Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howanyň temperaturasy rekord derejelere peselýärkä, dümewleýänler köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda howanyň temperaturasy rekord derejelere çenli aşaklaýan mahaly, Mary welaýatynda grip-dümew alamatlary bilen keselleýän adamlar, şol sanda çagalar göz-görtele köpeldi. Mary we Baýramaly şäherlerindäki dermanhanalarda adamlaryň uly nobatlary emele geldi.

"Köp adam öýünde bejergi almaga çalyşýar. Ýöne hassahanada bejergi alýanlar hem kän. Näsaglaryň köpdügi sebäpli keselhanalaryň çagalar bölümleriniň aglabasynda ýer tapdyrmaýar" diýip, maryly lukman anonimlik şertinde 6-njy dekabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, dümewiň ýaýramagynyň esasy sebäpleriniň biri ýaşaýyş jaýlarynda gaz peçleriniň köpçülikleýin sökülip aýrylmagy bilen, ilatyň jaýlary ýylatmakda kynçylyk çekmegi bilen baglanyşykly.

"Öňki ýyllarda ýyladyş kotelnalary kadaly işlemänsoň, çoýun batareýalarymyzy, ýagny ýyladyş turbalarymyzy satyp, deregine gara gaz peç gurnamaly bolupdyk. Ýöne geçen aýlarda gaz peçleri ulanmaga hem gadaganlyk girizildi. Jaýlaryň otaglary juda sowuk. Şu günlerde howanyň aşa sowukdygy sebäpli olary elektrik peçler bilen kadaly ýyladyp bolmaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşirine görä, Türkmenistanda howanyň temperaturasy häzire çenli hasaba alnan iň pes derejesine aşaklap, rekord derejä ýetdi.

"Daşogzuň Ýekeje sebitinde howanyň temperaturasy -22,2 gradusa aşaklady. Bu, 1959-njy ýylda Ýekejede howanyň temperaturasy hasaba alnyp başlaly bäri iň pes temperaturadyr. Ozal bu sebitde iň pes temperatura 2008-nji ýylda hasaba alnypdy. Şonda bu görkeziji -15,6 gradusa barabar bolupdy" diýip, neşir 5-nji dekabrda ýazdy.

Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki mediasy 5-11-nji dekabr aralygynda ýurtda howanyň temperaturasynyň gijelerine -14, gündizlerine -8 gradusa çenli ýetjekdigini yglan etdi. Ýöne howanyň temperaturasynyň rekord derejelere ýetjekdigi barada hiç zat aýtmady.

Dümewiň köpçülikleýin ýaýramagy dermanhanalara barýan adamlaryň sanyny ýiti köpeltdi.

"Sanlyja gün ozal gapylary boş duran dermanhanalaryň öňünde häzir onlarça adam üýşüp dur. Kelle agyry üçin bir sany derman aljak bolsaň 1 sagat nobatda garaşmaly" diýip, habarçy belledi.

Bu ýagdaý hassahanalardan ýa-da saglyk öýlerinden syrkawlandygy barada resminama almak isleýänleriň sanyny artdyrdy.

Bu bolsa, habarçymyzyň sözlerine görä, resminama almak üçin tölenýän paranyň möçberini ýokarlandyrdy.

"Indi medsprawka düzetdirmek öňki ýaly aňsat däl. 10 günlük medsprawka almakçy bolsaň, öň 300 manat para bermelidi. Häzir bu 400 manada ýokarlandy" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ol ýurtda haýsy edaradyr söwda merkeziniň öňünde nobatlar dörese, şol ýerde nyrhlaryň dessine göterilýändigini belläp, ýakyn günlerde dermanlaryň gymmatlajagynyň ikuçsyzdygyny hem aýtdy.

"Bu zatlara seredýän adam ýok. Adamlaryň haýsy edara ýa dükana zerurlygy artsa, şol ýeriniň işgärleri şol zerurlyga özlerine görä baha kesýärler" diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada sebitiň saglygy goraýyş bölüminden we ýurduň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň çäklerine anomal sowuk howa geçen hepdäniň ikinji ýarymynda aralaşyp başlady. 5-nji dekabrda Lebapdaky habarçymyz Darganata etrabynda aşa sowuk howanyň ilatyň ýyladyş meselesinde, agyz suwy we gaz üpjünçiliginde bökdençlikleri döredendigini, mallaryň onlarçasynyň haram ölendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG