Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Internet torunyň tizligi ýene peselýär, VPN-ler petiklenýär


Aşgabatdaky bir Internet kafeniň müşderileri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy, 2015 ý.
Aşgabatdaky bir Internet kafeniň müşderileri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy, 2015 ý.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Internet torunyň tizligi ýene-de peselýär. Ulanyjylar VPN-leriň köpçülikleýin petiklenýändigini aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary 11-nji oktýabrda habar berdiler.

“Ýurduň ähli welaýatlarynda Internetiň tizligi peselýär, işleýän VPN-ler ýapylýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitde mobil aragatnaşygynyň hiliniň ýaramazlaşandygyny, Internet toruna baglanmagyň kynlaşandygyny habar berýär.

“Ilkibaşda, IMO messenjeri arkaly iberilýän wideolar, suratlar we ses faýllary gitmän başlady. Soňra, iberilýän hatlar hem gitmegini bes etdi. Adamlar köpçülikleýin ICQ messenjerine geçip başlady. Ol hem arasynda işlemeýär. VPN-ler asla ýat boldy. Öňler YouTube, TikTok ýaly sosial ulgamlara VPN arkaly girip bolýardy. Indi, olar hem ýat boldy” diýip, bir maryly ulanyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky birnäçe ýyl bäri hem kanun taýdan, hem iş ýüzünde Internet toruna gözegçiligi güýçlendirdi.

2014-nji ýylda Türkmenistanda “Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” kanun kabul edildi. Şeýle-de, döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edildi. Türkmen metbugaty ýurduň kiberhowpsuzlyk kanunynda strategiki taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibiniň we aýratynlyklarynyň kesgitlenilendigini aýdýar. Türkmenistanda kanunçylyk namalaryny çap edýän Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary merkezi “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanuny heniz çap etmedi.

Şeýle-de, soňky ýyllarda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzüminde Kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi.

Häkimiýetler ýurduň kiber giňişligini kanun taýdan düzgünleşdirmegiň formulasyny işläp düzýän mahaly, muňa aýakdaş, ýurtda Internet torundan peýdalanyjylaryň mümkinçilikleri yzygiderli çäklendirilip başlandy, VPN-ler yzygiderli petiklendi, Internet torunyň tizligi yzygiderli pese gaçdy.

Türkmenistanyň hökümeti soňky birnäçe ýyl bäri, dürli pudaklarda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny aýdýar. Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy işlenilip taýýarlandy.

Türkmenistanda 2019-njy ýylda e.gov.tm we 2020-nji ýylda sanly.tm ýaly merkezleşdirilen döwlet portallary döredildi. Sanly ulgamlaryň örüsiniň giňelmegine parallel, elektron neşirleriň, hökümetçi habar portallarynyň sany ýylsaýyn artyp başlady.

2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat ulgamlaryna gözegçilik bölümi döredildi. Döwlet metbugaty bu bölümiň “kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleriň wajypdygyndan ugur alnyp” döredilendigini aýdýar.

2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti, döwlet metbugatyna görä, “elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bütewiligini emele getirmek maksady bilen, özbaşdak Milli sanly tory döretmegi” maslahat etdi.

Türkmen hökümetiniň Internet giňişligindäki işjeňliginiň ýokarlanmagy ýurt raýatlarynyň dünýäde iň pes Internet tizliginden peýdalanýan döwürlerine gabat geldi. Ýatlasak, geçen ýyl britan barlagçylary tarapyndan geçirilen tizlik barlaglary türkmenistanlylaryň dünýäde iň haýal Internet ulgamyndan peýdalanýandyklarynyň üstüni açdy.

Ýurduň çägindäki kiber giňişilige döwlet gözegçiligi güýçlenýän mahaly, ýönekeý raýatlaryň Internet torundaky hereketleri yzygiderli çäklendirilip başlandy. Türkmenistanda onsuz hem eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda Facebook, Twitter we Instagram ýaly sosial torlar, galyberse-de garaşsyz maglumat çeşmeleri häkimiýetler tarapyndan petikli saklanylýar.

Ýaňy-ýakynda bir daşary ýurt döwletinden Türkmenistana dolanan bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýurduň pes Internet mümkinçilikleri barada gürrüň berdi:

“[Daşary ýurt döwletinde ýaşan döwrümizde] Türkmenistandan Internet toruna ýüklenýän wideo roliklere, wäşileriň tomaşalaryna, aýdymçylaryň çykyşlaryna tomaşa ederdik. ‘Eger, Internet petiklenýän bolsa, onda nädip bular özleriniň wideo roliklerini Internete goýýarlar’ diýip, şübhe bildirerdik. Şonuň üçin, biz Internetiň gaty bir petiklenilýändigine doly ynanyp bilmezdik. Ýöne, ynha, ýurda dolanansoň, biz bar zada göz ýetirdik. Biz daşary ýurtlarda ýaşan döwürlerimizde islän wagtymyz, islän ýerimizden arkaýyn Internet toruna baglanyp bilýärdik. Hatda internetsiz günümiz geçmezdi. Ýöne bärik, [Türkmenistana] gelip, gadymy döwre düşen ýaly bolduk” diýip, ýaňy-ýakynda ýurda dolanan bir maryly ýaşaýjy, Türkmenistana barandan soň, özüni, hamala, gadymy döwürlere syýahat eden ýaly duýandygyny gürrüň berdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri 10-njy oktýabrda öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanda dünýäde bar bolan 32 bitlik IP salgylarynyň üçden bir böleginiň, tas 1,2 milliard töweregi IP salgysynyň petiklenendigini habar berdi.

Dünýäde Internet toruna baglanýan her bir akylly enjam, şeýle-de her bir web sahypasy “Internet protokoly” atlandyrylýan IP salgylaryna eýe bolýar. IP salgylary dörtlük Internet protokoly, ýagny IPv4 we altylyk Internet protokoly, ýagny IPv6 hökmünde iki topara bölünýär. Akylly telefonlar, telewizorlar, laptop we desktop kompýuterleri özboluşly IP salgylaryna eýe bolýarlar. Tilsimat hünärmenleri dünýäde 4,3 milliard töweregi IPv4 salgysynyň bardygyny aýdýarlar, şeýle-de altylyk IP-niň, ýagny IPv6-nyň san taýdan trilionlarçadygyny aýdýarlar. Turkmen.news garaşsyz neşiriniň çeşmeleri häzirki wagtda Türkmenistanda 1,2 miliard IP salgysynyň petiklenendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG