Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana dolanýan raýatlarda maýmyn mamany anyklamak boýunça berk barlaglar geçirilýär


Türkmenabat şäheriniň aeroporty. Illýustrasiýa suraty
Türkmenabat şäheriniň aeroporty. Illýustrasiýa suraty

Şu günler daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän ýolagçylar koronawirus testinden başga-da, maýmyn mama keseli barlagyndan geçirilýär. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroportunyň işgärleri ýolagçylarda bu keseliň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin olaryň bedenini tutuşlygyna, jikme-jik barlaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň aeroportdaky çeşmesi we daşary ýurtlardan gelen türkmenistanlylaryň birnäçesi gürrüň berdi.

"Daşary ýurtlardan Türkmenabadyň aeroportuna gonan uçardaky ýolagçylar ilki migrasiýadan, soňra-da gümrük proseduralaryndan geçýärler. Ýolagçylardan COVID testi alynýar. Olar test üçin 120 manat töleýärler. Olaryň ýanynda aýlyk bank kartlary ýokdugy sebäpli, tölegler diňe nagt kabul edilýär. Mundan soňra ýolagçy bir otaga salynýar we şol ýerde onda maýmyn mama keseliniň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin onuň bedeni jikme-jik barlanýar. Olardan hiç hili test alynmaýar" diýip, aeroportdaky çeşmämiz gürrüň berdi.

Maýmyn mama keseli

Maýmyn mama - maýmyn mama wirusynyň ýokuşmagy netijesinde döreýän ýokanç keseldir. Seýrek duş gelýän bu kesel - esasan Merkezi we Günbatar Afrikanyň tropiki tokaý territoriýalarynda ýüze çykýar, ýöne käte ol beýleki sebitlere hem ýaýrap bilýär. Bu kesel bilen kesellän adamlaryň bedeninde iriňli düwürtik örýär.

"Türkmenabadyň aeroportunyň işgärleri daşary ýurtlardan gelen ýolagçylaryň bedeninde iriňli düwürtigiň ýa-da onuň yzynyň bardygyny anyklamaga çalyşýarlar" diýip, daşary ýurtdan Türkmenistana dolanan türkmen raýaty anonimlik şertinde 26-njy iýunda gürrüň berdi.

Maýmyn mama afrika ýurtlarynda endemiki kesel bolsa-da, mundan ozal bu kesel beýleki kontinentlere häzirki wagtda bolşy ýaly çalt we giň gerimde ýaýramandy. Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) bu keseliň şu ýylyň ýanwar aýynda möwjäp başlandygyny yglan etdi. Guramanyň 27-nji iýunda çap eden maglumatlaryna görä, şu ýylyň 1-nji ýanwary bilen 22-nji iýuny aralygynda bu keseliň 3413 adama ýokuşandygy we ondan bir adamyň ölendigi hasaba alyndy. Bu hadysalar laboratoriýa barlaglary arkaly tassyklanyp, BSG-niň bäş sebitindäki 50 ýurtdan/sebitden alnan maglumatlara esaslanýar.

"Häzirki wirusyň esasy aladalandyrýan tarapy, onuň täze ýurtlara we sebitlere çalt depginde ýaýramagy hem-de ýaýramagy dowam etdirmegidir" diýlip, BSG-niň beýanatynda bellenilýär.

Guramanyň 25-nji iýunda ýaýradan beýanatynda maýmyn mama wirusynyň häzirki wagtda tutuş dünýäde jemgyýetçilik saglygy aladalaryny emele getirmeýändigi, ýöne onuň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almak üçin "berk çäreleriň görülmeginiň" zerurdygy hem mälim edildi.

Ýurduň gümrükhanalarynda lukmanlar nobatçylyk çekýär

Türkmenistanyň TDH we "Altyn Asyr Türkmenistan" neşirlerinde bu kesel barada häzirlikçe hiç hili mesele gozgalmaýar. Ýöne hökümetçi "Orient" neşiri 10-njy iýunda çap eden maglumatynda Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugynyň (Rospotrebnadzor) Türkmenistana maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin test-ulgamyny berjekdigini habar berdi.

Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz we türkmenistanlylar maýmyn mama keseli bilen kesellänleri anyklamak boýunça ýurduň gümrükhanalarynda, şol sanda Farap gümrük nokadynda hem giň gerimli barlaglaryň geçirilýändigini habar berýärler.

"Bu gümrükden geçýän adamlaryň bedenleri hem jikme-jik barlanýar. Ýurduň ähli gümrükhanalarynda, şol sanda Farap gümrük nokadynda ýörite lukmanlar nobatçylyk çekýärler. Olar güýçlendirilen iş tertibinde işleýärler" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Habarçymyz 27-29-njy iýun aralygynda Aşgabatdan Lebap welaýatyna ýörite barlag toparynyň gelmegine garaşylýandygyny hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu toparyň koronawirus barada barlaglary geçirmegine garaşylýandygy aýdylýar. Ýöne bu barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we onuň ýerli edarasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri adatça beýleki ugurlarda bolşy ýaly halkyň saglygy bilen bagly meselelerde hem ilat köpçüligine aç-açan, aýdyň maglumat bermekden saklanýarlar. Bu tejribe koronawirus global pandemiýasy bilen bagly hem gaýtalanypdy. Häzirki güne çenli ýurtda bu wirusyň asla hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri bu barada aç-açan gürrüň etmekden saklanýarlar. Hatda pandemiýanyň başynda ýurtda "koronawirus" sözüni aýtmak hem gadagan edildi.

Maýmyn mama ilkinji gezek haçan ýüze çykaryldy?

1958-nji ýylda maýmynlarda ýüze çykarylan bu keseliň adamlara ýokuşmagy bilen bagly hadysalary 1970-nji ýyllarda anyklandy.

Keseliň alamatlary

Maýmyn mama keseli gyzzyrma, kelle agyrysyna, örän ýadawlyga, sowuklama, giňden ýaýran beden agyrylaryna, hususan-da bil agyrysyna, limfa düwünleriniň çişmegine we deriniň zeperlenmegine sebäp bolýar.

Nädip ýokuşýar?

Bu wirus howadan damja ýollary arkaly ýokuşmaýar. Kesel bu wirus ýokuşan adam bilen uzak wagtlap aragatnaşyk saklamak arkaly adamdan adama ýokuşyp bilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG