Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Rus türmesinden Ukrainadaky söweşe". Samarkandyň iki ýaşaýjysynyň jesetleri Özbegistana gowşuryldy


Samarkand welaýatynyň Bulungur etrabynyň ýaşaýjylary Babur Abdumuminow (çepde) we Şahrior Jalolow
Samarkand welaýatynyň Bulungur etrabynyň ýaşaýjylary Babur Abdumuminow (çepde) we Şahrior Jalolow

Ukrainadaky söweşde ölen özbegistanly iki ýaşaýjynyň tabyda ýerleşdirilen jesetleri Samarkand welaýatynyň Bulungur şäherine eltildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna (Ozodlik) elýeterli bolan maglumatlara görä, biri 26 ýaşyndaky we beýlekisi 24 ýaşyndaky iki oglanyň jesetleri 19-njy ýanwarda Russiýadan Özbegistana getirildi we gyssagly jaýlandy.

Babur Abdumuminow we Şahriýor Jalolow jesetleri tabyda ýerleşdirilip, olaryň "Ukrainadaky söweşde ölendigini" görkezýän resminamalar bilen öýlerine iberilen we Ozodlik tarapyndan olaryň şahsyýetleri anyklanan ilkinji özbeklerdir.

Häzirki wagtda Ozodlik tabytlara ýerleşdirilen jesetleri soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Özbegistana getirilen ýene birnäçe özbek raýatynyň şahsyýetlerini anyklamaga synanyşýar.

Şahriýor Jalalow
Şahriýor Jalalow

Türmeden söweşe

Ukrainadaky söweşde ölen 24 ýaşly Şahriýor Jalolowyň tabyda ýerleşdirilen jesedi 19-njy ýanwarda Russiýadan Bulungur şäheriniň Katta kildon obasyna eltildi.

Jalolowyň garyndaşlarynyň maglumatyna görä, merhumyň maşgalasyna onuň tabyty bilen bilelikde, Şahriýoryň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Ukrainanyň Donetsk sebitinde ölendigi barada resminama berildi.

Bir nusgasy Ozodlige gelip gowşan Şahriýor Jalolowyň ölüm şahadatnamasy Rostow-na-Donyň hasaba alyş bölümi tarapyndan 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda berlipdir.

Şahriýor Jalolowyň ölüm şahadatnamasy
Şahriýor Jalolowyň ölüm şahadatnamasy

Garyndaşlarynyň habar bermegine görä, Şahriýor öňki zähmet migranty bolup, ol Russiýanyň türmeleriniň birinde tussaglyk möhletini ýerine ýetirýärdi. Şahriýoryň garyndaşlary onuň söweşe nädip gidendigini we nädip ölendigini bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Samarkandyň hasaba alyş gullugy tarapyndan berlen resminamada Şahriýor Jalolowyň ölümine "köp gan ýitirmegi" sebäp bolandygy aýdylýar.

Şahriýor Jalolowyň maşgala agzalary Ozodlige interwýu bermekden ýüz öwürdiler.

Bobur Abdumominow
Bobur Abdumominow

"Kora Kamar" obasyndaky jaýlama

19-njy ýanwarda Samarkandyň Bulungur şäheriniň Kora Kamar obasyna ýene bir oglanyň - 26 ýaşly Babur Abdumuminowyň - tabyda ýerleşdirilen jesedi getirildi. Ol hem Ukrainada aradan çykdy.

Garyndaşlaryndan alnan maglumata görä, zähmet migranty hökmünde Russiýada gidän Babur sekiz aý ozal türmä düşüpdir. Geçen ýyl kakasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Babur özüniň "pasportunyň möhleti geçendigi sebäpli" türmä düşendigini aýtdy, ýöne başga maglumat bermedi.

Samarkandyň hasaba alyş bölümi tarapyndan berlen ölüm şahadatnamasy
Samarkandyň hasaba alyş bölümi tarapyndan berlen ölüm şahadatnamasy

Ozodligiň žurnalisti bilen geçiren gysga telefon söhbetdeşliginde Babur Abdumuminowyň kakasy oglunyň Ukraina haçan we nädip gidendigini bilmeýändigini aýtdy.

Ozodligiň redaksiýasyna hem Abdumuminowyň haçan Ukraina iberilendigini we bu ýurduň haýsy sebitinde ölendigini anyklamak başartmady. Onuň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, olara diňe Baburyň geçen ýylyň 15-nji dekabrynda Ukrainada ölendigi aýdylypdyr.

Babur Abdumuminowyň kakasy oglunyň jynazasyndan soň aýaly bilen özüniň hal-ýagdaýynyň gowy däldigini aýdyp, söhbetdeşlikden ýüz öwürdi.

"Wagneriň" beren wadalaryna ynandy

Merhumyň Russiýadaky tanyşlary bilen habarlaşmagy başaran Baburyň dostunyň sözlerine ynanynlsa, onda türmede Babury we beýleki tussaglary Russiýanyň hakyna tutulan söweşijilerden düzülen “Wagner” topary Ukrainadaky söweşe çekipdir.

“Dostum Babury tanaýan adamlar maňa hususy harby kompaniýanyň wekilleriniň Babura Ukrainada bary-ýogy bir aý söweşse, onda onuň aklanjakdygyny, soň bolsa watanyna gidip biljekdigini wada berendigini aýtdylar. Mundan başga-da, olar oňa üç müň dollar beiljekdigini aýdypdyrlar. Babur bularyň hemmesi barada Russiýadaky dostlaryndan birine aýdypdyr. Soň onuň bu dosty maňa jaň etdi we hemme zady gürrüň berdi. Ýöne ol menden Baburyň Ukrainada söweşe gidendigi barada onuň maşgalasyna aýtmazlygy haýyş etdi. Onuň ejesi gaty ýarawsyz, şonuň üçin men olara hiç zat aýtmadym " diýip, Kora Kamar obasynda ýaşaýan, merhum Babur Abdumuminowyň dostlaryndan biri anonimlik şertinde Ozodlige beren maglumatynda aýtdy.

Häkimiýetleriň dymyşlygy

Babur Abdumuminowyň ýaşaýan "Mingçinor" sebitinde geçirilen mähelle üýşmeleňinde merhumyň maşgalanyň ýeke oglydygy habar berildi. Ol birnäçe ýyl ozal Russiýa işlemäge gidipdir we ol ýerde dürli ownuk işlerde zähmet çekipdir.

Redaksiýamyz Bulungur şäheriniň we Samarkand welaýatynyň administrasiýalaryndan Ukrainada iki özbegiň ölendigi barada maglumat alyp bilmedi. Bulungur etrabynyň administrasiýasynyň özüni tanyşdyrmakdan saklanan bir işgäri žurnalistimize ýerli häkimiýetlerde etrap ýa-da sebit ýaşaýjylaryndan kimdir biriniň Ukrainada söweşmäge gidendigi barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Ozodligiň Özbegistanyň Moskwadaky ilçihanasy bilen habarlaşmak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Özbekler Ukrainadaky söweşe çekilýärler

Bu aralykda, soňky döwürde "Wagner" toparynyň wekilleriniň Russiýanyň türmelerindäki merkezi aziýaly migrantlary Ukrainadaky uruşda söweşmäge çekmegi dowam etdirýändigi baradaky habarlar artdy.

Russiýada migrantlaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan aklawçy Batyr Şermuhammad Ozodlige beren maglumatynda "Wagner" tarapyndan Ukrainadaky söweşe gatnaşmak üçin hakyna tutulan we uruşda ölen özbek tussaglarynyň jesetleriniň Russiýanyň Rostow sebitinde toplanýandygyny we soňra Özbegistana iberilýändigini aýtdy.

“Bizde bar bolan maglumatlara görä, bu özbekleriň biriniň ejesine "Wagner" toparyndan jaň etdiler we olar onuň oglunyň jesedini Andijana iberdiler. Biz bu oglanyň adyny we familiýasyny bilýäris, bizde onuň pasportynyň nusgasy hem bar. Ýöne onuň maşgalasy entek bu maglumatlary aýan etmäge taýyn däl" diýip, aklawçy aýtdy.

Balakliýanyň golaýynda ýesirlikde ýitirim bolan özbekleriň ykbaly näbelli

Häzirki günde özbek zähmet migrantlarynyň we tussaglarynyň şertnama esasynda Ukrainadaky uruşda söweşmäge iberilýändigi barada köp sanly tassyklanmadyk maglumatlar bar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda hakyna tutulan söweşijilerden düzülen “Redut” toparyndan bolan iki özbegistanlynyň ukrain aňtaw gullugynyň işgärlerine ýesir düşendigi baradaky wideo sosial ulgamlarda ýaýrady.

Ýesir düşen oglanlar özleriniň özbegistandandyklaryny we Russiýanyň hususy harby kompaniýasynyň hatarynda minomýotçy hökmünde söweşendiklerini boýun aldylar.

Ýesir düşen özbekler baradaky wideo bilen bagly ne Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, ne-de ýurduň beýleki ygtyýarly guramalary henize çenli kommentariýa bilen çykyş etdiler. Bu oglanlaryň soňky ykbaly hem näbelli bolmagynda galýar.

Daşkentiň resmi pozisiýasy

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi we Daşarky migrasiýa guramasy daşary ýurtlaryň goşunyna we beýleki güýç gurluşlaryna goşulmagyň jenaýat işidigini ýatladyp, özbek zähmet migrantlaryny Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gapma-garşylyga çekilmezlige we iki tarapyň ýaragly güýçlerine goşulmazlyga yzygiderli çagyryp gelýär.

Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde "harby gulluga, howpsuzlyk edaralaryna, polisiýa, harby adalat edaralaryna ýa-da şuňa meňzeş beýleki daşary ýurt guramalaryna çagyrylanlar üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner".

Ozodligiň redaksiýasy Özbegistanyň Daşarky migrasiýa guramasynyň Daşkentdäki we Moskwadaky wekillerine ýene-de bir gezek ýüz tutup, özbekleriň, şol sanda Samarkand welaýatynyň Bulungur şäheriniň iki ýaşaýjysynyň Ukraindakay uruşda ölmegi bilen baglanyşykly has jikme-jik maglumat bermegi haýyş etdi.

Özbegistanyň Daşarky migrasiýa guramasynyň Moskwadaky wekili Maşrab Madrahimow redaksiýanyň žurnalistine kommentariýa almak üçin agentligiň metbugat gullugyna ýüz tutmagy maslahat berdi. Emma redaksiýa entek guramanyň metbugat gullugyndan maglumat alyp bilmedi.

Ukrainada heläk bolan gyrgyz raýatlary

Gyrgyzystanyň raýaty, Leýlek etrabynyň ýaşaýjysy Zamir Çoloýew Ukrainadaky söweşde öldi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, bu maglumat merhumyň garyndaşlary tarapyndan tassyklandy.

Çoloýewiň tanyşlary onuň Russiýanyň türmesinde tussaglyk möhletini berjaý edendigini we "Wagner" toparynyň üsti bilen söweşe gatnaşandygyny aýtdylar. Merhumyň garyndaşlary onuň jesediniň watanyna gelendigini, jaýlanyş çäresiniň 15-nji fewralda geçiriljekdigini aýtdylar. Merhum hakda häzirlikçe başga maglumat ýok.

Ýanwar aýynyň ahyrynda 30 ýaşly gyrgyzystanly Aýan Alişerowyň 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bahmutyň (Ukraina) golaýyndaky söweşde ölendigi mälim boldy. Onuň ejesiniň sözlerine görä, Aýan 2019-njy ýylda Russiýada tussag edilipdi we 7 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Aýal Russiýanyň türmesindäki oglunyň Ukrainadaky söweşe nädip goşulandygyny bilmeýär. Aýanyň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, onda rus raýatlygy ýokdy. Aýan Alişerowyň jesedi 22-nji ýanwarda Nooken sebitiniň Rahmanžan obasyna getirildi we 23-nji ýanwarda jaýlandy.

Soňra Russiýanyň türmesinden Ukrainadaky söweşe giden Gyrgyzystanyň başga bir raýaty barada maglumatlar peýda boldy. Talaňçylykda we jynsy zorlukda aýyplanyp, 9 ýyl azatlykdan mahrum edilen 30 ýaşly Amanbol (ady üýtgedildi) "Wagner" toparynyň üsti bilen üç aý ozal Ukrainadaky söweşe goşuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG