Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň deňiz doktrinasyny tassyklaýan karara gol çekdi. Bu karar 31-nji iýulda güýje girer.
Putin Sankt-Peterburgda we Kronştadtda geçirilen deňiz paradyna gatnaşyp, bu taglymatda "Russiýanyň milli bähbitleriniň serhetleriniň we çäkleriniň" bellenilendigini aýtdy.
Rus prezidentiniň sözlerine görä, olara Arktika akwatoriýasy, Gara, Ohotsk we Bering deňizleriniň, Baltika we Kuril bogazlarynyň suwlary girýär.
Ýurduň milli howpsuzlygyna abanýan esasy howplaryň arasynda, beýlekiler bilen bir hatarda, NATO-nyň işjeňliginiň ösmegi, ABŞ-nyň Bütindünýä ummanynda agalyk etmek islegi, birnäçe döwletiň Moskwa garşy territorial talaplary, şeýle-de, deňiz işleriniň netijeliligini peseltmek üçin, Russiýa edilýändigi aýdylýan maglumat we harby basyş bellenip geçilýär.
Deňiz doktrinasy ilkinji gezek 2001-nji ýylda kabul edildi. Bu resminama iň soňky gezek 2015-nji ýylyň tomsunda, Krymyň anneksiýa edilmegi we NATO-nyň giňelmegi netijesinde täzelendi.