Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýunda Aşgabatdaky Maslahatlar köşgünde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurduň ýaşlar syýasatynda käbir üýtgeşmeleri, ýaşlar üçin kanun taýdan täze mümkinçilikleri teklip etdi.
Döwlet metbugatynyň bu baradaky habary uzyn we çylşyrymly. Şonuň üçin, biz Türkmenistanda ýaşlar üçin teklip edilýän täze mümkinçilikleri gysgaldyp okyjylarymyza ýetirýäris we yz ýany täze mümkinçilikler boýunça synçy bilen pikir alşarys.
- Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Bilim ministrligine geçiriler
- Ýaşlaryň arasynda türkmen milli ýörelgelerine laýyk gelýän wagyz-nesihat ýaýbaňlandyrylar
- Ýaşlar taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga höweslendiriler
- Ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guraly işlenip düzüler we haýsydyr bir kärhananyň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolsa, ol kärhana “ýaşlar kärhanasy” atlandyrylar. “Ýaşlar kärhanalary” dürli ýeňilliklerden peýdalanar
- Ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden yza galmazlygy üçin bilim edaralarynda ýörite internet merkezleri dörediler
- Bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibi kesgitlener
- Orta mekdebi tamamlan oglanlar ýokary okuwa synanyşmak şerti bilen bir ýyl giç harby gulluga çagyrylar
Eks-prezidentiň ýaşlar bilen geçiren maslahatynda esasan ýedi teklip öňe saýlanýar.
Döwlet metbugaty Türkmenistanda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdýar. Ýöne on müňlerçe türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede eklenç üçin agyr şertlerde zähmet çekýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň çagalar baglaryndan tä ýokary okuw jaýlaryna, ol ýerden iş ýerlerine çenli ýaýran para-bermit ýaşlaryň adalata bolan ynanjyna zarba urýar.
Şeýle kynçylyklaryň fonunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasaty babatda teklip edýän başlangyçlary nä derejede üstünlik gazanyp biler? Biz şu soraga jogap gözläp, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdik.