Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda maska düzgüni resmi taýdan gowşadyldy, emma ony dakynmak talaby saklanýar


Aşgabat, 2022-nji ýylyň maý aýy
Aşgabat, 2022-nji ýylyň maý aýy

Türkmenistanda, tomsuň başyndan maska dakynmak talabynyň bölekleýin ýatyrylmagyna garaşylypdy. Resmi taýdan yglan edilen düzgünlere görä, 1-nji iýundan başlap ilat diňe jemgyýetçilik ulaglarynda we edaralarda maska ​dakynmaly bolar diýlipdi. Emma ilat köçelerde maska ​dakynmaga mejbur bolýar, sebäbi polisiýa jerime salmagyny dowam etdirýär.

Aşgabatda ýaşaýjylar köpçülik ýerlerinde maska dakynmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 2-nji iýunda paýtagtyň ähli köpçülik ýerlerinde ýaşaýjylaryň köpüsi maska dakynmagy dowam etdiripdir. Köçelerde maskasyz adamlar hem bolupdyr, emma olar köplenç polisiýanyň gözüne düşüp, jerimä sezewar edilipdir.

"Şu gün hemmeler maskaly ýöredi. Polisiýa işgärleri Oguzhan köçesiniň täze böleginde maskasyz adamlara jerime saldy" -diýip, Azatlygyň habarçysy gören ýagdaýlarynyň biri barada gürrüň berdi.

Başga bir habarçynyň sözlerine görä, ýerli metbugatda maska režiminiň 1-nji iýundan başlap gowşaşmagy baradaky habarlardan soň, käbir ýaşaýjylar köpçülik ýerlerinde maskasyz bolmaga birbada synanyşýarlar, soň bolsa bu niýetinden el çekidir: “Synanyşyklar 24 sagada çekdi. Irdenem aýryldy. Her kim maska geýýär. Bezmeýnde polisiýa ýigitleriň ýanyna baryp, maska dakynmagy talap etdi. Aşgabatda jerime köp boldy" diýip, habarçymyz aýdýar.

Maska dakynmak gözegçiligi welaýatlarda hem saklanýar. Azatlygyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar karantin çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilip başlanmagyna garaşypdyr, emma Çagalar gününe gabat gelen 1-nji iýun adatdakysy ýaly geçipdir. Hiç kim çäklendirmeleriň, şol sanda maskalaryň aýrylmagyny duýmandyr. Şeýle hem çagalar üçin ýörite dabaralar bolmandyr.

"Köpler pandemiýa we karantin çäklendirmelerinden öň bolşy ýaly seýilgählerde konsertleriň ýa-da güýmenje çäreleriniň guralmagyna garaşýardy, ýöne beýle zat bolmady. Adamlar karantin çäklendirmeleriniň ýeňilleşmegini, hatda maskalaryň aýrylmagyny-da duýmadylar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köpler köçelerde maskasyz ýöremegiň mümkin bolmagyna garaşdylar, ýöne bu başa barmady, polisiýa maskasyz adamlary saklaýar we jerime salmagyny dowam etdirýär.

"Hemmeler 1-nji iýundan maskalara degişli ýeňillikleriň girizilmegine garaşýardy, maskalaryň diňe jaýlarda we ulaglarda talap ediljegi aýdylypdy. Bu barada prezidentiň özi "Watan" programmasynda aýtdy. Ýöne 1-nji iýulda köçede maskasyz bolan adamlara jerime salyndy "-diýip habarçy gürrüň berdi.

Marydan tapawutlylykda paýtagtda Çagalar gününe bagyşlanan dabaralar geçdi, köp adamyň gatnaşmagynda ýygnanyşyklar boldy. Paýtagtdaky habarçylara görä, "Berkarar" söwda merkezinde atraksionlaryň bahasy arzanladylypdyr. Bu ýere gelen adamlaryň ählisi maskaly bolupdyr. Agşam, mugt tomaşalary guran Birinji parkda çagalary bilen baran ene-atalar köpdi. Habarçynyň sözlerine görä, olaryň ýarysy maska dakynypdyr, ýarysy maskasyz bolupdyr.

Bu aralykda, köçelerde köpler maskalaryny dakynypdyr, aşak düşürseler-de eňeklerinde saklap, geçip barýan polisiýa ulagyny görenlerinde maskany awtomatiki usulda ýüzlerine çekýärler.

Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleri, şol sanda maska dakynmak düzgünini bölekleýin ýatyrmak kararyny yglan etdi. 6-njy maýda çap edilen resmi beýanatda 1-nji iýundan başlap, ýapyk ýerlerde we ulaglarda maska dakynmak talabynyň berjaý ediljekdigi, ýöne maskalaryň açyk meýdanda dakynmagyň talap edilmejekdigi aýdyldy.

Türkmenistanda ähli ýerde maska dakynmagyň berk talaby koronawirusa mahsus alamatlary bilen köpçülikleýin ýüze çykan keselçiligiň we ölüm derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede köpelen wagtynda 2020-nji ýylyň awgust aýynda girizildi. BSG-niň teklibi bilen türkmen hökümeti özüni "ýurtda koronawirus bar ýaly" alyp barmak çärelerine başlady we girizen maska talabyny ilaty "howada köpelen tozan bölejiklerinden" goramak maksady bilen düşündirdi.

Iki ýyl bäri ilat hemme ýerde maska dakynmaly boldy, adamlar hatda pagtany maska dakynyp ýygmaly bolýardy. Ýurduň ýaşaýjylary düzgüni bozanlary anyklamak we olara jerime salmak üçin yzygiderli polisiýa yzarlamalaryna sezewar edildi. Mundan başga-da, maskalaryň ýoklugy ýa-da nädogry dakylmagy üçin jeza hökmünde tussag edilen düzgün bozujylar mejbury işe, şol sanda pagta meýdanlaryna sürüldi.

Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedi we öz çäginde COVID-19 keselini resmi taýdan hasaba almadyk ýeke-täk ada däl döwlete öwrüldi. Türkmen hökümetiniň koronawirus ýok diýip aýdanlaryny ençeme gezek sorag astyna goýan we ýurduň hereketsizligini tankytlan BSG, maý aýynyň ortalarynda Türkmenistana koronawirusa garşy göreşi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG