Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollar durnuksyzlygyny saklaýar, käbir sebitlerde ol 16 manada düşdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň duýdansyz aşaklap, soňra-da ýokarlanmagy netijesinde onuň türkmen manadyna bolan hümmeti durnuksyz bolmagynda galýar.

2-nji dekabrda irden Balkanda dollaryň gara bazardaky nyrhy 15 manat 50 teňňä çenli aşaklady. Günüň ikinji ýarymynda onuň bahasy ýene ýokarlanyp, 18 manada galdy. Şeýle ýagdaý Aşgabatda hem gaýtalandy.

Mundan ozal gara bazarda 20 manat bahalanan bir amerikan dollary 28-nji noýabrda 18 manada we 1-nji dekabrda 16 manada çenli aşaklady.

Bu ýagdaý köp telekeçini dowla düşürýär. Olaryň käbirleri söwda etmekden, ýagny öz harytlaryny satmakdan wagtlaýyn saklanýarlar.

"Söwdagärler harytlaryny arzan satyp, maddy zyýan çekmekden gorkýarlar. Sebäbi olar dollaryň aşaklamagyny häkimiýetleriň baýramçylygyň öň ýanynda, harytlary arzanlatmak üçin oýnaýan oýnuna meňzedýärler" diýip, Balkandaky habarçymyz belledi.

Ýerli ýaşaýjylar munuň gysga wagtlyk bir çäre boljakdygyny, 12-nji dekabrda belleniljek Bitaraplyk baýramynyň yz ýany dollaryň we harytlaryň ýene gymmatlajakdygyny aýdýarlar.

Häkimiýetler adatça uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bazarlarda we döwlet dükanlarynda emeli "azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürliligini" döretmäge çalyşýarlar. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň yz ýany, emeli "bolçulyk" ýok bolýar.

Noýabryň başynda prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalaryndan “...baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi” tabşyrdy.

Munyň yz ýany, häkimiýetler dollaryň gara bazardaky nyrhyny emeli arzanladyp, munuň netijesinde azyklaryň bahalaryny düşürmek ugrunda, dollar söwdagärlerine basyş edip başladylar.

23-nji noýabrda bolsa, Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli puluň hümmetiniň durnuklylygyny saklamagyň ähmiýetini nygtady, şeýle-de ​ýurduň maliýe we ykdysady resmilerini tankytlady.

2016-njy ýylda Türkmenistan daşary ýurt walýutasynyň erkin söwdasyny çäklendirensoň, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklanýar. Onuň gara bazar bahasy bilen resmi alyş-çalyş nyrhynyň arasyndaky ençeme esse tapawut dowamly saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG