Şu günler Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek möwsümi dowam edýär. Mary şäheriniň ýerli saglyk edaralaryndan ÝOJ-lara kabul edilmek üçin zerur bolan saglyk kepilnamasyny almakda para möhüm rol oýnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatyndan habar berýärler.
Bu ýyl 11-nji iýul – 26-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine dalaşgärler okuwa kabul edilýär.
Okuw jaýlary dalaşgärlerden birnäçe resminama, şol sanda saglyk kepilnamasyny talap edýär.
Mary welaýatynda dalaşgärlerden soralýan saglyk kepilnamasy Mary şäheriniň Oguz han köçesiniň ugrunda ýerleşýän 1-nji saglyk öýünden berilýär. Saglyk edarasynyň öňünde uly nobatlar emele gelýär.
“Saglyk öýüniň her gapysynda 50-den gowrak adam kepilnama almak üçin nobata garaşýar. Olaryň köpüsi bir günüň içinde resminamalaryny düzedip ýetişmeýärler. Şol sebäpden köpsanly dalaşgärleriň ene-atalary şol saglyk öýünden bir işgär bilen ylalaşýarlar we lukmanlaryň otaglaryna nobatsyz girip, saglyk kepilnamalaryna gol çekdirip çykýarlar. Tabşyrmaly analizleriň hem köpüsini ‘tabşyrdy edip’, ellerine zerur bolan saglyk kepilnamalaryny alýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, has pully ene-atalar düýbünden saglyk öýüne barmazdan kepilnama alýarlar.
“Olar dokumentlerini iberip, öýlän iş tamamlanmanka saglyk kepilnamalaryny alýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Maryda saglyk kepilnamasyny taýýarlamak üçin para hökmünde soralýan pullaryň möçberleri barada habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, saglyk edarasyna barmazdan kepilnama almak üçin soralýan puluň möçberi 400-500 manat aralygynda üýtgeýär.
“400-500 manat para berseň, irden dokumentleri tabşyrandan soň, öýlän eliňe ähli ‘sprawkalary’ alyp bolýar. Hiç hili nobata durmak gerek däl” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.
Ýöne eger-de, dalaşgär kepilnama almak üçin hökman saglyk edarasyna barmaly bolsa, onda paranyň möçberi 150-200 manada çenli azalýar.
Lukmanlar ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul etmek möwsüminde özleriniň “goşmaça girdeji” gazanýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw jaýlaryna çenli, şeýle-de iş ýerlerinde para-bermit uly rol oýnaýar. Korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistan iň yzdaky orunlary eýeleýär.
“Ähli ýerlerde para höküm sürýär. Hiç ýerde adalat ýok. Bilimli çagalar okuwsyz galýar. Hatda medisina sprawkasyny düzetmek üçin hem pullary ýetmän, okuw jaýlaryna synanyşyp bilmeýän oglan-gyzlar bar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şikaýat etdi.
Orta mekdebi tamamlan raýatlaryň arasynda ýokary okuw jaýyna synanyşmagy “biderek wagt ýitirmek hasaplaýan” okuwçy ýaşlar hem bar.
“Onsuz hem diňe pul beren adamlaryň çagalary ýokary okuw synagyndan geçýär” diýip, bir maryly ýaş ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sussupeslik beýan etdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar para bilen ýokary okuw jaýyna giren ýaşlaryň aglabasynyň ýokary mekdebi tamamlap, jemgyýete az peýda getirýändiklerini aýdýarlar. Ene-atalar bolsa ýerli ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ogul-gyzlarynyň çykdajylaryny özleriniň ýerliksiz hasaplaýandygyny aýdýarlar.
Bu ýyl Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna 15 müň 326 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul edilýär. Şeýle-de, geçen okuw ýylynda Türkmenistanyň orta mekdeplerinden 82 müň okuwçy uçurym boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.