Azatlyk Radiosynyň habarçylary Garagum kanalynyň suwunyň çekilýändigini habar berdiler.
Garagum kanaly Türkmenistanyň Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny, paýtagt Aşgabady ekerançylyk suwlary bilen üpjün edýär. Kanal dünýäde ynsan eli bilen ýasalan iň uzyn derýalaryň biri bolup durýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna görä, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi Mary welaýatynda, Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda gowaçalaryň we gök-bakja ekinleriniň ösüşine ýaramaz täsir edýär.
Sowetler döwründe ilkibaşda Lenin kanaly atlandyrylan Garagum kanalynyň gurluşygyna 1954-nji ýylda girişildi. Kanalyň gurluşygy 1988-nji ýylda doly tamamlandy. Garagum kanaly esasan Sowet häkimiýetleriniň sebitde pagta önümçiligini artdyrmak maksatnamalaryna gulluk etdi. Galyberse-de, Sowet häkimiýetleri, ilkibaşda, Garagum kanaly arkaly Amyderýany Hazar deňzi bilen sepleşdirmegi hem meýilleşdiripdiler, ýöne bu meýilnama soňy bilen amala aşyrylmady. Garagum kanaly Aral deňziniň guramagyna getiren iň uly sebäpleriň hatarynda agzalýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynyň suw ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryna gönükdirilýär. Gepleşigimize türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.