Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda prezidentiň portretleri täzelenýär


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky döwlet edara-kärhanalarynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretleri çalşylýar. Mundan başga-da, prezidentiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşyndan bir bölek plakada geçirilip, ol orta mekdepleriň synplarynda peýda bolýar. Bu barada sebitiň edara-kärhanalaryna tabşyryk berildi. Bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin adatça bolşy ýaly býujet işgärlerinden pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Balkan welaýat bilim bölüminiň tabşyrygy boýunça prezidentiň synplardaky portretleriniň ählisi täzelenmeli. Bu gezek onuň saçy ösgün ýagdaýda portreti çykypdyr. Şeýle-de, onuň ýaşlar gurultaýynda eden çykyşyndan bir sözlemi, ýagny dört sözden ybarat 'paýhasly sözlerini' plakada geçirip, portretiň sag tarapyndan asmaly. Onuň ölçegi 1,5metrx80sm ululygynda bolmaly" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly mugallym aýtdy.

Bu ýagdaýlar barada Türkmenbaşy şäherindäki 17, 34, 26, 10-njy orta mekdeplerde işleýän mugallymlaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, balkanly mugallymlaryň gürrüňini edýän gurultaýy 1-nji sentýabrda paýtagt Aşgabadyň “Mekan” köşgünde geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, gurultaýda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi we bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de, onuň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedow hem çykyş etdi.

Azatlyk prezidentiň anyk haýsy sözleriniň plakada geçirilýändigini häzirlikçe anyklap bilmedi. Ýöne habarçymyz bu barada bilim edaralaryna tabşyryk berlenden soň, mugallymlaryň her birinden 50-80 manat ýygnalyp başlanandygyny, bu serişdäniň käbir mugallymlaryň alýan aýlygynyň tas 10 göterimine barabardygyny habar berdi.

"Men 0,30 stawka işläp, 1050 manat aýlyk alýaryn. Çäreler, gazet-žurnallara abuna ýazylmak, klasyň remonty, okuwçylaryň depderleriniň daşyny ýazmak ýaly zerurlyklar üçin diýip, her aýda azyndan 200-300 manady mejbury pul ýygymlaryna goşmaly bolýaryn. Indem prezidentiň portreti we plakady üçin pul goşmaly. Bu döwlet baştutany hem, öňki prezidentiň, ýagny kakasynyň ilata beren jebirlerini dowam etdirýär. Pedagoglara ujypsyzja aýlyk berip, öz portretlerini býujet işgärlerine mejbury satýarlar. Mugallymlar kakasy ýaly bu prezident kitap bir ýazmasyn diýip, dileg edýärler. Halkyň aladasyny edýän ýok. Alýan aýlygymyz çagalarymyza ýetmeýär. Bazarlarda bahalar keýgiň şahyna çykdy" diýip, mekdep mugallymy aýtdy.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretlerini we onuň aýdan sözlerinden käbir bölekleri asmak tejribesi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edýär we bu býujet işgärleriniň hem-de okuwçylaryň, talyplaryň hasabyna amal edilýär. Ýurtda prezidentiň portretleri azyndan iki gezek çalşylýar. Bu çäräniň dowamynda portretde prezidentiň eşikleriniň ýa-da saçynyň reňki üýtgeýär, käte-de onuň keşbinde üýtgeşiklik bolýar.

Serdar Berdimuhamedowyň portretleri soňky gezek şu ýylyň bahar paslynda, onuň 19-njy martda prezidentlik wezipesine girişmeginiň yz ýany çalşylypdy. Şonda etraplaryň arasynda gatnaýan hususy taksileriň aýnasyna-da, prezidentiň portretini ýelmemek talap edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG