Günbataryň Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynyň birnäçesi soňky ganly tolgunyşyklara we häkimiýetleriň Owganystan we Hytaý bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletiniň durnuksyz Dagly-Badahşan sebitinde gurnalan halk protestlerini basyp ýatyrmagyna “çuňňur” alada bildirdi.
Resmi maglumatlara görä, DBAS-niň paýtagty Horogda ýaşaýjylar bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar we sebitiň Rushan etrabynda "terrorçylyga garşy” geçirilen operasiýa 10 adamyň ölmegine, 27 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Häkimiýetler 70-den gowrak ýerli ýaşaýjynyň tussag edilendigini habar berdiler.
Protestler 2021-nji ýylda polisiýa tussaglygynda heläk bolan aktiwistiň ölümi barada derňew geçirilmezligi sebäpli toplanan gahar-gazap netijesinde başlandy.
Ýewropa Bileleşiginiň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Angliýanyň diplomatik wekilhanalary 19-njy maýda bilelikde beýannama çap edip, "gozgalaňdan çuňňur alada bildirýändiklerini we taraplaryň ählisini güýç ulanmazlyga, zorluga meçew bermezlige, köşeşmäge, sowukganly saklanmaga we sabyr-kanagata"çagyrýandyklaryny aýtdylar.
Soňky günlerde demonstrantlar sebit paýtagtynyň köçelerine çykyp, adam alyp gaçmakda güman edilýän raýat 2021-nji ýylyň noýabr aýynda polisiýa tussaghanasynda aradan çykaly bäri hiç bir çäre görülmändigini aýdyp, sebit ýolbaşçylarynyň işden çekilmegini talap etdiler.