Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda Internet arkaly iş gözleýän adamlar köpelýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda Lebap welaýatynda Internet arkaly iş gözlemäge ýykgyn edýän adamlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda habar berdi.

“Ykdysady krizisiň we işsizligiň fonunda Lebapda köp adam boş iş orunlary çap edilýän onlaýn bildirişlere ýüz tutup, iş gözleýär” diýip, birnäçe türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Orta mekdeplerden uçurym bolan ýaş gyzlar, harby gullugy tamamlap gelýän ýaş ýigitler işsiz galýar” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistandaky işsizligiň hakyky derejesini açyp görkezýän sanlar köpçülige elýeterli däl. Ýöne türkmen hökümeti ilatyň işsizlikden goraglylygyna üns berilýändigini aýdýar. Türkmen metbugaty ilki 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda, soňra şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň başlangyçlary bilen onlaýn “Iş üpjünçilik portalynyň” işe girizilendigini habar berdi.

Şeýle başlangyçlaryň arasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynda iş orunlary çap edilýän onlaýn bildirişlere ýüz tutýan adamlaryň köpelýändigini habar berýärler.

Digital transformasiýalar, sanly öwrülişikler beýleki pudaklarda bolşy ýaly, iş üpjünçilik ulgamynda hem korrupsiýany aradan aýyrmak, raýatlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak ýaly ähliumumy bähbitlere hyzmat etmeli. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy ýurduň iş üpjünçilik ulgamynda korrupsiýanyň, şol sanda para-berimiň we tanyş-bilişleriň rol oýnaýandygyny habar berip gelýärler.

Zähmet ministrliginiň Iş üpjünçilik portaly iş gözleýänler üçin we işgär gözleýänler üçin aýrybaşga iki penjirede hyzmat berýär, üçünji penjire ýurduň sebitlerindäki iş üpjünçilik bölümleriniň salgylaryny hödürleýär.

Türkmen hökümeti ýurtdaky işsizligiň derejesini görkezýän sanlary aýan etmeýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurtdaky işsizligiň derejesini görkezýän sanlary çap etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri 2017-nji ýylda ýurtdaky işsizligiň hakyky derejesiniň altmyş göterime golaýlandygyny, 2019-njy ýylyň ýanwarynda bolsa, Azatlygyň aýrybaşga çeşmeleri bu sanyň 40-45 göterim aralygynda çaklanýandygyny gürrüň berdiler.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň 2917-nji ýylyň tomsunda geçiren barlaglary diňe paýtagt Aşgabadyň özünde işsizligiň derejesiniň 50 göterime baryp ýeten bolmagynyň ahmaldygyny anyklady.

Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesi heniz hem syr bolmagynda galýar. Ýöne ýurt raýatlarynyň soňky ençeme ýylyň dowamynda esasan eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn etmegi we daşary ýurt döwletleriniň hödürleýän statistiki sanlary Türkmenistandaky işsizligiň gerimini açyp görkezýär. Türkiýäniň özünde kanuny ýaşaýyş rugsady bilen hasaba alnan türkmenistanlylaryň sany, türk migrasiýa edarasynyň 15-nji iýunda täzelän sanlaryna görä, 212 müň 888 adam hökmünde hasabat berilýär. Garaşsyz çeşmeler Türkiýede ýene ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň bikanun ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Bütindünýä banky soňky birnäçe ýyl bäri türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ygtybarsyz hasaplap, Türkmenistany özüniň ýyllyk hasabatlaryndan çykardy. Gurama Halkara Zähmet Guramasynyň sanlaryna salgylanyp, 2022-nji ýylda Türkmenistandaky işsizligiň derejesiniň 5 göterim töweregi bolandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy harby gullukdan boşap gelýän ýaş ýigitlere we tussaglykdan boşadylýan öňki bendileriň işsiz galýandygyny, olara ne döwlet tarapyndan, ne-de başga taraplardan zähmet mümkinçilikleriniň hödürlenýändigini habar berýärler.

“Tussaglykdan boşap gelenlere we harby gullugy tamamlan ýaş ýigitlere iş ýok. Olara döwlet tarapyndan hiç hili iş hödürlenmeýär. Tersine, köp edaralar, kiçi gurluşyklary alyp barýan firmalar ýapylyp barýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda ilat üçin goşmaça iş orunlarynyň döredilýändigini aýtdy:

“Döwlet syýasatynda raýatlarymyzyň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge, ilatymyzyň işsizlikden goraglylygyna gönükdirilen çärelere hem uly orun berýäris. Bu ugurda goşmaça iş orunlaryny döredip, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirýäris” diýip, prezident aýtdy.

Edil şol gabatlar, 2022-nji ýylyň noýabrynda Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda yglan edilen territorial dolandyryş özgertmeleriniň netijesinde iş orunlarynyň ýene-de azaldylandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, ýurtda Internet arkaly iş gözleýän adamlaryň sany artýan mahaly, maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda Internetiň tizligi juda haýal bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG