Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Russiýa edýän gök we miwe önüm eksporty köpelýär


Türkmen bazaryndaky daşary ýurt önümleri. Arhiw suraty
Türkmen bazaryndaky daşary ýurt önümleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Russiýa gök we miwe önümleriniň eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% artdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri “Rosselhoznadzora”, Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçiligi boýunça federal gullugyna salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, bu döwürde Russiýa Marokkodan edilýän miwe we gök önüm eksporty 45% ýokarlandy.

Şu ýylyň alty aýynda Russiýa edýän miwe we gök önüm eksportyny artdyran ýurtlaryň hataryna, Türkmenistan bilen Marokkodan başga, Gazagystan (21%), Täjigistan (16%), Özbegistan (14%) we Hytaý (11%) hem girdi.

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Russiýa jemi 5,1 million tonna miwe we gök önüm import etdi diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistan birki ýyllykda hem daşary ýurtlardan ýurtda öndürip boljak azyk önümlerini köp möçberde satyn almagyny dowam etdirýärdi.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 2020-nji ýylyň aýgynda Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň çap eden statistiki maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, awgust aýy bilen deňeşdirilende, Türkmenistan sentýabrda ýeralma, kartoşka satyn almagyny artdyrdy we günebakar ýagynyň importyny azaldyp, şeker almagyny tasdan togtatdy.

Türkmenistan Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan (Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Orsýet) şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 esse köp kartoşka import etdi.

Bu Türkmenistanyň ýurtda ýeterlik öndürilýändigini aýdýan ýeralmasynyň 45,1 müň tonnasyny satyn almak üçin dokuz aýda 13,74 million dollar serişde harçlandygyny görkezdi.

XS
SM
MD
LG