Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy esasynda Abu-Dabi şäherine resmi sapar etdi.
11-12-nji fewral aralygynda bolan saparda taraplar BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary boýunça ylalaşyga geldiler diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Saparyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk babatynda özara düşünişmek ähtnamasyn gol çekildi.
Taraplar Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, uglewodorod serişdelerini bilelikde işlemek, gaz-ulag düzümlerini ösdürmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek, bu ugurlarda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamak ylalaşygyna geldiler.
Saparyň çäklerinde Berdimuhamedow BAE-niň prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.