Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýolundan saklanan 73 ýaşly enäniň Haj zyýaratyna gitmegine rugsat berdi


Hamida Babajanowa 
Hamida Babajanowa 

Saud Arabystanyna haj zyýaratyna gitjek bolýan ejesiniň ýurtdan goýberilmeýändigini aýdýan hökümet tankytçysy onuň Türkmenistandan çykmagyna rugsat berlendigini aýdýar.

Türkiýede ýaşaýan zähmet migranty Hamida Babajanowa düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasyna 73 ýaşyndaky ejesi Ýakutjan Babajanowanyň ýurtdan çykmagyna rugsat berlendigini habar beripdir.

Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň biri bolan Hamida Babajanowa bir aý çemesi ozal Azatlyk radiosyna ejesiniň ýolunyň özünden ar almak üçin baglanandygyna ynanýandygyny aýdypdy.

Daşoguz sebitiniň Köneürgenç etrabynda ýaşaýan Ý.Babajanowanyň Türkmenistandan Saud Arabystanyna haj zyýaratyna gitmek üçin soran rugsady birinji gezek şu ýylyň 3-nji aprelinde, ikinji gezek 23-nji aprelde ret edilipdir.

Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklarynyň kanun esasynda doly kepillendirilendigine garamazdan, olaryň ýolundan alnyp galynmagy we hiç bir düşündiriş berilmezligi resmi ýagdaýda tassykladyp bolmaýan "gara sanawlar" sebäpli adaty bir ýagdaýa öwrüldi.

XS
SM
MD
LG