Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýe bikanun migrantlara garşy güýçlendirilen göreşini dowam etdirýär. Türk polisiýasynyň soňky bir aýdan gowrak wagt bäri geçirýän giň gerimli reýdlerinde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň azyndan iki raýaty hem bar. Bu aralykda, türkmenleriň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýäniň deportasiýa merkezinde bolan türkmen migranty bu ýerdäki ýaramaz şertler barada habar berýär.

Türk media serişdeleriniň yzygiderli çap edýän habarlaryna görä, polisiýa işgärleri köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda köçelerde, jemgyýetilik transportlarynda, söwda merkezlerinde reýdleri geçirmegi dowam etdirýärler. Reýdler ýurduň edara-kärhanalaryna, zawoddyr fabriklerine hem gurnalýar.

“Kojaeli welaýat häkimligi bikanun migrantlara garşy şu ýylyň dowamynda 79 sany reýdiň geçirilendigini we 419 migrantyň deport edilendigini mälim etdi” diýlip, “Demokrat Kocaeli” neşiriniň 24-nji iýulda çap eden habarynda aýdylýar.

Türk mediasy saklananlaryň we deport edilenleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygyny aýdyňlaşdyrmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky ynamdar çeşmesi täzelikde saklananlaryň arasynda azyndan iki türkmen raýatynyň bardygyny aýdýar.

“Mundan iki hepde gowrak ozal saklanyp, Stambuldaky Tuzla deportasiýa merkezine ýerleşdirilen tanşym öz ýanyna başga-da iki türkmenistanlynyň getirilendigini aýtdy. Olar Türkmenistandan şu ýyl gelipdirler. Wizalary gutaransoň, Türkiýede ýaşamaga ygtyýarnama alyp bilmändirler” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýatlatsak, Azatlyk mundan bir hepde gowrak ozal alty türkmenistanlynyň saklanandygyny habar berdi. Çeşmämiz olaryň biriniň boşadylandygyny aýtdy. Ýöne onuň nämäniň esasynda goýberlendigini anyklamak häzirlikçe başartmady.

Azatlyk Stambuldaky deportasiýa merkezi bilen habarlaşyp, türkmen migrantlary barada maglumat almaga synanyşdy. Ýöne telefona jogap beren resmi bu barada maglumat berip bilmeýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Stambuldaky süýji-köke öndürýän kärhanalaryň birinde işleýän türkmen raýaty ýolbaşçysynyň özüne, reýdleriň gerimi azalýança, öýünde işlemegi tabşyrandygyny gürrüň berdi.

“Şu günler polisiýa iş ýerlerine aýlanyp, işlemäge rugsatnamasy bolmadyk daşary ýurtlulara we iş berijilere jerime salýar. Şol sebäpli ýolbaşçym birnäçe gün ýa-da hepde öýden işlemegi tabşyrdy. Meniň esasy işim halkara müşderiler bilen habarlaşmakdan, hat alyşmakdan ybarat bolany üçin öýden hem işläp bilýärin” diýip, türkmenistanly migrant aýtdy.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” özüniň Türkiýedäki habarçylaryna salgylanyp, polisiýa işgärleriniň saklananlara ýowuz çemeleşýändigini habar berdi.

“[Polisiýa işgärleri saklanan adamlary] itýärler, ýere goýýarlar, aýaklary bilen ýençýärler. Soňra migrantlary deportasiýa merkezlerine ýerleşdirýärler” diýip, neşiriň 22-nji iýulda çap eden habarynda bellenilýär.

Bu aralykda, “Türkmen Helsinki fondy” geçen hepde Şanlyurfa deportasiýa merkezinden boşadylan türkmen migrantyna salgylanyp, bu ýerdäki ýaramaz şertler barada habar berýär.

“Bu merkezdäki iýmit erbet, arassaçylyk şertleri ýaramaz, ýatýan ýerimizde dürli mör-möjekler bardy... Mundan başga-da, tussag edilenler ýenjilýär” diýip, THF 24-nji iýulda çap eden habarynda türkmen migrantynyň sözlerini sitirleýär.

Maglumata görä, häzirki wagtda 200-e golaý türkmenistanly bu merkezden boşadylmagyna garaşýar. Olaryň köpüsi deportasiýa edilmek barada çykarylan kakary kazyýete şikaýat etdi.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy göreşiniň güýçlenmeginiň fonunda, kanuny esasda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany hem azaldy.

Türk Migrasiýa gullugynyň 15-nji iýunda çap eden sanlaryna görä, 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Gullugyň 20-nji iýulda çap eden täze sanlaryna görä, 208 müň 943 türkmen raýaty kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Bu sanlar, bir aý çemesi wagtyň dowamynda Türkiýede kanuny esasda ýaşamaga ygtyýarnama alan türkmenistanlylaryň sanynyň 4 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG