20 ýaşly Mursal Ahmadzaý Kabulda ýaşaýar. "Talyban" aýallara uniwersitetlerde okamagy gadagan edýänçä, ol grafiki çyzgylary öwrenipdir.
«Gynansam-da, beýleki owgan gyzlary ýaly, menem häzir öýde otyryn – diýip, ol gürrüň berýär. — Men owgan gyzlarynyň görýän jebir-sütemlerini we horluklaryny surata geçirýärin. Bu, elbetde, maňa ýaranok, sebäbi owgan gyzlarynyň şatlygyny hem öz Watanymyň gözelligini şekillendirmek isleýärin».
Üçünji semestri wagtynda uniwersiteti taşlamaga mejbur bolan Ahmadzaý perenjinin arkasynda örtülen owgan aýallarynyň gaýgy-hasratyny suratlandyrmaga çalyşýar.
Mina Mamigiň maşgalasynyň asly Owganystanyň Nangarhar welaýatyndan. Ol entek çaga wagtynda, ene-atasy Niderlandiýa gelipdir.
«Biziň maşgalamyz elhenç günleri görüpdir, häzir bolsa biz öz taryhymyzyň iň garaňky döwürleriniň birini başdan geçirýäris. Biz dünýäde gyzlaryň mekdebe gidip, bilim alyp bilmeýän ýeke-täk ýurdy bolup durýarys, olary başga-da köp zatdan mahrum edýärler» diýip, ol aýdýar.
Mamik Owganystana täzeden dolanyp barmak arzuwyny görkezjek bolup, öz umydyny suratlandyrýar.
«Aýallar – ýagtylyk hem mertlik çeşmesi, olar bu babatda diňe bir maşgalasynda däl, eýsem, has giň möçberde şeýledir. Olar islendik jemgyýetiň, şol sanda biziň jemgyýetimiziň hem esasy sütünleridir» diýip, sözüne goşýar.
Lema Sarwan — Gazna welaýatyndan bolup, on ýyldan gowrak wagt bäri Pragada ýaşaýar.
«Okuwçy gyz mekdebe gitmäge taýýar, ýöne "Talybanyň" döredýän syýasaty sebäpli gidip bilmeýär» diýip, Lema çeken suratyndaky şekili düşündirýär.
Sara Rahmani Owganystanda doglup, şol ýerde ösüp-ulaldy. Mundan bäş ýyl öň ABŞ-a bardy. Häzirki wagtda Sara binagärlik sungatynyň esaslaryny we gurluşyk işlerini öwrenýär.
Onuň bu atsyz suraty bosgunlaryň durmuşynyň üç tapgyryny suratlandyrýar, aýratyn-da ol gyz talyplar häkimiýete gaýdyp gelenden soň watanyndan gaçýar.
«Birinji tapgyr – ol gözellik, bagtlylyk hem Kabulyň erkinligi. Şonda gyzlar hem oglanlar ýaly mekdebe gidýärdiler» diýip, ol aýdýar.
Ikinji tapgyr “Talybanyň” hökümete gelen döwründäki başagaýlyk.
«Gyzlar üçin mekdepleriň ýapylmagy, aýal-gyzlaryň öz hukuklaryny yzyna gaýtaryp almak ugrundaky göreşi we "Talybanyň" Owganystany türmä öwren şertlerinden, adamlaryň gaçyp çykmaga bolan synanyşyklary örän gynandyryjy ýagdaý» diýip, Sara Rahmani aýdýar.
Rahmani öz eserini "migrasiýadan soňky hasrat hem ýurdy küýsemek tapgyry" bilen tamamlaýar.
Sara Barak ýurduň günbatarynda ýerleşen Hyrat welaýatyndan bolup, ol orta mekdebi tamamlandan soň, Türkiýede sungat we kino boýunça ýokary bilim almak ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolýar. Ol Owganystanda ilkinji zenan animatory hökmünde tanalýar.
Barak şeýle ýazýar:
Olar meni görünmesiz, unudylan ýokluga öwürdiler,
Kölegä, dogulmadyga, dymmaklyga...
Men azatlykdan mahrum, tora gabalan.
Aýt maňa, gahar-gazabyma hem hyjuwyma nädip erk edersiň?
Aýt maňa, bu dünýäde men nädip direlip bilerin?
18 ýaşly Rohsar Rahimi Kabulda doglup, şol ýerde ösüp-ulaldy. Ol owgan paýtagtynda okaýarka, birnäçe sungat sergilerine gatnaşdy.
"Talyban" oňa we beýleki gyzlara bilim almagy gadagan edende, Rahimi kollejdäki okuwyny tamamlapdy.
Yzarlamalardan gorkup, olaryň maşgalasy Owganystandan gaçyp çykdy. Onuň «Zynjyryň üzülmegi» işi ýaş zenanlaryň agyr ýagdaýyny suratlandyrýar.
«Suratda görnüşi ýaly, gyzlaryň aýagyna daňlan zynjyr üzülýär hem olar öz geljeginiň hatyrasyna ýagtylyga tarap hereket edýärler. Bu surat okamak gadagan edilen owgan gyzlarynyň häzirki beýany bolup durýar. Emma olar bu düzgüni kabul etmeýärler, millionlarça owgan gyzlary we zenanlary bilim hem iş haky ugrunda göreşýärler. Owgan zenanlary bilim almak hukugyndan mahrum edilýändigine garamazdan, häzirki wagtda olar gizlin okaýarlar we başgalaryň öz ykbaly babatda karar kabul etmegine ýol bermeýärler» diýip, Rahimi aýdýar.
Atena Soltaniniň asly Hyrat welaýatyndan bolup, Hyrat uniwersitetiniň gözellik sungaty fakultetini tamamlady.
«Owganystanda aýallar uruşdan ejir çekdi, häzirem olar urşuň pidasy bolup galýarlar. Bu günlerde owgan gyzlary özlerine garşy gönükdirilen Sowuk urşy başdan geçirýän wagtynda, men sizden nirede bolsaňyz-da, olary goldamagyňyzy we çykyş etmegiňizi haýyş edýärin» diýip, ol belleýär.
"Talybanyň" gyzlara diplom bermegi gadagan edendigi sebäpli Soltani başga ýerde bilimini dowam etdirip bilmeýär.
Mariýa Hoşeýn-Habibi Kabulda dünýä inip, Germaniýada ösüp-ulaldy. Ol çagalykdan surat çekýär.
Ol 2020-nji ýylda магистр diplomyny alandan bäri uniwersitetde leksiýalar bilen çykyş edýär, şeýle hem sungatdan mugallymçylyk kärini dowam etdirýär we orta mekdepde iňlis dilinden sapak berýär.
«Men Owganystanyň kynçylyklaryny we ol ýurduň medeniýetini sungat arkaly görkezmäge çalyşýaryn. Başga temalar bilen birlikde, men milli aýratynlyklary, jemgyýetdäki gysyşlar we aýratyn duýgular bilen bagly meseleleri-de gozgaýaryn» diýýär.
Onuň suraty “Talybanyň” häzirki alyp barýan syýasatynyň ýokary meňzetmesidir.
«Suratda çadyra bürenen gyzyň şekili berilýär, ýöne ol çadyranyň aşagyndan, ýüzüne nur çaýýan kitaby okaýar. Bu bolsa bilimiň ýagty geljegi üpjün etjekdigini görkezýär. Kitabyň ady — "Owganystanyň geljegi» diýip, ol düşündirýär.