29-njy oktýabrda Britaniýa Russiýanyň Goranmak ministrliginiň britan deňiz flotunyň wekilleri geçen aýda "Demirgazyk akym" gaz geçirijilerini partlatdy diýip, öňe süren aýyplamalaryny ret etdi we muny Moskwa tarapyndan çykarylan iň soňky "oýlap tapylan hekaýa" diýip atlandyrdy.
Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň beren beýanatynda Russiýanyň bu aýyplamasyny "Ukraina bikanun çozuşynyň aýylganç çemeleşmegini kemeldip görkezmek" maksatly edendigini aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi "epiki gerimde ýalan beýanatlaryň ýaýradylmagyna baş goşýar" - diýlip, maglumatda aýdylýar.
Russiýa ozal Germaniýa tebigy gaz akdyrmak üçin Baltika deňziniň düýbünde gurlan "Demirgazyk akym - 1" we "Demirgazyk akym - 2" gazgeçirijilerine zyýan ýetiren sentýabrdaky partlamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän "terrorçylygyň" netijesi bolandygyny aýdyp, partlamalarda Günbatary günäkärledi.
Şwesiýa we Daniýa ikisi hem "Demirgazyk akymynyň" 1-nji we 2-sinde gaz syzýan dört ýeriň emele gelmegine partlamalaryň sebäp bolandygy barada netijä geldiler, ýöne kimiň jogapkär bolup biljekdigini aýtmadylar. NATO we birnäçe Ýewropa ýurdy Russiýanyň bu bidüzgünçiligi amala aşyrandygyny güman edýärler.
Kreml bu zyýana Russiýanyň jogapkärçiligi baradaky aýyplamalaryň "samsyk" bolandygyny birnäçe gezek aýtdy we rus resmileri Waşingtonyň öz suwuklandyrylan tebigy gazyny (LNG) Ýewropa satmak isleýändigini aýtdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary muňa gatnaşygy ret etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanynda "britan deňiz güýçleriniň bölüminiň wekilleri şu ýylyň 26-njy sentýabrynda Baltika deňzinde terrorçylyk hüjümini meýilleşdirmek, üpjün etmek we durmuşa geçirmek - "Demirgazyk akym - 1" we "Demirgazyk akym - 2" gazgeçirijilerini partlatmak işine gatnaşdy diýilýär".
Russiýa bu aýyplamasyna hiç hili subutnama bermedi, ýöne diwersantlary "britan hünärmenleri" diýip häsiýetlendirdi we olaryň 29-njy oktýabrda Russiýanyň Krym deňiz flotunyň gämilerinde hüjüm eden ukrain sürüjisiz uçarlaryna ýolbaşçylyk eden bir bölüme degişlidigini öňe sürdi.