Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Russiýa we Gazagystan bilen “gaz bileleşigini” esaslandyrmakdan ýüz öwürýär


Jorabek Mirzamahmudow 29-njy sentýabrda Özbegistanyň energetika ministri wezipesine bellenipdi.
Jorabek Mirzamahmudow 29-njy sentýabrda Özbegistanyň energetika ministri wezipesine bellenipdi.

Özbegistanyň energetika ministri Daşkendiň öz milli bähbitlerini howp astyna saljak syýasy şertler bilen ylalaşmajakdygyny aýdyp, Russiýanyň “gaz bileleşigi” teklibini sorag astyna aldy. Bu barada Reuters habar berýär.

Russiýa geçen aý Gazagystan we Özbegistan bilen, üç ýurduň arasynda we beýleki alyjylaryň, şol sanda Hytaýyň arasynda gaz transportyny kadalaşdyrmak üçin, gaz bileleşigini esaslandyrmagy teklip etdi.

Özbegistanyň energetika ministri Jorabek Mirzamahmudow Özbegistanyň heniz bu teklibi kabul etmändigini aýtdy.

“Russiýa bilen gaz şertnamasy baglaşylan halatynda hem, bu bileleşigi aňlatmaýar” diýip, özbek ministri aýtdy. “Gazagystanyň üsti bilen rus gazyny ibermek babatda gepleşikler alnyp barylýar, ýöne bu ‘tehniki kontrakt’, bileleşik däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Eger biz başga ýurtdan gaz import edýän bolsak, biz diňe täjirçilik we söwda şertnamasy esasynda hyzmatdaşlyk edýäris. Biz asla gazyň öwezine syýasy şertler boýunça ylalaşmarys” diýip, Mirzamahmudow aýtdy.

Özbegistan daşary ýurt gazyna bölekleýin garaşly galýar. Ýurduň dürli sebitleri, şol sanda paýtagt Daşkent soňky birnäçe gün bäri gaz ýetmezçiligini başdan geçirdi. Muňa howanyň sowamagy bilen gazyň sarp edilişiniň birden ýokarlanmagy sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG