Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç yglan etdi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde “Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin”, Ýazmuhammet Gurbanowa, Nazarmyrat Nazarmyradowa, Döwranberdi Annaberdiýewe käýinç yglan edildi.
Bu käýinçler sebit häkimleriniň prezidente, "ýerli ýaşaýjylaryň islegleri" esasynda, etrap ýerlerinde täze metjitleri we sadaka jaýlaryny gurmak baradaky teklip bilen ýüz tutan gününde yglan edildi.
S.Berdimuhamedow häkimleriň Hazar (Balkan), Şatlyk (Mary), Änew şäherlerinde (Ahal), Ruhubelent (Daşoguz), Döwletli (Lebap) etraplarynynda, ýanyndaky sadaka jaýlary bilen bilelikde, täze metjitleri gurmak barada eden tekliplerini goldady we, şonuň bilen bir wagtda, sebitlerde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada hem durup geçdi.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, döwlet baştutany ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň gözegçilikde saklanmagyny tabşyrypdyr.
Türkmenistanda öňki iki prezident döwründe onlarça metjit guruldy, 2009-2020-nji ýyllarda bolsa, harçlanan serişdeler barada anyk maglumat berilmezden, hökümet başlygynyň tassyklamagy bilen, Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan sebitlerinde, Aşgabadyň Parahat-7 etrabynda, demirgazyk Owganystanda täze metjitler guruldy.
Şol bir wagtda, hökümet mejlislerinde indi 30 ýyl bäri üznüksiz gozgalýan oba meselesi, prezidentleriň ýerli häkimleri tankytlamagyna garamazdan, ýerli synçylaryň we Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, agyr ýagdaýda galýar.