Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylykda ilata 'arzan' azyk satyn almak 'mümkinçiligi' berildi


Baýramçylyk bazary. Aşgabat, 2018 (faýl suraty)
Baýramçylyk bazary. Aşgabat, 2018 (faýl suraty)

Maryda baýramçylygyň öňüsyrasynda arzan azyk önümleriniň söwdasy ýola goýulýar. Şäher bazarlarynda azyk önümlerini bazar bahasyndan arzan satýan söwda nokatlary işleýär. Täze ýylyň bosagasynda pes girdejili maşgalalar hem ünsden düşürilmändir. Ýörite açylan nokatlarda olara sygyr etiniň süňki, çüýräp başlan miwe we möhleti geçen süýji ýaly azyk satylýar.

Pes girdejili maşgalalar üçin arzan bahadan azyk satýan nokatlaryň biri Mary şäheriniň demirýol wokzalynyň golaýynda ýerleşýän Aşgabat supermarketinde ýerleşýär.

Bu ýerde maddy ýagdaýlary pes bolan hojalyklara Täze Ýyl baýramy mynasybetli arzan nyrhdan azyk, ýagny alma, apelsin, süýji, şokolad, şeker we sygyr etiniň süňki satylyp başlapdyr. Bu barada maglumat berýän habarçymyz harytlaryň ählisiniň ýaňy hilini ýitirip, zaýalanyp başlandygyny belleýär.

"Alma we apelsin satuwa ýaraýan sypatyny ýaňy ýitirip başlan, çala çüýrän. Süýji her adam başyna bir kileden berilýär. Onuň ýarym kilesi gaty süýji we ýarym kilesi şokolad. Ol süýji önümler ýerli "Täze-aý" firmasynyñ önümi bolup durýar. Şeker 1 kilogramdan berilýär. Sygyr süňki 4-5 kileden artyk berilmeýär" diýip habarçymyz gürrüň berýär.

Habarçy ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň şeýle söwda nokadynyň bar bolmagyndan habarsyzdygyny belleýär.

Şeýle-de, şäher bazarlarynda ozalky ýyllardaky tejribelere görä, baýramçylyk sebäpli azyk önümlerini bazar bahasyndan arzan satýan söwda nokatlary işleýär.

Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän Gök bazarda şu günler işleýän göçme söwda nokatlarynda döwlet dükanlaryndaky bahadan şeker, towuk budy we hurma, alma, apelsin ýaly miwe satylýar. Azyk önümlerini bazar bahasyndan arzan satýan söwda nokatlarynda nobatlar uly bolup, önümler her alyja çäkli mukdarda satylýan hem bolsa, baýramçylyk saçagynyň aladasyny edýän umydygär alyjylar hoşal bolýarlar.

Ýerli habarçylar bu azyk önümlerini satyn almak isleýän adamlaryň çynlakaý alada etmeli bolýandygyny, bu işiň köp wagt we tagalla talap edýändigini belledi.

"Adamlar şeker satyn almak üçin ir sagat 6:30-da bazara baryp nobata durýarlar. Şekeriň 1 kilogramy 10 manatdan satylýar, hususy dükanlarda şol bir şeker kilogramy 16 manatdan satylýar. Şol sebäpden adamlar şekeri arzanrak satyn almak umydy bilen nobata durýarlar. Nobatda duran her adam başyna diňe 1 kilogram şeker satylýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Döwlet dükanlarynda-da kesgitli nyrhdan satylýan harytlaryň sanawyna girýän şeker adam başyna bir kilogramdan satylmaýar.

Habarçymyz şekeriň birnäçe sagatlap nobata duran alyjylaryň ählisine ýetmeýändigini, sebäbi satuwa getirlen şekeriň ýarym sagada ýetmän gutarýandygyny belledi.

Beýleki harytlar hem çäkli mukdarda satylýar. Käbir halatlarda harytlaryň agramy talaba laýyk çekilýär.

"Towuk budyny 30 manatdan 2 kilogramyny çekip berýärler. Ol içi buzly satylýar. Emma ony hem 2 kilogramdan artyk satyn alyp bolmaýar. Döwlet dükanlarynda satylýan gök önümleriň hili hem gaty gowy däl" diýip habarçy aýdýar.

Marydaky habarçylaryň sözlerine görä, döwlet dükanlaryndaky nyrhlara görä, almanyň bahasy bir kilogramy üçin 5 manat, mandarin 10 manat, hurma 20, towuk budy bir kilogramy üçin 15 manat. Bu önümleriň bazar bahasy - alma 7 manat, apelsin 15 manat, hyýar 15 manat, pomidor 12 manat. Hususy dükanlarda towuk budy 20-25 manat aralygynda satylýar.

Bazarlardaky nyrhlar günde üýtgäp durýar.

Habarçylarymyz Marydaky nobatlarda hem dawa-jenjeliň köp bolýandygyny aýdýarlar. Ençeme sagatlap sowukda duran adamlar harytlaryň azlygyndan, ýeter-ýetmezçilikden we kösençliklerden nägile bolýarlar.

27-nji dekabrda Balkan welaýatynda bazarda arzan azyk önümleriň üstünde ýakalaşyk boldy. Türkmenbaşy şäherindäki “Kenar bazarynda" dükanlaryň birinde alyjylaryň arasynda dörän ýakalaşygy duruzmak üçin diňe bir polisiýa däl, eýsem harbylar hem gatnaşmaly boldy. Adamlar döwlet bahasyndan towuk buduny, pomidor we günebakar ýagy ýaly harytlary satyn almagy umyt edip nobata durupdy.

Türkmen häkimiýetleri bäş ýyl bäri agyr ykdysady krizis şertlerinde ýaşaýan, iýmit ýetmezçiliginden kösenýän ilat köpçüliginiň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny görmezlige salýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG