Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ygrarly sebit we awtoritar meýilleri. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň sapary Merkezi Aziýa nämä berip biler?


BMG-niň Baş Assambleýasynda Russiýadan öz goşunlaryny Ukrainadan haýal etmän we hiç bir şert goýmazdan yzyna çykarmagyny talap edýän rezolýusiýa boýunça ses berlişigiň netijeleri. Şonda Gazagystan 32 sany “saklanan" ýurtlaryň hatarynda boldy. Nýu-Ýork, 23-nji fewral, 2023.
BMG-niň Baş Assambleýasynda Russiýadan öz goşunlaryny Ukrainadan haýal etmän we hiç bir şert goýmazdan yzyna çykarmagyny talap edýän rezolýusiýa boýunça ses berlişigiň netijeleri. Şonda Gazagystan 32 sany “saklanan" ýurtlaryň hatarynda boldy. Nýu-Ýork, 23-nji fewral, 2023.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken sebitde ilkinji saparyna Russiýanyň Ukraina girmeginden bir geçensoň başlady. Sebit bolsa entegem Moskwa ygrarly bolmagynda galýar. Şol bir wagtda, Merkezi Aziýanyň iri iki ýurdunda – Gazagystanda we Özbegistanda başlan özgertmeler awtoritar meýillere ýol berýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary öňki SSSR-iň bäş ýurdy bilen gepleşik geçirmek maksady bilen soňky gezek Merkezi Aziýa bolanynda, koronawirus heniz pandemiýa diýip yglan edilmändi, Russiýa hem soňlugy bilen tutuş sebiti tolgundyran Ukraina garşy doly möçberdäki çozuşlaryna başlamandy.

Ikinji tarapdan, häzirki döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewralda Gazagystanyň paýtagty Astana gonanynda, oňa bar zadyň tanyş görnen bolmagy mümkin.

Merkezi Aziýa köp wagt bäri dünýäniň iň awtoritar sebitleriniň biri hasaplanýar, belki-de, ol häzir mundan üç ýyl ozal Blinkeniň öňki kärdeşi Maýk Pompeo gelen döwründen hem az demokratikdir.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken

Eýsem Blinkeniň Orsýetiň çozuşlary başlanandan bir ýyl soň Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän sapary sebitde käbir kyn ýagdaýy döretmegi mümkinmi? Sebäbi sebit ähli tarapdan ýaranlaryň berk göz astynda durýar.

Blinkeniň saparynyň öňüsyrasy geçirilen metbugat brifinginde, onuň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Donald Lu: "Dünýäniň şol böleginiň ykdysady we jemgyýetçilik basyşlaryny başdan geçirýändigini" boýun aldy. Merkezi Aziýanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolan Orsýete garşy Günbataryň girizen sanksiýalary bu basyşy şübhesiz has-da güýçlendirdi.

«Biziň esasy maksadymyz ABŞ-nyň ygtybarly hyzmatdaşdygyny görkezmek, biz ykdysadyýetiň duş gelýän kynçylyklaryny görýäris» diýip, Lu aýtdy. Esasy kynçylyklar diýip ol "azyk önüminiň we ýangyjyň ýokary bahalaryny, işsizlik derejesiniň artmagyny, harytlaryň eksporty bilen bagly kynçylyklary, COWID zyýanynyň haýal dikeldilmegini we urşa alynmagyndan gaçyp, Orsýetden gelenleriň uly akymyny" agzady.

Şonuň bilen birlikde, Lu Blinkeniň gepleşikleriniň bir böleginiň sebitde sanksiýalaryň berjaý edilmegine ünsi çekjekdigini hem belledi.

"Bu sanksiýalaryň netijeleriniň Russiýadan tapawutlylykda, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetiniň käbir ugurlaryna täsirini aýdyň görýäris. Biz bu ugurda Merkezi Aziýa respublikalaryny goldamagy dowam ederis" diýip, Lu metbugat işgärlerine aýtdy.

«ORSÝETIŇ ÖŇÜNDÄKI ŞOL KÖNE GORKY»

23-nji fewralda BMG-niň Russiýanyň Ukrainadaky goşunlaryny haýal etmän we hiç bir şert goýmazdan yzyna çykarmagyny talap edýän kararyna ses berlişiniň netijesinde, Merkezi Aziýa dünýäniň geosyýasy kartasynda tutýan ornuny has-da görkezdi.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan kabul edilen karar boýunça ses bermekden saklanan 32 ýurduň arasynda boldy, dünýäniň galan 141 döwleti Ukrainany goldap ses berdi we ýedi ýurt – Belarus, Demirgazyk Koreýa, Russiýa ýaly döwletler garşy ses berdi.

Türkmenistan özüni bitarap ýurt hasaplap, ses berişlige asla gatnaşmady.

Ses berlişikden iki gün soň, Moskwanyň ýarany Pekin tarapyndan Ukraina baradaky çap edilen teklipleri Gazagystanyň Daşary işler ministrligi "goldawa mynasyp" diýip atlandyrdy. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden eger ol amala aşyrylsa, "başgalara garanda Russiýa peýdaly boljakdygyny" öň ýaňzydypdy.

Hytaýyň dokumentinde ähli döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmagy dil ýüzünden aýdylsa-da, ol Russiýany tankyt etmekden saklanýar we Günbataryň öz ýaranyna garşy sanksiýalarynyň bes edilmegini goldaýar.

Hytaý prezidenti Si Jinping (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Samarkantda geçen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde surata düşýärler. Özbegistan, 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabry.
Hytaý prezidenti Si Jinping (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Samarkantda geçen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde surata düşýärler. Özbegistan, 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabry.

Gazagystan sanksiýalary tankytlaýar, emma Astananyň olary berjaý etjekdigi baradaky wadasy käbir rus syýasatçylarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň ýurduň ýolbaşçylygyna garşy ýaramaz sözleriniň ýaýbaňlanmagyna getirdi. Bu käbir ýagdaýlarda Ukraina edilişi ýaly, çozuş haýbatyna çenli baryp ýetýär.

«Merkezi Aziýa döwletleriniň bitaraplyk pozisiýasy barada aýdýarys, aslynda ol bitaraplyk däl, häzirem Orsýetiň öňündäki şol köne gorky" diýip, Daşkentden bolan analitik Anwar Nozirow aýdýar.

Şol bir wagtda, Nozirow bu sebitde Moskwanyň we Pekiniň täsiriniň ýokarydygyna garamazdan, Waşingtonyň häzir hem zerur rol oýnap biljekdigine ynanýar.

"Regionda köp kynçylyklar bar, bu ýagdaý howanyň üýtgemegi, suw ýetmezçiligi, energiýanyň ýetmezçiligi, elbetde, Owganystanda “Talybanyň” ýene-de häkimiýet başyna gelmegi bilen hasam beterleşýär” diýip, Nozirow belleýär. Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetleşýän ýurtdan koalisiýadaky güýçleriniň çekilmegini "betbagtçylyk" diýip atlandyrdy.

"Russiýa bu kynçylyklary hiç haçan dolulygyna çözmedi, Hytaýyň çäreleri esasan diňe onuň iş bähbitleri bilen çäklenýär. Merkezi Aziýa häli-häzire çenli esasan gabawda galýar, Russiýa tarapyndan alnyp barylýan uruş bolsa biziň ýurtlarymyzyň adamlaryna diňe täze kynçylyklary döredýär" diýip, Nozirow sözüne goşýar.

TOPARLAR PEÝDALYMY?

Blinken Astanada Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşykdan soň, Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň bäşisiniň daşary işler ministrleri bilen 5+1 duşuşygynyň çäginde, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen hem duşuşýar. Soňra ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin, Özbegistana we Hindistana sapar edýär.

Şeýlelikde, Blinken döwletiň reforma baradaky aýdýanlaryna ýerlerdäki aýdyň demokratik däl faktlar garşy gelýän sebitiň iň uly iki ýurduna sapar edýär.

Gazagystanda daşary ýurt missionerleri, şol sanda Waşington 2022-nji ýylyň başynda azyndan 238 adamyň ölümine sebäp bolan zorluk barada adalatly we açyk barlag geçirilmegini talap etdiler. Gozgalaňlar döwründe edilen zorluk-sütemlere degişli diňe birnäçe howpsuzlyk işgärine höküm çykaryldy, ýüzlerçe protestçi bolsa türmä basyldy.

Çepden saga: Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem-de Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Daşkentde C5+1 duşuşygynda toparlaýyn surata düşmäge garaşýar. Özbegistan, 2020-nji ýylyň 3-nji fewraly.
Çepden saga: Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem-de Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Daşkentde C5+1 duşuşygynda toparlaýyn surata düşmäge garaşýar. Özbegistan, 2020-nji ýylyň 3-nji fewraly.

Tokaýew ýanwar wakalaryndan soň, "Täze Gazagystany" jar etdi, netijede, onuň köp wagtdan bäri halypasy bolan Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň maşgalasynyň täsiri gowşady. Gazagystanly syýasy bilermen Gaziz Abişewiň aýtmagyna görä, Tokaýewiň käbir hereketleri ynam dörediji görünýär.

"Post-awtoritar özgertmeler elmydama çylşyrymly, emma men köp ugurlarda ýagdaýyň Nazarbaýew döwründen gowulaşýandygyna ynanýaryn" diýip, Abişew oppozisiýadaky syýasatçylaryň sanynyň artmagyna salgylanyp aýdýar. Saýlaw kanunçylygynda girizilen üýtgetmeleriň kömegi bilen olardan ýakynda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýäniň bardygyny belleýär.

Emma Blinkeniň saparynyň öňýany birnäçe potensial kandidat salgyt amallaryndaky ýalňyşlyklar sebäpli, özleriniň saýlawa gatnaşmakdan mahrum edilendigine nägilelik bildirdiler. Şeýle hem soňky hepdelerde Gazagystanda tankytçy žurnalistlere garşy hüjüm gurnaldy.

Pompeo 2020-nji ýylda Daşkende gelende, Özbegistan reformalary üçin, "Economist" žurnaly tarapyndan "ýylyň ýurdy" diýlip ykrar edilipdi. Reformalar 2016-njy ýylda ýurdy berk izolýasiýada saklan Yslam Kerimowyň ölüminden soň, häkimiýet başyna gelen prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan amala aşyrylyp başlandy, ýogsa-da ol Kerimow döwründe ýurduň premýer-ministridi.

Şol bir wagtda, geçen ýyl Özbegistanyň hökümet goşuny Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýurduň garaşsyzlyk statusynyň konstitusiýa üýtgetmeleri arkaly ýatyrylmagyna garşy geçirilen protestleri rehimsiz togtatdy, netijede, resmi maglumatlara görä, 21 adam ýogaldy.

Merkezi Aziýada adam hukuklary meselesini gozgamak Waşington üçin, köplenç kyn tema bolup durýar.

Sebitdäki ýurtlar hem ABŞ-nyň resmileriniň öz strategik hyzmatdaşlarynyň zorluk-sütemlerini ýazgarmagyna hemişe duýgudaşlyk bildirmeýärler.

2020-nji ýylda Pompeo Merkezi Aziýanyň goňşulary bolan Hytaýyň aglaba bölegi musulmanlardan durýan Sinjiang welaýatynda alyp barýan ägirt uly basyş çärelerini esasy mesele edip goýanynda, Pekin tarapyndan gahar-gazap reaksiýalaryny döretdi.

Şeýle-de, ol Özbegistanyň şol wagtky Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň sypaýyçylykly igenjini aldy. Ol "uly döwletleriň bäsleşiginden, sebitde ýaramaz syýasy netijeleriň döremeginden" öz ýurdunyň gaça durmak islegini yglan etdi.

Bu Blinkeniň Merkezi Aziýa ilkinji sapary bolsa-da, ol öň sebitden gelen kärdeşleri bilen soňky gezek sentýabr aýynda Nýu-Ýorkdaky Birleşen Milletler Guramasynda duşuşypdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýa döwletleri bilen 5+1 duşuşyklaryny geçirýän birnäçe ýurtlaryň biridir.

Geçen ýyl Täjigistanyň köpden bäri gelýän awtokrat lideri Emomali Rahmon rus lideri bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda eden açyk çykyşynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine şuňa meňzeş birleşikden ýadandygy baradaky pikirini ýaňzytdy.

"Amerika goşmak Merkezi Aziýa, Günorta Koreýa goşmak Merkezi Aziýa, Ýaponiýa goşmak Merkezi Aziýa, belki, Pakistan goşmak Merkezi Aziýa-da bolar” diýip, Rahmon mälim etdi.

Ýöne synçy Abişew tassyklamagyna görä, şeýle formatyň käbir artykmaçlyklary bar, esasan sebitde adatça häkimiýete eýe bolan ýurtlaryň täsirinden, daşary integrasiýany öňe sürmek mümkinçiligi döreýär.

«Meniň pikirimçe, bu biziň özygtyýarlygymyza we garaşsyzlygymyza peýdaly, sebäbi bu owaly bilen sebitiň ýurtlaryny birleşdirýär. Ýekelikde bolsak, Russiýa ýaly ýurt bizi bölüp ýa-da ýok edip bilýär, eger biz birleşsek, ony etmek has kyn bolar" diýip, Abişew belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG