Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar “Ýa Remezan” aýdyp, maşgalalaryny ‘goldajak’ bolýarlar


Türkmenistanly çagalar
Türkmenistanly çagalar

Türkmen däplerinde adatça bolşy ýaly, Remezan aýynyň başlanmagyna üç gün galanda, çagalar öýme-öý aýlanyp, “Ýa Remezan” aýdyp musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan aýyň gelendigini buşlaýarlar. Adamlar hem olara süýji-köke ýa-da başga ir-iýmiş, kähalatlarda pul hem hödürleýärler. Bu özboluşly däp, habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýanlaryň sözlerine görä, soňky wagtlarda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda "gedaýçylyk etmegiň" guralyna öwrülip barýar. Mundan başga-da, “Ýa Remezan” aýtmaga çykan çagalaryň arasynda dürli heläkçiliklere uçraýanlaryň hem bardygy barada maglumatlar gowuşýar.

“Çagalaryň ‘Ýa Remezan’ aýtmaga esasan giçlik köçelere çykmagy, olary belli bir derejede howp astyna salýar. Düýn Kerkide iki çaganyň ýol hadysasyna uçranyna şaýat boldum. Olaryň keselhana äkidilmeginden soňky ykbalyny öwrenip bilmedim. Emma “Ýa Remezan” aýtmaga çykýan çagalara telewideniýe arkaly, mekdeplerde, galyberse-de maşgalalarynda howpsuzlyk hüşgärligi barada maglumat berilse gowy bolardy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ýaşaýjylaryň biri 1-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Kerki etrabynda ýol hadysasyna uçran çagalar barada ýerli saglyk edaralaryndan we häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylary bu günler “Ýa Remezançylaryň” geçen ýylkylara garanyňda hem degişlilikde köpdügini, emma olaryň esasan ykdysady krizis sebäpli gurpdan düşen maşgalalaryna nähili hem bolsa bir goşant goşmak üçin, gapyma-gapy aýlandyklaryny gürrüň berdiler.

“Gije köçelerde 4-5 çagadan ybarat ‘Ýa Remezançylaryň’ onlarça toparyny görse bolýar. Olaryň köpüsi 10 ýaşynyň töweregindäki çagalar. Meniň gapymy çalanlarynda, olardan bu adatyň manysy bilen gyzyklandym. Olaryň hiç hili habary hem ýok eken. Çagalaryň köpüsi süýji-köke berseler-de, pul berseler-de bulary öz öýlerine äkidýändiklerini aýtdylar. Nähili gynandyryjy bolsa-da, käbir ene-atalaryň hut şu zatlary ündäp, çagalaryny gijelerine gapyma-gapy aýlanmaga iberýändiklerini bilýärin” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.

Aşgabatly habarçymyz hem paýtagta şular ýaly ýagdaýlary synlasa bolýandygyny, çagalaryň toparlarynyň öz aralarynda haýsy hojalygyň ‘has jomartdygy’ barada habarlaşýandyklaryna hem şaýat bolandygyny belledi.

“Paýtagtda adamlar eli plastik torbaly çagalara esasan süýji-köke berýärler. Emma her çaga bir manat, kähalatlarda bäş manat hem berýän hojalyklar hem bar. Çagalaryň köçelerde öz aralarynda pul berýän hojalyklaryň salgylary bilen paýlaşýandyklaryny hem gördüm. Kähalatlarda çagalar bir baran gapysyna ikinji gezek hem barýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Türkmenleriň arasynda çagalaryň Remezan aýynyň bosagasynda, öýlere aýlanyp, “Ýa Remezan” ýerine ýetirmeginiň gelip çykyşy barada köp maglumat ýok, ýöne käbir çaklamalara görä, öňki döwürlerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolmansoň, haçan-da Oraza aýynda asmanda ýaý şekilli täze doglan aý görünende, çagalar öýlere aýlanyp täze doglan aý barada adamlara habar berer ekeni.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilatyň ykdysady şertleri barha ýaramazlaşýar, döwlet dükanlarynyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary ýitileşýär. Bu hem ilatyň arasynda jenaýat hadysalarynyň artmagyna, zibil dörýän adamlaryň köpelmegine getirýär.

Muňa garamazdan, döwlet media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini öňe sürmekden el çekmeýär.

Türkmenistanyň müftüsi Remezan aýynyň 2-nji aprelde başlanýandygyny yglan etdi. Bu aýyň dowamynda dini kadalary berjaý edýän musulmanlar günüň dogmagyndan tä onuň ýaşmagyna çenli iýmekden, içmekden, çilim çekmekden we jynsy gatnaşyklardan saklanýarlar. Bu aýda agyz beklenýär, doga-dileg edilýär we haýyr-sahawat berilýär.

Türkmenistan dünýäde raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanaýar. ABŞ-nyň Döwlet departamenti eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistany din azatlygy boýunçaaýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG