Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak üçin ses berdi


Rezolýusiýa 93 agzanyň goldaw sesini aldy, 24 agza garşy boldy, 58 ýurt oňa ses bermekden saklandy.
Rezolýusiýa 93 agzanyň goldaw sesini aldy, 24 agza garşy boldy, 58 ýurt oňa ses bermekden saklandy.

BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde rus güýçleriniň Ukrainada "adam hukuklaryny gödek we yzygiderli bozýandygy we basgylaýandygy” baradaky habarlar sebäpli Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak üçin ses berdi.

Bu rezolýusiýa 93 agzanyň goldaw sesini aldy, 24 agza garşy boldy, 58 ýurt oňa ses bermekden saklandy.

BMG-niň 193 agzaly Baş Assambleýasynyň başlangyjy esasynda kabul edilen karar "Ukrainada adam hukuklarynyň bozulmagynyň dowam etmeginden we emele gelen ynsanperwerlik krizisinden alada bildirýär".

Russiýa 2006-njy ýylda döredilen we Ženewada ýerleşýän 47 agzaly geňeşden çykarylan ikinji ýurt boldy.

Mundan öň, 2011-nji ýylda agzalygy togtadylan Liwiýa şeýle ýazgarma sebäp bolan ilkinji ýurt bolupdy.

Merkezi Aziýanyň dört ýurdy, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Russiýanyň bu guramadaky agzalaygynyň togtadylmagyna garşy ses berdi, Türkmenistan bu karar üçin ses bermekden saklandy.

Aşgabat Baş Assambleýanyň Ukraina bilen bagly öňki ses berişliklerinde hem ses bermekden saklanypdy.

Bu gezek ses bermekden saklanan post-sowet ýurtlarynyň arasynda Ermenistan, Azerbaýjan hem bar. Gürjüstan Russiýanyň guramadan çykarylmagyna goldaw bildirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu çäräni “bikanun we syýasy sebäpli” diýip häsiýetlendirdi.

Emma ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony Blinken bu ses berişlige ýokary baha berdi we adam hukuklaryny gödek we yzygiderli bozýan ýurduň bar işi şol hukuklary goramak bolan guramada oturmaly däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG