1995-nji ýylyň 12-nji iýul güni Aşgabatda hökümete garşy parahatçylykly geçirilen köpçülikleýin protestler 27-nji ýyl dönüminde hormat bilen ýatlanýar.
Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda hökümete garşy geçirilen örän seýrek protestleriň biri hökmünde taryha giren 12-nji iýul ýörüşleriniň yz ýany, protestlere gatnaşyjy onlarça adam tussag edildi, ýene şonça adam uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Türkmen türmelerinde zorlukly ýitirim edilenleriň ykbalyna ünsi çekýän “Olara diri görkeziň!” halkara kampaniýasy 12-nji iýul protestleriniň guramaçylarynyň biri bolan Gulgeldi Annanyýazowy öz sanawyna goşdy. Halkara hukuk goraýjy toparlar ençeme ýyl bäri Annanyýazowyň türmeden boşadylmagyna çagyryp gelýär.
Sowet Soýuzynyň dargamagyndan dört ýyla golaý wagt soňra, türkmen döwleti ýaňy bir garaşsyzlyk alyp, ýurduň çäginde özge pikirler häkimiýetler tarapyndan heniz doly basylyp ýatyrylmanka guramalaşdyrylan 12-nji iýul köpçülik ýörüşi, synçylara görä, halk hakydasynda heniz hem ýaşaýar.
Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, 27 ýyl mundan ozal, 12-nji iýulda ir bilen ýüzlerçe demonstrant Aşgabadyň “Hitrowka” diýlip tanalýan sebitinde üýşüp, paýtagtyň merkezine tarap ýörişe geçýär. Ýörüşe gatnaşyjylar ýurtda ýaramazlaşan durmuş-ykdysady şertler sebäpli şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen hökümetini işden çekilmäge çagyrýar.
Ilkibaşda, protestlere ýurduň dürli sebitlerinden 15 müň töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşylýar, ýöne, şaýlatlaryň sözlerine görä, gatnaşyjylaryň sany ýüzlerçe adam hökmünde hasaba alynýar.
Ýüzlerçe demonstrant Aşgabadyň “Hitrowka” sebitinde ýygnanyşyp, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Mollanepes drama teatryna çenli ýöreýär. Ýene iki müň töweregi adam Köşiden baryp, ýörüşe goşulmaly ekeni. Ýöne, häkimiýetler tarapyndan olaryň öňi baglanypdyr.
Polisiýa Mollanepes drama teatrynyň öňünde ýüzlerçe demonstrantyň daşyny gabaýar, ýöne şaýatlaryň sözlerine görä, protestlerde zorluk ýüze çykmandyr. Teatryň öňünde häkimiýetler bilen protestçileriň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, ýörişe gatnaşan adamlar ýörite awtobuslarda öýlerine daşalýar. Şeýlelikde, ýurduň taryhynda, megerem ilkinji we iň soňky gezek syýasy taýdan guramaçylykly geçirilen ýöriş tamamlanýar. Protestleriň yz ýany häkimiýetler oňa gatnaşyjylary yzarlap başlaýar, we munuň netijesinde 30-a golaý adama garşy dürli aýyplamalar bilen kazyýet işi gozgalýar.
Synçylara görä, Aşgabatda geçirilen ilkinji halk ýörüşleriniň häkimiýetler tarapyndan öňüniň baglanmagy we 30 ýyllyk garaşsyzlyk döwründe wagtal-wagtal dürli adamlar toparlarynyň, hukuk goraýjy toparlara görä, syýasy matlaplar bilen dürli aýyplamalar esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmegi Aşgabatda bina edilen türkmen režiminiň düýbüni mäkäm berkitdi.
Azatlyk Radiosy Aşgabatda geçirilen 12-nji iýul protestlerini ýatlap, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.
“12-nji iýul güni, ir ertir, ýerlerdäki obalardan, Aşgabadyň etegindäki ýerlerden, Köşi hem Şor diýilýän taraplardan adamlar, ýaşlar topar-topar bolup gaýdypdyrlar, gaty köplük bolup gaýdypdyrlar. Olaryň birnäçesini ýolda saklapdyrlar, ýöne Aşgabadyň merkezine gelip ýetenler köp. Ol bir aýratyn sapak boldy, taryhyň aýratyn bir sapagy. Ony ýatdan çykaryp bolmaz. Şol ynsanlar hökümetiň alyp barýan syýasatynyň kanagatly däldigini, şol hökümet syýasaty bilen ylalaşyp bolmaýandygyny aýtdylar hem şu barada listowka ýaýratdylar. Ine, munuň özi aýratyn gahrymançylyk. Beýleki bir tarapdan, geljekki döwür üçin, beýlekiler üçin örän gowy bir sapak” diýip, türkmen ýazyjysy gürrüň berdi.
Türkmen režimi geçen onlarça ýylyň dowamynda özge pikirleri basyp ýatyrdy. Azat metbugat, erkin söz, erkin pikir we beýleki esasy azatlyklar, raýat jemgyýeti, syýasy we raýat işjeňligi, synçylara görä, Aşgabatda dörän çydamsyz režimiň onlarça ýyllyk diýdimzorlygy astynda ýok boldy. Erkin pikire wekilçilik edýän aktiwistler, intelligensiýa wekilleri ýa ýurtdan gaçmaly boldy, ýa-da uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
12-nji iýul protestlerinde tussag edilip, iş kesilen aktiwist Gulgeldi Annanyýazow halkara hukuk goraýjy toparlaryň basyşlarynyň netijesinde türmeden boşadyldy we ýurtdan çykmagy başardy. Ýöne ýurtda 2007-nji ýylda prezident çalşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, köplere görä, häkimiýetleriň “maýylganlyk wadalaryna ynanyp” ýurda dolandy. Ýöne, dessine gaýtadan tussag edildi we ýene azatlykdan mahrum edildi.
Annanyýazow ýurduň daşynda wagty, 2002-nji ýylyň noýabrynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, şol döwrüň ýurt içindäki syýasy-ykdysady we jemgyýetçilik howasyny suratlandyrdy:
“Halkyň ýagdaýy barada aýdylanda, halk gündeki çöregini günde zordan tapýar. Hemme millet ýaraly gaplaň ýaly hyrlaşyp ýör...” diýip, aktiwist 20 ýyl mundan ozal Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Aktiwist soň ýene türmä düşdi, onuň “ýaraly gaplaň” häsiýetlendiren türkmen halky bolsa, synçylara görä, Aşgabada ymykly kök salan diýdimzor režimiň berk çäklendirmeleriniň we oýunlarynyň pidasy boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.