Aşgabatda klassiki aýdym-saz toparnyň ýene bir konserti geçirildi. 3-nji iýulda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçirilen çäre "Kamerata Aşgabat" atly täze döredijilik toparynyň ilkinji konserti boldy. Konserte gatnaşan Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy oňa tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilendigini gürrüň berdi.
Toparyň çeper ýolbaşçysy halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, skripkaçy Bahram Dolyýew bolup, konsertde dünýäniň nusgawy klassiki aýdym-sazlary ýaňlandy. Habarçymyzyň maglumatyna görä, sazandalar konsertiň programmasyny "Barokkodan häzirki döwre" dilip atlandyrdylar.
Konserte biletler 20 gün çemesi öňünden 50 manatdan satylyp başlandy. Zalyň tomaşyçylardan dolandygy nazara alnanda, biletleriň ählisiniň satylandygyny çaklasa bolýar.
Aýdym-saz çäresinde beýlekiler bilen bir hatarda, nemes kompozitory Johan Sebastian Bahyň , italýan kompozitory Antonio Wiwaldiniň, sowet kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň, italýan kompozitory Ludowiko Eýnaudiniň, argentin kompozitory Astor Piazzolanyň eserleri ýaňlandy.
"Türkmenistanyň skripkaçylarynyň tutuş toparyny döreden ajaýyp mugallym Nikolaý Artýomowiç Amiýant Bahram Dolyýewiň zehinini tanymal skripkaçy Deýwid Oýstraha meňzetdi. Dolyýew toparyň solisti hem boldy" diýip, habarçy konsertde gören-eşidenlerini gürrüň berdi.
Konsertde aýdymçy Leýli Ökdirowa (soprano), sungat işgärleri Röwşen Nepesow (pianino) we Bahar Annadurdyýewa dagy hem çykyş etdiler. Ökdirowa sowet kompozitory Sergeý Rahmaninofyň we fransuz kompozitory Leo Delibesiň käbir eserlerini ýerine ýetirdi.
"Tomaşaçylar täze aýdym-saz toparyndan we halaýan sazandalary bilen duşuşmak üçin goşmaça mümkinçiligiň peýda bolmagyndan hoşal boldular. Aýdym-saz çäresi sazandalaryň ýokary ussatlygy we tomaşaçylaryň hoşniýetliligi bilen geçirildi" diýip, habarçy konsertiň D.Şostakowiçiň "2 skripka üçin 5 pýessa" atly sazy bilen jemlenendigini aýtdy.
Türkmenistanda, şol sanda paýtagt Aşgabatda koronawirus pandemiýasy bilen bagly aladalaryň arasynda girizilen karantin çäklendirmeleri sebäpli konsertleriň, şol sanda klassiki aýdym-saz çäreleriniň ençemesi yza tesdirilipdi. Şu ýylyň bahar paslyndan başlap gyş aýlarynda geçirilmegi planlaşdyrylan aýdym-saz çäreleri gaýtadan geçirilip başlandy.
24-nji iýunda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. "Müň bir gije ertekileri" atly konsert çäresi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň uly zalynda geçirildi. Mundan ozal, paýtagtda “Pariž, söýgim meniň!” we "Tango, Tango, Tango" atly konsertler geçirilipdi.
Galyberse-de, soňky hepdelerde Türkmenistan medeni wakalara baý boldy. 22-27-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. 28-nji iýunda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde we Balkan welaýatynyň Awaza syýahatçylyk zolagynda öňki prezidentiň doglan gününe gabatlanyp, aýdym-saz konsertleri gurnaldy. Konsertlerde beýleki aýdymçylar bilen bir hatarda Azerbaýjandan Emin Agalarow, Şwesiýadan Doktor Alban, Türkiýeden Demet Akalyn çykyş etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.