Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän erkek raýatlardan gara papak satyn almak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda yzygiderli görnüşde pul toplanylmagy ýaly mejbury çärelere duçar bolýan edara-kärhanalaryň işgärleri täze-täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Mary welaýatynyň döwlet edaralarynda we hususy kärhanalarynda zähmet çekýän erkek raýatlardan gara papak satyn almak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Edaralarda we hususy kärhanalarda erkek adamlardan kellelerine geýmek üçin, gara reňkli kepka, ýagny papak satyn almak talap edilýär. Her bir kepkanyň bahasy 70-100 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, bir kärhana işçisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar täze talaplary resmileriň döwlet we hususy pudagyň işgärlerinden “nobatdaky pul ýygnamak çäreleri” hökmünde häsiýetlendirýärler.

“Adamlar diňe edara-kärhanalaryň özünde paýlanýan papaklardan satyn almaly edilýärler” diýip, kärhana işçisi aýdýar.

Bu aralykda, edara-kärhanalaryň işgärleri häkimiýetleriň papak talaplaryna garşylyk bildirmeýärler, ýöne olary özleriniň, öz isleglerine görä, hususy dükanlardan has arzan bahadan satyn almak isleýändiklerini aýdýarlar.

“Biz özbaşdak islän dükanymyzdan papak satyn almakçy diýip aýtsak, 70 ýa-da 100 manat puluňy ber-de papagy özüň nireden satyn alsaň, şol ýerden satyn al diýýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden yzygiderli görnüşde dürli “bahanalar” bilen pul toplanýar.

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýany, ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Mary şäherindäki edara-kärhanalaryň işgärlerinden Täze ýyl arçalarynyň bezegleri üçin pul toplandy.

Galyberse-de, edara-kärhanalarda prezidentleriň portretlerini çalyşmak üçin, pagta ýygymy üçin, wagtal-wagtal “tebigaty goramak üçin” diýlen düşündiriş esasynda, hatada döwlet guramaçylygynda geçirilýän tigirli ýörişleriň öňüsyrasynda tigir satyn almak üçin diýlen bahanalar bilen býujet işgärlerinden pul toplanýar.

Edara-kärhanalardaky papak talaby ilkinji gezek yglan edilýär.

“Ýokardan gelen buýruk. Biziň edaramyzda işleýän her bir erkek adam üçin bir papak getirdiler we onuň üçin 70 manat we 100 manat nyrh kesip gitdiler. Siz muny satyn alaýmaly!” diýip, bir kärhana işçisi edara ýolbaşçylarynyň sözlerini getirýär.

Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar edara-kärhanalarda erkek adamlar üçin egin-eşik talabynyň güýçlenýändigini aýdýarlar.

Täze talaplara laýyklykda, erkek adamlara iş ýerlerine jinsili, gyýma balakly ýa-da sport lybasynda gelmek gadagan edilýär. Edara ýolbaşçylary mundan beýläk erkek işgärlerden diňe gara jalbar geýmegi talap edýärler. Ýöne şeýle bildirişler sebäpli, işgärler gara papak talabyna goşmaça hökmünde gara jalbar satyn aldyrylmagynyň talap hökmünde girizilmegine alada bildirýärler.

Gara jalbar düzgüniniň yglan edilmeginiň yz ýany, işgärleriň käbirleri, ykdysady kynçylyklar sebäpli, täze balak satyn alman, has ozal toý-märekeler üçin satyn alan köne ýöne gara reňkli jalbarlaryny geýmekçi bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Bize gara papak satdylar, indi basym gara balak hem satarlar ýa-da balak üçin aýlygymyzdan pul tutarlar” diýip, bir işçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aladalaryny beýan etdi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir kärhana işçisi iş ýerinde papak paýlananda bolup geçen wakany gürrüň berdi.

“Adamlara papak paýlandy. Käbir adamlaryň paýyna kiçi papak, beýlekileriň paýyna bolsa uly papak düşdi. Adamlar papaklaryny öz aralarynda çalyşmaga başlady. Kellesi kiçi adamlar papagyň aşagyndan ilki başga bir başgap geýip, onuň üstünden papak geýmegiň gyş möwsüminde sowukdan gorajakdygyny aýtdylar” diýip, býujet işçisi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy edara-kärhanalaryň papak talaplary barada Marynyň welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG