Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” gazaplylyk bilen aýal-gyzlaryň protestini dargatdy


Owgan zenanlary “Talybanyň” aýal-gyzlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamagyna garşy girizen düzgünine garşy çykdylar.
Owgan zenanlary “Talybanyň” aýal-gyzlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamagyna garşy girizen düzgünine garşy çykdylar.

Owganystanda “Talybanyň” howpsuzlyk güýçleri aýallaryň protest çäresini gazaplylyk bilen dargatdylar. Owgan zenanlary “Talybanyň” aýal-gyzlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamagyna garşy girizen düzgünine garşy çykdylar.

“Talyban” Owganystanda aýallaryň uniwersitetlere goýberilmejekdigi baradaky kararyny 20-nji dekabrda mälim etdi. Bu ädim halkara jemgyýetçiligi, şol sanda BMG tarapyndan dessine ýazgaryldy.

22-nji dekabrda 50 töweregi hijaply aýal paýtagt Kabulda toplanyp, bu karara garşy parahatçylykly ýörişi geçirmegi planlaşdyrypdy. Emma “Talyban” olara hüjüm etdi we dargatdy. Bu barada proteste gatnaşyjylar we gözli şaýatlar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

“Talyban” resmileri bu hadysa boýunça entek çykyş etmediler. Emma “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ýokary bilim boýunça ministri aýal-gyzlaryň uniwersitetlerden çetleşdirilmegini goldady.

Nida Mohammad Nadimiň sözlerine görä, bu karar uniwersitetlerde erkekleriň we aýallaryň bir ýere gelmeginiň öňüni almagy maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG