Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Kiýewiň etegindäki Buça, Borodýanka baryp gördi  


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Moskwanyň Ukrainada iki aýdan geçen we ýurduň gündogarynda möwç alýan urşuny “absurditi”, ýagny akyla sygmajak manysyz zat hökmünde häsiýetlendirdi.

Bir gün öň Moskwada bolup, rus prezidenti bilen gepleşik geçiren BMG lideri 28-nji aprelde Ukraina gelip, Kiýewiň golaýynda birnäçe şähere, şol sanda Buça we Borodýanka baryp gördi.

Rus goşunlary şu aýyň başynda yza çekilenden soň, bu ýerlerde atylyp öldürilen parahat adamlaryň jesetleri tapyldy, olaryň käbirinde gynalyp öldürilendigini görkezýän alamatlar bardy.

Edilen zalymlygyň görnetin subutnamalary birnäçe ýurtduň, şeýle-de BMG-niň we Halkara jenaýat kazyýetiniň (ICC) bu ýerde uruş jenaýatlarynyň edilendigini ýa-da edilmändigini anyklamak üçin derňew geçirilmegi barada çagyryş etmegine sebäp boldy.

"Men Halkara jenaýat kazyýetini doly goldaýaryn we Russiýa Federasiýasynyň Halkara jenaýat kazyýetiniň talabyny kabul edip, onuň bilen hyzmatdaşlyk etmegine çagyrýaryn” diýip, Guterriş bu iki ýere baryp göreninden soň aýtdy.

"Biz ynsanperwer goldawy giňeltmek we parahat ilatyň çaknyşyk zolagyndan ewakuasiýa edilmegini üpjün etmek üçin alyp barýan işlerimizi dowam etdireris" diýip, Guterriş twitterde aýtdy.

"Bu uruş näçe çalt gutarsa, bu Ukraina we Russiýa üçin-de, dünýä üçin hem şonça gowy" diýip, ol Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen geçirjek gepleşikleriniň öňüsyrasynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG