Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan kanunyň hökmürowanlygy indeksine ýene-de alynmady


Türkmenistan öz kanunlaryny sylamazlykda, adam hukuklaryny tas ähli ugur boýunça bozmakda tankyt edilýär.
Türkmenistan öz kanunlaryny sylamazlykda, adam hukuklaryny tas ähli ugur boýunça bozmakda tankyt edilýär.

Türkmenistan "Bütindünýä Adalat Taslamasy” (World Justice Project) atly halkara guramasy tarapyndan düzülen Hukuk hökmürowanlygy indeksine ýene bir gezek girizilmedi divip, “Turkmen.news” neşiri guramanyň saýtynda çap edilen habara salgylanyp ýazýar.

2022-nji ýylyň reýtingine 140 ýurt, şol sanda Merkezi Aziýanyň üç ýurdy girizilipdir: Gazagystan 65-nji ýerde, Özbegistan 78-nji ýerde, Gyrgyzystan 100-nji ýerde ýerleşdirilipdir.

Täjigistan we Türkmenistan bolsa, aýdaly, Demirgazyk Koreýa ýaly, guramanyň düzen reýtingine goşulmady.

Synçylaryň bellemegine görä, "Bütindünýä Adalat Taslamasy” maglumat almak ýa-da ol maglumaty gaýtadan barlamak mümkinçiligi bolmadyk ýapyk ýurtlary gözden salmaga mejbur bolýan bolmaly.

Türkmenistan bu indeksde 2015-nji ýylda çap edilip başlanaly bäri sanawa girizilmedi diýip, habarda aýdylýar.

Özüni dünýewi, hukuk döwleti hökmünde häsiýetlendirýän Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Baş prokuraturasy we beýleki degişli edaralary Azatlygyň habarçylarynyň adam hukuklarynyň görnetin bozulmagy, güman edilýänleriň kanun esasynda derňelmezligi boýunça anyk faktlar esasynda berýän soraglaryna ne ýazmaça, ne-de telefonda düşündiriş berýärler.

Bu şu ýylyň sentýabrynda janyna kast edenine alty ýyl bolan türkmengalaly gyz Bägül Annanazarowaynyň işi boýunça düşündiriş almak synanyşygy edilende hem şeýle boldy.

XS
SM
MD
LG