Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen elitasy yslama gujak açýarmy?


Gökdepe metjidi. Ahal welaýaty.
Gökdepe metjidi. Ahal welaýaty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen jemgyýetinde meşhurlyk gazanyp barýandygy aýdylýan dini meýilleriň türkmen syýasy giňişligindäki şöhlelenmelerine nazar aýlamaga synanyşýar.

30-njy iýunda “The Diplomat” neşiri türkmen jemgyýetinde ýoň bolup barýandygy aýdylýan yslam meýilleri barada analitiki makala çap etdi. “Türkmenistanda yslamyň galkynyşy” sözbaşy bilen çap edilen makala yslam dininiň türkmen halkynyň medeniýetindäki ornuna, türkmen jemgyýetinde meşhurlyk gazanyp barýan din bilen bagly täze meýillere we bu meýilleriň fonunda döwlet ýolbaşçylarynyň yslam dini babatdaky täze çemeleşmelerine syn edýär.

Türkmen elitasy yslama gujak açýarmy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Türkmen jemgyýetinde yslam dinine ymtylyş öňküsinden has köp meşhurlyk gazanýarmy, ýa-da ozalam bar bolan ymtylyş has köp göze ilýärmi? Türkmen syýasaty din ýoluny “tapdan düşen halkyň göwünini tapmagyň guraly” hökmünde ulanmaga synanyşýarmy? Bir tarapdan din azatlygy babatda “aýratyn alada bildirilýän” Türkmenistanyň döwlet syýasaty “din azatlygynyň öňüni açmazdan, öz ilatyna dindar görünmäge çalyşýarmy”?

“Dilden aýdylýan delilnamalara görä, türkmen jemgyýetinde soňky on ýyl bäri yslamyň meşhurlygy artýar. Türkmenistanda görnetin ýokarlanýan dindarlygyň sebäbi näme?" diýip, “The Diplomat” neşirinde “Türkmenistanda yslamyň galkynyşy” sözbaşy bilen çap edilen makalanyň awtory sorag berýär.

Ýogsa-da, makala Merdan Amanow tahallusly türkmenistanly bir ylmy barlagçynyň awtorlygynda ýazylypdyr.

Türkmen ymamy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyny metjit mährabynda wagyz edýär. Aşgabat ş. 2-nji maý, 2022. ý. Altyn asyr teleýaýlymyndan alnan surat.
Türkmen ymamy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyny metjit mährabynda wagyz edýär. Aşgabat ş. 2-nji maý, 2022. ý. Altyn asyr teleýaýlymyndan alnan surat.

Makalanyň “Elitalar yslama gujak açýar” bölüminde awtor Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň yz ýany, ýurtda döwlet baştutany derejesinde yslam bilen ilteşikli kabul edilen kararlara salgylanýar. Makalada türkmen prezidentiniň ilkinji nobatda bitiren işleri agzalyp geçilýär. Kiçi Berdimuhamedow wezipä girişmeginiň yz ýany, ýurtda dowam edýän pandemiýa çäklendirmelerine garamazdan metjitleri gaýtadan açdy, Oraza aýynyň Gadyr gijesi mynasybetli ýüzlerçe bendiniň günäsini geçdi, ýurduň welaýatlarynda bäş täze metjidiň gurluşygyna rugsat berdi. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt döwletlerine amala aşyran ilkinji saparlaryna mukaddes Mekge şäherine zyýarat etmek bilen girişdi.

Türkmenistanda metjitler martyň ahyrlarynda, apreliň başlarynda açyldy, ýöne onsuz hem şol döwürler pandemiýa çäklendirmeleri ýurt boýunça gowşadylyp başlanypdy. Täze prezident Gadyr gijesi mynasybetli 514 bendiniň günäsini geçdi, ýöne Türkmenistanda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri her Gadyr gijede tussaglaryň günäsi geçilýär. Serdar Berdimuhamedow ilkinji daşary ýurt saparlaryna mukaddes Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etmek bilen girişdi, ýöne türkmen prezidentleri köplenç mukaddes Mekge şäherine zyýaratdan soň daşary ýurt saparlaryna girişýär. Bu däp ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe-de, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe-de saklanyp galdy. Gurbanguly Berdimuhamedow we Saparmyrat Nyýazow ilkinji resmi däl daşary ýurt saparlarynyň çäginde Mekge şäherine zyýarat edipdi.

Serdar Berdimuhamedow wezipä girişenden soň, Balkan, Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda täze metjitleriň gurulmagyna rugsat berdi. Ýöne Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe hem ýurduň her bir welaýatynda baş metjitler gurlupdy.

Serdar Berdimuhamedowyň yslam dini bilen ilteşikli kabul eden kararlary, belki tötänden, onuň wezipä girişen döwürlerine gabat geldi. Ýöne “The Diplomat” awtorynyň türkmen jemgyýetinde ýoň bolup barýandygyny aýdýan yslam meýilleri, köplere görä, Türkmenistanda dowam edýän durmuş-medeni prosesiň bir bölegi bolup durýar.

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda bir metjit.
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda bir metjit.

“Yslam dini soňky on ýylyň dowamynda adaty raýatlaryň arasynda we türkmen elita gatlagynyň arasynda barha köp meşhurlyk gazandy. Täze doglan çagalara arap we yslam atlaryny dakmak türkmen ene-atalarynyň arasynda giň ýaýrady. Üstesine, diňe bir ýönekeý türkmenler däl, eýsem elita gatlak, estrada ýyldyzlary, sungat işgärleri we tanymal blogerler yzygiderli ýagdaýda Gurhandan sitatalary paýlaşyp, yslamy götergiläp başlady. Remezan aýynda agyz beklemek hem meşhur boldy. Yslamyň ilat arasynda çalt we merkezleşdirilmedik ýokarlanyşy sowetler döwründen bäri geçen döwrüň dowamynda hiç haçan görülmändi” diýip, awtor aýdýar.

Bellesek, Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň din azatlygy babatda “aýratyn alada bildirýän” ýurtlarynyň sanawynda galýar. Ýöne ABŞ-nyň aýdylmaýan milli bähbitlerine salgylanylyp, öz raýatlarynyň din azatlyklaryny kemsidýän türkmen hökümetine garşy sanksiýa girizilmeýär.

Halkara hukuk goraýjy toparlaryň hasabatlaryna görä, onlarça türkmenistanly dini ynanjy bilen baglylykda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Tussaglykdaky raýatlaryň hossarlarynyň, dindarlaryň we aktiwistleriň gözi bilen seretseň, türkmen türmeleriniň diwarlaryna dini aýyplamalar bilen ilteşikli tussag edilen adamlaryň ahy-nalasy siňýär. Onlarça türkmenistanly dini ynançlary zerarly türkmen türmelerinde, aktiwistleriň dili bilen aýdylanda, “zulum görýär”.

Hökümetiň gözi bilen seretseň, ýurtda din azatlygy çäklendirilmeýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň gözi bilen seretseň, Türkmenistanda diňe bir din azatlygy däl, eýsem raýatlaryň ähli esasy azatlyklary gysylýar.

Bu aralykda, türkmen telewideniýesi ýygy-ýygydan türkmen metjitlerinde berilýän sadakalardan reportaž taýýarlaýar. Müftüler türkmen döwlet ýolbaşçylarynyň öňünde el açyp, olara “görner-görünmez belalara” garşy amanlyk dileýär.

Türkmen häkimiýetleri dini birleşikleriň esaslandyrylmagyny çäklendirýär. Ýöne muňa garamazdan, nädip, türkmen hökümeti, türkmen döwletiniň ýolbaşçylary yslama gujak açýan adamlar hökmünde suratlandyrylýar.

"Türkmenbaşynyň ruhy metjidi" atly metjit. Gypjak.
"Türkmenbaşynyň ruhy metjidi" atly metjit. Gypjak.

“The Diplomat” neşiriniň awtory ýurtdaky din çäklendirmelerini, Türkmenistanyň din azatlygy babatynda “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň sanawyndadygyny ýatlap geçýär, muňa garamazdan, makalada aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň elita gatlagy onsuz hem ilat arasynda ýoň bolup barýan din meýillerinden öz bähbitlerine peýdalanmak isleýär.

Makalanyň awtory Türkmenistandaky türk täsiriniň ýurtda emele gelýän yslamy meýillere goşant goşandygyny aýdýar. Mälim bolşy ýaly, ýüzlerçe müň türkmenistanly migrant Türkiýede zähmet çekýär. Awtoryň ynanjyna görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylar yslamyň türk wersiýasy bilen ýakyndan tanyş bolmak mümkinçiligine eýe bolýar. Galyberse-de, awtora göra, Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda açylan ýöne uly Berdimuhamedow döwründe ýapylan türk mekdepleri hem türkmen ýaşlarynyň arasynda yslam ynanjynyň öwrenilmegine goşant goşupdyr.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň käbir sebitlerinde oba resmileri tarapyndan “Babadaýhanyň ýoluna sadaka toplamak”, häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň daş sypatyny çäklendirmek tagallalarynyň çäginde, synçylaryň köpüsiniň ynanjyna görä, dini esaslardan gözbaş alýan milli ýörelgeleri wagyz etmek ýaly çäreleri güýçlendirendiklerini habar berdiler.

Aýal-gyzlara garşy dilden girizilen daş sypat çäklendirmeleriniň güýçlendirilmegi hem prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ýöne din meýilleriniň döwlet derejesinde götergilenmegi, ýa-da gün tertibine getirilmegi diňe bu mysallar bilen çäklenmeýär.

Gökdepe metjidi
Gökdepe metjidi

Ýatlasak, prezident Serdar Berdimuhamedowyň wezipe girişmegi mukaddes Remezan aýynyň öň ýanyna gabat geldi. Oraza baýramynyň öň ýanynda bolsa, Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Ömrümiň manysy” atly kitaby bilen tanyşdyrdy.

2-nji maýda Baýram namazyny berjaý etmek üçin ýurduň metjitlerine baran jemagat täsin täzelik bilen ýüzbe-ýüz boldy. Metjitleriň ymamlary Baýram namazynyň öň ýany, jemagata Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitabyny wagyz etdi.

Ymamlaryň sözlerine görä, Berdimuhamedowyň kitabynda “türkmençilik” wagyz edilýär.

2-nji maýda Aşgabadyň Hezreti Omar metjidinde Türkmenistanyň baş mütfüsi metjide ýygnanan jemagata ýüzlenip, Berdimuhamedowyň kitabynda diniň hem-de türkmençilik ýörelgeleriniň türkmen halkyna, hususan-da ýaşlara düşündirilýändigini aýtdy. Metjit mährabynda yslam dinini hem-de türkmençiligi deň derejede agzamak bilen, din wekili, synçylara görä, Türkmenistanda milli däp-dessurlara esaslanýan milli ýörelgelere yslam ýörelgeleri bilen deň derejede ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Gysgaça aýdylanda, köplere görä, türkmen resmileri milli we dini ýörelgeleriň garyndysyndan bir netije almaga synanyşýar.

Türkmen elitasynyň yslama gujak açýan ýaly bolup görünmegi bilen bagly alamatlar Serdar Berdimuhamedowyň wezipä gelmeginiň öň ýany hem ýüze çykypdy.

Ýatlasak, fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň baş metjitlerinde sadaka berildi. Döwlet mediasy metjitlerdäki sadaka çäreleri barada giňden habar berdi. Halk Maslahatynyň nobatdan daşary iň soňky mejlisiniň türkmen syýasatynda aýratyn ähmiýeti boldy. Sebäbi hut şol maslahatyň dowamynda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň wezipeden çekilmek niýetini äşgär etdi. Ýöne eks-prezident bu niýetini jemgyýetçilige aýan etmezden ozal ýurduň metjitlerinde sadaka berildi.

Aşgabatdaky Ärtogrul gazy metjidi
Aşgabatdaky Ärtogrul gazy metjidi

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesinden çekilmek niýetini özüniň iki ýyl ozal “pygamber ýaşyny doldurmagy” we mundan beýläk döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegi makul hasaplamagy bilen esaslandyrmaga çalyşdy. Bu çykyşda hem türkmen ýolbaşçysy dini we medeni elemente salgylandy, özüniň pygamber ýaşyny doldurandygyny nygtady.

Ýatlasak, 2019-njy ýylyň iýunynda, haçan-da Gurbanguly Berdimuhamedow pygamber ýaşyny dolduranda, döwlet mediasy ony dini gymmatlyklar bilen ilteşdirip wagyz etdi.

Şonda Berdimuhamedowyň pygamber ýaşynyň dolmagy mynasybetli Marynyň Gurbanguly hajy metjidine mukaddes Mekgeden getirilen teperrik ýerleşdirildi. Üç ýyl mundan ozal, Marynyň metjidine Muhammet pygamberiň keşbi beýan edilýän arapça “hilýeýi şerife” sowgat berildi. Şonda Türkmenistanyň hökümet agzalary hatara durup, Marynyň metjidindäki arapça sowgady maňlaýa syldy. Döwlet mediasynda görkezilen bu sýužetler Türkmenistanyň dolandyryjy gatlagynyň täze yslam çemeleşmeleri babatda pikir döretdi.

Türkmenistanyň hökümet agzalary Mekgeden getirilen teperrigi maňlaýa sylýar. 29-njy iýun, 2019 ý. Mary ş. Türkmenistan. Altyn asyr teleýaýlymyndan alnan surat.
Türkmenistanyň hökümet agzalary Mekgeden getirilen teperrigi maňlaýa sylýar. 29-njy iýun, 2019 ý. Mary ş. Türkmenistan. Altyn asyr teleýaýlymyndan alnan surat.

Döwlet telewideniýesi “hilýeýi şerife” köp sereden adamyň durmuşynyň rowaçlyga we bagtyýarlyga beslenjekdigini aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Wikipedia maglumatlaryna görä, “hilýeýi şerif” osmanly sungat eseriniň bir görnüşi bolup, onuň ýüzünde arap harplarynda Muhammet pygamberiň daş keşbi wasp edilýär.

Türkmenistanyň üçünji prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem iýunyň başlarynda Mekge we Medine şäherlerine eden zyýaratyndan teperrik getirdi. Döwlet metbugaty mukaddes topraklardan gelen teperrigiň Marynyň Gurbanguly hajy metjidine goýlandygyny we soňy bilen bu teperrigiň ýurduň dürli sebitlerindäki metjitlerine gezekli-gezegine eltiljekdigini habar berdi.

Şeýle çäreleriň döwlet metbugatynda wagyz edilmegi, synçylara görä, türkmen elita gatlagynyň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň täze dini çemeleşmelerine ünsi çekdi.

Mary welaýatynyň Baş metjidi
Mary welaýatynyň Baş metjidi

Maglumat üçin aýdylsa, “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine” görä, “teperrik” sözi “köplenç dini adamlaryň zadyndan ýetýän paý, bölek, dadymlyk” diýen manyny aňladýar.

“The Diplomat” neşiriniň türkmenistanly ylmy barlagçysyna görä, soňky wagtlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbir ýegenleri, Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesini eýeläli bäri, özleriniň Instagram sahypalarynda dini mazmunly kontent paýlaşmagy ýygjamlaşdyrypdyrlar.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda yslam ynanjyna eýerip gelýär. Ýöne Sowet Soýuzy döwründe ilatyň dini mümkinçilikleri häkimiýetler tarapyndan çäklendirildi. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soňra, ilatyň dini parzlary we sünnetleri berjaý etmek hukugyna eýe bolmagy ýurduň garaşsyzlygynyň iň naýbaşy miweleriniň hatarynda propaganda edildi. Garaşsyzlykdan soňra ýurtda metjitleriň sany göz-görtele köpeldi. Synçylar Sowetler döwründe ýurduň çäginde ýekeje-de metjidiň bolmandygyny aýdýarlar.

1989-njy ýylda çap edilen bir statistika görä, tutuş Sowet Soýuzynyň çäginde 300 metjit bar ekeni. Ýöne Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra, Soýuza girýän köp sanly musulman döwletlerde, şol sanda Türkmenistanda metjitleriň sany artdy. Käbir maglumatlara görä, meselem, diňe Özbegistanyň özünde, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bary-ýogy iki ýyl soň, 1993-nji ýylda metjitleriň umumy sany 6 müňe çykdy. Türkmenistandaky metjitleriň sany barada takyk maglumat ýok, ýöne ýurduň ähli iri şäherlerinde we welaýat merkezlerinde metjit bar. Käbir sebitlerde hatda etraplarda we obalarda hem özbaşdak metjitler bar.

Lebap welaýatynyň Baş metjidi
Lebap welaýatynyň Baş metjidi

Serdar Berdimuhamedow maýyň başlarynda sebit ýaşaýjylaryndan gelen islegleri nazarda tutup, ýurduň her welaýatynda täze metjitleriň bina ediljekdigini yglan etdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu metjitleriň gurluşygy üçin raýatlardan, şol sanda býujet işgärlerinden we telekeçilerden mejbury haýyr-sahawat toplanýandygyny habar berdiler. Türkmenistanyň baş müftüsiniň müdiriýeti bu metjitleriň gurluşygyna goşant goşmaga isleg bildirýän ähli taraplar üçin ýörite bank hasabynyň açylýandygyny yglan etdi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň hökümeti her ýylyň Gurban baýramynyň öň ýany, döwletiň hasabyna iki ýüze golaý adamy (bu ýyl 275 adamy) haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany patyşalygyna iberýär. Haj zyýaratyny berjaý edýän raýatlaryň howa petekleri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan, Konstitusiýa görä, “dünýewi”, “demokratik” we “hukuk” döwleti.

Türkmenistanyň döwlet mediasy synçylaryň Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda yslam dininiň gazanýan täze meşhurlygy barada aýdýanlary dogrusynda gürrüň gozgamaýar.

Türkmenistanyň günorta araçägi berk yslamçy režimleriň gözegçiligi astynda dolandyrylýan Eýran yslam respublikasy bilen hem-de Yslam respublikasy hökmünde tanalýan Owganystan bilen serhetleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG