Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hytaýyň bähbidine tarap". Si Szinpin bilen Wladimir Putiniň Moskwadaky duşuşygy nähili tamamlandy?


Hytaýyň lideri Si Szinpin we Wladimir Putin Kremlden çykýarlar. Russiýa, 2023-nji ýylyň 21-nji marty
Hytaýyň lideri Si Szinpin we Wladimir Putin Kremlden çykýarlar. Russiýa, 2023-nji ýylyň 21-nji marty

Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin, rus kärdeşi Wladimir Putine eden üç günlük saparyndan soň, Moskwany terk etdi. Olaryň duşuşygy simwolizmden doludy. Bu duşuşygyň nähili netijeleri boldy?

21-nji martda agşam Si Szinpin we Putin Kremlde merkezi gepleşikleri geçirensoň, bilelikdäki beýannama gol çekdiler: Olar Russiýanyň Ukraina çozmagy meselesinde Hytaýyň "oňyn roluny" we "obýektiw, bitarap pozisiýany" yglan etdiler.

Iki lider geljekki ykdysady gatnaşyklar we Günbatary, esasanam ABŞ-ny, NATO-ny, şeýle-de Awstraliýanyň, Angliýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky täze "AUKUS" goranyş paktyny tankytlaýan iki ýurduň döwlet habar beriş serişdeleriniň arasyndaky has ýakyn hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny jikme-jikleşdirýän şertnamalar bukjasyny hödürledi.

Muňa garamazdan, gepleşikler Moskwanyň Günbatar sanksiýalarynyň barha artýan basyşyny ýeňip geçmek üçin zerur bolan möhüm ykdysady meseleler boýunça aýgytly şertnamalary baglaşdyryp bilmedi we şeýlelik bilen, bu ýagdaý Hytaýyň çäkli goldawy we iki ýurduň arasyndaky, Pekiniň peýdasyna tarap egilýän, güýç deňsizligini görkezdi.

“Siniň bu saparyndaky maksady Russiýa bilen status-kony goramakdan ybarat, bir dýuým ýakynlaşmak ýa-da täze hyzmatdaşlyga ýol açmak däl” diýip, Londonda ýerleşýän “Chatham House” analitik merkeziniň Hytaý boýunça uly işgäri Ýu Sze ýazdy.

Sammitde näme gazanyldy?

Duşuşyk, Si Szinpiniň Putin 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina çozanyndan bäri Russiýa eden ilkinji sapary boldy we Ukrainadaky söweş sebäpli ýüze çykan halkara durnuksyzlyga we tolgunyşyklara garamazdan, Pekiniň Moskwanyň tarapynda durjakdygyny görkezmäge niýetlenendi.

Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin we rus prezidenti Wladimir Putin Kremlde geçirilen çärä gatnaşýar. Moskwa, 2023-nji ýylyň 21-nji marty
Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin we rus prezidenti Wladimir Putin Kremlde geçirilen çärä gatnaşýar. Moskwa, 2023-nji ýylyň 21-nji marty

Si Moskwa sapary wagtynda Putiniň uruş baradaky pozisiýasyny goldamagyny dymyşlyk bilen dowam etdirdi we liderler, olaryň sözi bilen aýdylanda "geosyýasy ýagdaýy üýtgetjek" ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze eýýamyny yglan etdiler.

21-nji martda geçirilen resmi günortanlyk naharyndan soň, Si Putine "Häzirki wagtda 100 ýyl bäri görülmedik üýtgeşmeler bolup geçýär. We biz ... bilelikde bu üýtgeşmä itergi berýäris" diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, Si Szinpin Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketlerini goldamak boýunça göni ädim ätmedi we bu sapar Moskwanyň umyt eden käbir uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge kömek edip bilmedi.

Hususan-da, Pekin Russiýanyň öz gaz eksportyny Ýewropadan Aziýa gönükdirmek strategiýasy boýunça möhüm energiýa merkezi bolan “Sibiriň güýji 2” gazgeçirijisini gurmak meýilnamalaryny tassyklamagy soňa goýdy. Bu gazgeçiriji Mongoliýanyň üsti bilen Hytaýa barar.

Putin 21-nji martda köpçüligiň öňünde, hamana, gazgeçiriji barada Hytaý tarapy bilen ylalaşyk gazanylan ýaly çykyş etdi we "bu şertnamanyň ähli parametrleri diýen ýaly ylalaşyldy" diýdi.

Şol gün Putin Si Szinpin bilen söhbetdeşlikde Mongoliýanyň “Sibiriň güýji 2” gazgeçirijisini gurmak üçin gol çekendigini we Russiýanyň şu ýyl Hytaýy azyndan 98 milliard kub metr tebigy gaz bilen üpjün etmegi wada berendigini aýtdy.

Emma bu görkeziji, diňe täze gazgeçirijiniň gurluşygy bilen bagly öňe gidişlik gazanylan halatynda başa barar. Duşuşykda Si Szinpin hem, bu mesele boýunça dymyşlygyny saklady.

Saparyň netijeleri boýunça bilelikdäki beýannamada diňe Hytaý bilen Russiýanyň gazgeçirijiniň gurluşygy boýunça meýilnamalary "öwrenmek we sazlaşdyrmak boýunça işleriň ilerlemegi üçin tagalla etjekdigi" bellenildi.

“Kompaniýalara taslamanyň jikme-jikliklerini ýekän-ýekän öwrenmek we mümkin boldugyça gysga wagtda gol çekmek barada görkezmeler berildi. Şertleriň ylalaşylmagyny üpjün etmek üçin şeýle görkezmeler berildi" diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Aleksandr Nowak žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

"Biz şu ýyl bolar diýip umyt edýäris" diýip, ol sözüne goşdy.

"Ukrainada parahatçylygy gazanmak" meýilnamasynda öňe gidişlik boldumy?

Si Szinpiniň saparynyň öňüsyrasynda, ähli üns onuň Putini Ukrainada ýaraşyk üçin basyş etjekdigine ýa etmejekdigine we Hytaýyň fewral aýynyň ahyrynda köpçülige aýan eden söweşi bes etmek baradaky teklibini urşy bes etmäge esas hökmünde ulanyp boljakdygyna ýa bolmajakdygyna gönükdirilipdi.

Indi, Moskwadaky duşuşygyň yz ýanynda, Ukrainadaky parahatçylyk öňküsi ýaly uzakda ýaly bolup görünýär.

Hytaýyň lideri Si Szinpin we Wladimir Putin
Hytaýyň lideri Si Szinpin we Wladimir Putin

Putin Hytaýyň urşy nädip bes etmelidigi bilen ilteşikli hödürlän resminamalary boýunça gepleşiklere açykdygyny, ýöne üstünligiň Günbatar ýurtlarynyň we Kiýewiň bu pikire näderejede açyklygyna baglydygyny aýtdy.

Hytaýyň 12 punktly meýilnamasy Günbatarda ret edildi, sebäbi bu plan Russiýany Ukrainany terk etmäge gönüden-göni çagyrmaýar we Moskwanyň şertleri boýunça konflikti doňdurmak synanyşygy hökmünde düşündirilýär.

Waşingtonyň Pekiniň harby kömegi göz öňünde tutýandygy baradaky duýduryşyna garamazdan, Hytaý söweş meýdanynda Russiýa göwünli-göwünsiz kömek edýär.

Kiýew Hytaýyň teklibine şübheli çemeleşýär we gepleşikleriň şerti hökmünde Russiýanyň goşunlaryny Ukrainanyň çäginden çykarmagyny talap edýär. Şol bir wagtda, ukrain ýokary derejeli resmileri uruş wagtynda Pekini tankytlamakdan saklanýarlar.

Si Szinpin Russiýanyň Ukraina çozuşyndan bäri ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen gürleşmedi, ýöne "Wall Street Journal" neşiri onuň Moskwa eden saparyndan öň, iki lideriň arasynda gepleşikleriň gün tertibinde bolup biljekdigini habar berdi. Zelenskiý 21-nji martda jaň barada Si tarapyndan "entek tassyklama ýok" diýdi.

Indi Hytaý we Russiýa gatnaşyklary üýtgärmi?

Gyzyl halydaky dabaraly duşuşygyň aňyrsynda, Pekin Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň töwereginde berk diplomatik ýüp bilen ýöreýär. Bu uruş Günbatary soňky ýyllara garanyňda has birleşdirdi we Pekiniň iki - Birleşen Ştatlar we ABŞ - esasy söwda hyzmatdaşy bilen gatnaşyklaryna has köp dartgynlylyk goşdy.

Saparyň esasy ýörelgesi Hytaýyň Russiýa bilen gatnaşyklaryna henizem gyzyklanýandygyny we Ukrainadaky urşuň gatnaşyklarynyň esaslaryny üýtgetmejekdigini görkezmekden ybaratdy. Si goldaw alamaty hökmünde Putini "amatly wagtda" şu ýyl Hytaýa gelmäge çagyrandygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, bu sapar olaryň gatnaşyklarynyň çäklerini we Hytaýyň Russiýa Pekiniň öz bähbitlerine howp salyp biljek goldawy hödürlemäge taýýar däldigini görkezdi.

Pekin, Ukrainadaky söweş wagtynda Russiýany möhüm ykdysady goldaw bilen üpjün etdi, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 2022-nji ýylda rekord derejä, 190 milliard dollara ýetdi. Moskwa özüniň esasy energiýa bazary hökmünde Hytaýa garaşly bolýan mahaly, Hytaýyň pul birligi ýuan hem Russiýanyň esasy daşary ýurt walýutasyna öwrülmeli.

Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin
Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin

Şeýle dinamika Hytaýyň peýdasyna tarap bolup biler. 2014-nji ýylda, Krymyň anneksiýa edilmegi sebäpli Moskwa sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, Pekin 2019-njy ýylda işe girizilen "Sibiriň güýji” gazgeçirijisi arkaly arzan bahadan gaz üpjünçiligi barada gepleşik geçirip bilipdi. Russiýanyň öz energiýa serişdeleri üçin alyjylary tapmak boýunça häzirki zerurlygy täze gazgeçiriji babatynda hem şol bir ssenariýa eýerilmegine we Hytaýyň kesgitlän şertleri boýunça şertnama baglaşylmagyna getirip biler.

Häkimiýetdäki deňagramsyzlygyň we ykdysady garaşlylygyň ýokarlanýandygyna garamazdan, Si Putine deň garamak üçin elinden gelenini etdi we ekspertler hytaý lideriniň geljekde ABŞ-a garşy alyp barjak göreşinde, Russiýany möhüm hyzmatdaş hökmünde görýändigini aýdýarlar.

Bu, olaryň gatnaşyklarynyň islendik gymmatlyklar esasynda däl-de, esasan Waşingtona garşy umumy nägileligiň netijesinde emele gelendigini aňladýar we Hytaýyň esasy maksady Moskwany öz tarapynda saklamakdan we onuň çozuş netijesinde Günbatara garşy durup bilmejek derejede ejizlemeginiň öňüni almakdan ybaratdyr.

Bu pikir Hytaýyň möhüm daşary syýasat analitikleri tarapyndan paýlaşylýan ýaly bolup görünýär.

Täsirli daşary syýasat alymy we Şanhaý Halkara gözleg institutynyň Akademiki konsultatiw geňeşiniň başlygy Ýan Szemýan fewral aýyndaky maglumatynda "Russiýa hemişelik gowşasa, onda onuň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Günbatara garşy çykyp bilmejekdigini ýa-da söweşip bilmejekdigini we netijede, munuň Hytaýy düýbünden amatsyz strategiki gurşawda galdyrjakdygyny" aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG