümdigini nygtadylar. Türkmen resmisi Aşgabadyň Eýran we sebitiň beýleki ýurtlary bilen daşky gurşaw meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
Soňky ýyllarda türkmenistanlylar ýel-tozanly tupanlaryň, çal dumanly harasatlaryň ençemesine şaýat boldular. Güýçli ýel-harasat netijesinde adam pidalarynyň hem bolandygy, Lebap we Mary sebitleriniň ilatynyň maddy zyýan çekendigi habar berildi. Emma resmi Aşgabat bu ýel-tupanlar, şeýle-de beýleki tebigy hadysalar, suw joşmalary, ýer yranmalary barada metbugatda habar bermegi, ýaşaýjylary habarly etmegi zerur hasaplamaýar.