Türkmenistanyň gündogaryndaky owadan tebigaty bilen tapawutlanýan Köýtendag sebiti geçen hepdäniň aýagynda syýahatçylar üçin ýapyldy. Bu ýagdaýlary başdan geçiren çeşmämiz, 5-6-njy maý aralygynda sebite ýokary derejeli resmileriň dynç almaga gelendigini, şol sebäpli gelim-gidimli regionyň adaty durmuşunyň togtandygyny gürrüň berdi.
“Geçen anna we şenbe günleri syýahata gelenleri Köýtendagyň barlag postundan geçirmediler. Polisiýa bu ýere Aşgabatdan ýokary derejeli resmileriň gelendigini, olar dynç alyp gideninden soňra, ýagny ýekşenbe gününden başlap adaty raýatlaryň gaýtadan goýberilip başlanjakdygyny aýtdy” diýip, Marydan birnäçe sagat ýol söküp Köýtendaga gelen çeşmämiz gürrüň berdi.
Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinden 300 km uzaklykdaky Köýtendagda tebigy goraghanalar, dag gerişleri, gowaklar, ýylysuw çeşmeleri, şeýle-de Türkmenistanyň 3200 metrlik iň belent Aýrybaba belentligi ýerleşýär. Galyberse-de, sebitiň dag gaýalarynyň ýüzünde millionlarça ýyllyk dinozawrlaryň aýak yz galyndylary hem bar.
Çeşmämiz maýyň ilkinji hepdelerinde bu sebitiň tebigatynyň has hem gözelleşýändigi sebäpli, köp adamyň bu ýere hut şu günler dynç alyşa gelmäge ymtylýandygyny belledi. Geçen hepdäniň aýagynda bu sebitiň eden-etdilikli ýagdaýda raýatlar üçin ýapylmagy, köplerde nägilelik döretdi.
“Adamlaryň aglabasy ýöriteläp hepdäniň soňuna gabat gezelenje gelipdi. Ýekşenbe gününe çenli garaşmaga razy bolanlar hem goşmaça çykdajylara galdylar. Sebäbi bu ýerde diňe dagyň gerşindäki obalaryň kireýine berilýän hojalyk jaýlarynda düşläp bolýar. Olaryň bir gününiň bahasy 500 manat. Iýip-içgi, galan harajatlar öz boýnuňda” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Ýurduň esasy syýahatçylyk sebitleriniň adaty raýatlar üçin ýapylmagy boýunça Köýtendagyň häkimliginden kommentariýa alyp bolmady. Galyberse-de, sapary bilen bu ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolan emeldarlaryň anyk şahsyýetlerini anyklamak başartmady.
Şol bir wagtda, ýerli ilat Köýtendagyň esasy gezelenç sebitleriniň, hususanda bahar paslynda, adaty raýatlar üçin ýapylýan halatlarynyň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny belleýärler. Olar munuň Aşgabatdan ýokary derejeli emeldaryň ýa-da prezidentiň garyndaşlaryň dynç alyşa gelmegi bilen baglydygyny aýdýarlar. Olar gaýdýançalar etrabyň çäginde raýatlaryň hereketi çäklendirilýär, polisiýa berk gözegçiligi ýola goýýar.
Ýatlatsak, 2018-nji ýylyň tomsunda prezidentiň garyndaşlarynyň Köýtendaga gezelenje gelmegi sebäpli diňe bir sebiti petiklemek bilen çäklenmän, şol bir wagtda olaryň uçmaly Türkmenabat-Aşgabat arasynda gatnaýan bir uçarynyň bortundaky 160-dan gowrak ýolagçy düşürilipdi.
Häkimiýet başyndaky uly we kiçi Berdimuhamedowlaryň dogan-garyndaşlary we beýleki maşgala agzalary hakynda jemgyýetçilige elýeterli maglumat köp däl. Ýöne garaşsyz derňewlerde olaryň ýurduň iň düşewüntli pudaklaryna gözegçilik edýändigi, şeýle-de döwlet kärhanalarynyň üsti bilen girdeji çeşmelerini ýola goýandygy barada maglumatlar çykýar. Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw döwletleriniň biriniň häkimiýetleri bulara resmi reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum