Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlary Stambul aeroportunda uçar talap etdiler


Türkmenistanly migrantlar uçar talap edýär.
Türkmenistanly migrantlar uçar talap edýär.

Türkmen migrantlary 2-nji awgustda Stambulyň howa menzilindäki kassa hüjüm etdiler diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

200-e golaý adam “Türkmenistan howa ýollarynyň” işgärleriniň bir orna iki bilet satmagyna gahar-gazap bildirdiler diýip, habarda aýdylýar.

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgysyndan görnüşine görä, uçar menziline toplanan adamlar türkmen häkimiýetleriniň yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltmegini talap edip, “Uçar, uçar” diýip gygyrdylar.

Türkmen Helsinki gaznasynyň maglumatyna görä, 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullgynyň agzynda 350-den 500-e çenli adam nobata durdy. Olaryň ählisi konsullykda kabul edilmegini isleýär, bu ýagdaý soňky birnäçe häpdäniň dowamynda yzygiderli gaýtalanýar diýip, habarda bellenýär.

Aýdylmagyna görä, yssy howada nobata duran adamlaryň käbiri çydaman, konsulyň çykmagyny talap etdi, käbirleri näletli sözleri ulandy.

Ahyrynda biri binanyň penjire aýnasyny döwdi, gan döküldi (kimiňkidigini anyklamak başartmady), konsullyk işgärleri polisiýa jaň etdiler we iň gaty gaharlanan tussag edildi” diýip, habarda aýdylýar.

Türkiýede we beýleki ýurtlarda galan müňlerçe türkmenistanly ýurda dolanmak meselesinde uly kynçylyk çekýärler, emma resmi Aşgabat bu mesele boýunça hiç bir resmi düşüniriş bermeýär.

XS
SM
MD
LG