Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Mariupol goragçylaryna zabt etmegi goýbolsun edýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir 
Russiýanyň prezidenti Wladimir 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin goranmak ministri Sergeý Şoýgua Ukrainanyň gabalan port şäherindäki “Azowstal” polat zawodyna hüjüm etmek meýilnamasyny ýatyrmagy, oňa derek, rus esgerleriniň janyny goramak maksady bilen, Mariupolyň daşyny petiklemegi buýurdy.

21-nji aprelde telewideniýede görkezilen ýygnakda Shoýgu Putine "Mariupolyň tutuşlygyna rus goşunynyň we Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiligine alnandygyny" aýtdy, “Azowstal” zawodynyň bolsa, birnäçe hepde dowam eden agyr bomba hüjümlerinden we güýçli söweşlerden soň, "ygtybarly möhürlenendigini" öňe sürdi.

Bu şäher asuda ilatdan bolan müňlerçe adamyň gabalyp, aç-suwsuz, agyr ýagdaýda galan ýeri boldy, kömek işgärleri ol ýere baryp bilmeýär.

Putin Şoýguny Mariupolyň "azat edilmegi" bilen gutlady we ägirt uly senagat toplumyna hüjüm etmegiň "oňaýsyz" boljakdygyny aýtdy.

Şoýgu Putine 2000-den gowrak ukrain söweşijisiniň uly ýerasty bölegi bolan zawodyň ýerzeminlerinde gizlenendigini we goşunyň bu toplumy dolulygyna basyp almagyny "tamamlamak" üçin rus güýçlerine birnäçe gün gerekdigini aýtdy.

Şoýgu Azow deňziniň port şäherinden açylan ynsanperwerlik koridorlary arkaly 142,000-den gowrak parahat ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Emma bu san ukrain resmileriniň aýdan zatlaryna ters gelýär, olar uruş başlanaly bäri bu ýerden juda az adamyň çykmagyna ýol berlendigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG